Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda bu ýurtdaky Ilçileriň arasynda stol tennisi boýunça ýaryş geçirildi.

2016-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllygy we 2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Ilçihanamyz tarapyndan Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileriň arasynda stol tennisi boýunça ýaryş geçirildi. Gyrgyz Respublikasynyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Beşimow bu ýaryşyň ýeňijisi boldy we oňa Ilçihanamyz tarapyndan ýädigärlik sowgat berildi.

Mundan başgada bu sport ýaryşyna gatnaşyjylara türkmen milli tagamlary hem hödür edildi.