Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgärler bellige alyndy

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgärler bellige alyndy

2016-njy ýylyň 26-njy dekabrynda Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi we raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenilen: Ahal welaýatynyň baş ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň başlygy Serdar Begmuhammedowiç Jelilow; “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Oraznepesowiç Nurnepesow; Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Meretdurdy Isgenderowiç Gurbanow; Seýdiniň Nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Durdyýew Ramazan Mustapakulyýewiç; Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew  2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgärlige bellige alyndy.

Dalaşgärlere Merkezi saýlaw toparynda şahsyýetnama gowşuryldy. Bu çärä Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, raýatlaryň teklipçi toparlarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Şeýlelikde, syýasy partiýalar tarapyndan dalaşgärleriň 3-si, raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan bolsa 6-sy hödürlenildi we dalaşgärleriň jemi 9-sy bellige alyndy. Häzirki wagtda dalaşgärleriň öz maksatnamalary barada telewideniýede çykyş etmekleri dowam edýär.