TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTLIGINE DALAŞGÄRLERIŇ MAKSATNAMALARY

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALAŞGÄR, DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ HÄKIMINIŇ OBA HOJALYK BOÝUNÇA ORUNBASARY MERETDURDY ISGENDEROWIÇ GURBANOWYŇ MAKSATNAMASY

Meni Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hödürlän raýatlaryň teklipçi toparyna köp sagbolsun aýdýaryn we olara işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Halkymyz taryh üçin örän gysga döwürde özüniň döredijilik mümkinçiliklerine daýanyp, syýasatda, ykdysadyýetde, ylymda we medeniýetde ägirt uly ähmiýetli üstünlikleri gazandy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geçen 25 ýylynyň içinde Türkmenistan beýleki döwletler bilen netijeli gatnaşyklaryny berkidip, dünýä jemgyýetçiliginiň işjeň agzasyna öwrüldi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň ajaýyp hem nurana geljeginiň hatyrasyna ägirt uly maksatnamalar toplumlaýyn amala aşyrylýar, ykdysadyýeti ösdürmegiň milli nusgasy durmuşa geçirilýär.

Geçen döwrüň içinde ulag we aragatnaşyk, telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylyp, döwletimiziň halkara abraýyny has-da artdyrdy. 2015-nji ýylda milli emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagy ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny ösdürmegiň täze tapgyryny açdy.

Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda giň gerimli özgertmeleriň hukuk binýady Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bilen üpjün edildi.

Esasy Kanunyň hukuk kadalary diňe bir şu günki günüň syýasy, ykdysady we durmuş meselelerini gozgamak bilen çäklenmän, eýsem, ýakyn we uzak geljegi ugur edinýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda halkymyzyň milli däp-dessurlary we durmuş tejribesi, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň häzirki zaman ýörelgeleri öz beýanyny tapdy.

Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanan halatymda, men özüm üçin halkymyzyň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini kepillendirýän esasy maksatlary kesgitledim.

Döwletimiziň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, jemgyýetimizde demokratik esaslary ösdürmäge gönükdirilen işleri giň gerimde alyp barmak üçin ähli tagallalary etjekdigime saýlawçylary ynandyrýaryn.

Kanun çykaryjylyk ulgamyny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň gülläp ösmegini ugur edinýän durmuş-ykdysady maksatnamalary we taslamalary amala aşyrmaga ýardam edýän täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak dowam eder.

Men köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar bilen birleşen döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylygy we netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmekligi dowam ederin.

Bitaraplyk derejesine, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda halkara gatnaşyklarynyň çee we sazlaşykly ulgamynyň döredilmegine esaslanan parahatçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasatyny giňeldip, ylalaşdyryjylyk işlerine işjeň ýardam etmek bilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak babatda zerur işleri durmuşa geçirjekdigimize saýlawçylary ynandyrýaryn.

Eziz Watanymyz bu gün ykdysady taýdan dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň biri bolup durýar. Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny innowasion esasda sazlaşykly ösdürmek, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Bu babatda, ilki bilen:

- dünýäniň öňdebaryjy tejribesini peýdalanmak bilen, oba hojalygyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak;

- ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda iş orunlaryny döretmek ýoly bilen, ilatyň iş üpjünçilik meselesini çözmek;

- ilatyň azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmak, nyrhlary elýeterli derejelerde saklamak maksady bilen, zähmet haklaryny ýokarlandyrmak;

- pensiýa üpjünçiligini dünýä derejesine ýetirmek, döwlet kömek pullarynyň we ýeňillikler ulgamynyň ilatyň zähmete ukypsyz bölegi üçin salgytlary azaltmak, durmuş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak ýaly möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.

- ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşary döwletlere ibermek, daşary ýurtlardan getirilýän çig maly gaýtadan işleýän täze kärhanalary açmak syýasatyny ýöretmek,

-ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ilaty täze iş orunlary bilen üpjün etmek maksady bilen, oba hojalygynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak hem-de ýurdumyzyň ähli raýatlary üçin ýokary durmuş şertlerini üpjün etmek.

- oba ýerlerinde senagat kärhanalarynyň, agrosenagat birleşiginiň önümçiliklerini döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek;

- taýýar azyk önümleriniň ähli basgançaklaryny özünde jemleýän döwrebap agrofirmalary we agrokombinatlary gurup, işe girizmek bilen bagly işlere hem giň gerim bereris.

Pagtaçylyk pudagynyň ösmegine hem uly goldaw bereris. Pagtanyň satyn alnyş nyrhlarynyň artdyrylmagyny gazanarys. Şeýlelikde, daýhanlaryň pagta çig malyny ýetişdirmäge bolan höwesiniň artdyrylmagyna gönükdirilen zerur şertleri dörederis.

Oba hojalygy üçin bilimli hünärmenleriň taýýarlanylyşyna uly ähmiýet bereris.

Tejribeli daýhanlaryň ýaşlara hünär öwretmekleriniň ýörite mekdebini, daýhan birleşiklerinde maglumatlar merkezini dörederis.

Ähli tapgyrlarda hünärmen-tehniki mekdepleriň we oba hojalyk ugry boýunça okuw merkezlerini gurarys.

Topragy we tehnikany içgin bilýän hakyky hünärmenleriň gatlagynyň emele gelmegi üçin zerur şertleri dörederis.

Oba hojalyk ulgamynda işlejek kämil hünärmenleri ýetişdirmek üçin ýokary okuw mekdeplerimiziň ýanyndaky okuw-tejribe hojalyklarynyň işiniň kämilleşdirilmegine aýratyn üns bereris.

Hereket edýän ekerançylyk ylmy-barlag institutynyň ylmy işlerini we mümkinçiliklerini kämilleşdirmek ýaly anyk çäreleriň amala aşyrylmagynyň geljegi uly bolup durýar.

Daşky gurşawy goramak, adamyň saglygyny goramagyň möhüm bölegi bolan azyk önümleriniň hiline berk gözegçilik etmek, ilatyň durmuş medeniýetini ýokarlandyrmak, bedenterbiýäni we sporty adamlaryň durmuşyna köpçülikleýin ornaşdyrmak barada yzygiderli alada ederis. Bu meselede beden taýdan sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlaryň kemala gelmegine aýratyn ähmiýet bererin.

Azyk bolçulygyny döretmäge, daýhan birleşiklerini artdyrmagyň, olary tehniki taýdan enjamlaşdyrmagyň hem-de oba senagat toplumynyň ähli düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga gönükdirilen oba senagat syýasatyny alyp barmak meniň esasy wezipelerimiň biri bolar.

Ylym we bilim ulgamynda giň gerimli özgertmeleri geçirmegi dowam ederis. Bilim ýurduň geljegini, jemgyýetimiziň ruhy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşini kesgitleýän esasy şertleriň biri bolup durýar.

Hut şonuň üçin ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi we gözýetiminiň giňelmegi üçin şertleri döretmek boýunça işleri dowam ederis.

Türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, edim-gylymlaryny, däp-dessurlaryny hemmetaraplaýyn öwrenip, bu hazynany täze nesli terbiýelemekde giňden ulanmagyň usullaryny işläp düzeris.

Ideologiýa işini kämilleşdirmek, medeni-ynsanperwer ulgamyň işini hem dünýä derejesine ýetirmek boýunça işler geçiriler.

Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenary bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça çäreleri kesgitläris.

Türkmenistanyň beýleki gözel künjeklerinde saglygy dikeldiş we dynç alyş maksatly binalaryň ulgamyny döredip, olarda diňe bir ýurdumyzyň raýatlarynyň däl, eýsem ýer ýüzüniň ähli yklymlarynyň ynsanlarynyň dynç almaklary, syýahat etmekleri üçin oňyn şertleri dörederis.

Ýurdumyzyň ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn doly bilim alyp bilmekleri üçin orta we ýokary okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň hünär derejesiniň ýokarlanmak boýunça işler geçiriler.

Ilatyň saglygy baradaky aladany üns merkezimizde saklarys we lukmançylyk edaralarynyň täze-täze binalaryny gurup, olary dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün ederis we saglygy goraýyş işgärleriniň hünär derejesini döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmäge gönükdirilen ulgamlaýyn işleri alyp bararys.

Köpçülikleýin sporty we sport-sagaldyş hereketini ösdürmek boýunça çäreler milletiň geljegi baradaky alada bilen baglydyr. Bu meselede ýurdumyzyň dürli künjeklerinde sport mekdepleriniň, sport merkezleriniň, türgenleşik zallarynyň ulgamyny döretmäge uly ähmiýet bereris.

Döwletimiz geljekde hem oba zähmetkeşlerini hemmetaraplaýyn goldar.

Oba hojalygynyň hajatlary üçin dünýäniň öňdebaryjy tehnikalaryny satyn almagy dowam ederis, her bir etrabyň obalaryny we şäherçelerini ösdürmek we abadanlaşdyrmak üçin maliýe serişdelerini gönükdireris.

Welaýatlarda, şäherlerde, etrap merkezlerinde, obalarda we şäherçelerde ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurulmagyna, ulag düzüminiň, saglygy goraýyş, medeniýet we bilim ulgamlarynyň ösmegine aýratyn üns bereris. Munuň üçin goşmaça şertleri dörederis.

Türkmenistanyň daşary syýasaty ýurtlaryň we halklaryň durnukly we ygtybarly ösmegini, giň we netijeli, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ugur edinýär. Ol birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýar.

Biz geljekde hem ýakyn goňşularymyz we dünýäniň beýleki döwletleri bilen özara bähbitli şertlerde hyzmatdaşlyk ederis.

Türkmenistan döwletimiziň öz ösüşiniň täze tapgyryny başdan geçirýän döwründe eziz Diýarymyzyň we merdana halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň we erkana durmuşynyň hatyrasyna, ýurdumyzy syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady we medeni taýdan ösdürmek, ata Watanymyzyň halkara abraýyny we mertebesini beýgeltmek ugrunda ýadawsyz zähmet çekmek ýurdumyzyň her bir raýatynyň mukaddes borjy hasaplanylýar.

Ata Watanymyzda asly halallyga ýugrulan, zähmetsöýer we agzybir halkymyz bilen bilelikde, döwletimiziň mundan beýläk hem has-da gülläp ösmegi ugrunda özümiň ähli başarnygymy, tagallalarymy gaýgyrman, yhlasly zähmet çekjekdigime ynandyrýaryn.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilen 2017-nji ýylda size berk jan saglyk, işde üstünlik, şeýle hem abadançylyk arzuw edýärin!

 

Gurbanow Meretdurdy Isgenderowiçiň terjimehaly

 

Gurbanow Meretdurdy Isgenderowiç 1976-njy ýylyň 11-nji awgustynda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde doguldy.

1983-1993-nji ýyllarda Köneürgenç şäheriniň 1-nji orta mekdebinde okady. 1994-1998-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde okap, şol uniwersiteti alym agronom hünäri boýunça tamamlady.

1999-2000-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Köneürgenç pagta arassalaýjy kärhanasynyň “Akgala” daýhan birleşigine berkidilen agronomy bolup işledi.

2000-2004-nji ýyllar aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Köneürgenç pagta arassalaýjy kärhanasynyň baş agronomy, pagta çigidi boýunça haryt hünärmeni, 20-nji pagta kabul ediş harmanhanasynyň pagta sortlaýjysy wezipelerinde işledi.

2004-2009-njy ýyllarda Köneürgenç etrap häkiminiň kömekçisi bolup işledi. 2009-2012-njy ýyllarda Daşoguz welaýat häkimliginiň Oba hojalyk toplumy bölüminiň baş hünärmeni, häkimiň kömekçisi, welaýat häkimliginiň iş dolandyryjysy, 2012-2015-nji ýyllarda Gubadag etrabynyň häkimi wezipelerinde işledi.

2015-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Daşoguz welaýatynyň häkiminiň oba hojalyk boýunça orunbasary wezipesinde işleýär.

Maşgalaly, dört çagasy bar.

______________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALAŞGÄR – SEÝDINIŇ NEBITI GAÝTADAN IŞLEÝÄN ZAWODYNYŇ DIREKTORY, TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ DEPUTATY RAMAZAN MUSTAPAKULYÝEWIÇ DURDYÝEWIŇ MAKSATNAMASY

Meni jogapkärli döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlän raýatlaryň teklipçi toparyna çuňňur hoşallygymy bildirýärin we olara işlerinde uly üstünliklerarzuw edýärin.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň her bir güni şanly we taryhy wakalara beslenýär, ruhy gymmatlyklarymyz täze many-mazmuna eýe bolýar. Bu ajaýyp zamanada ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ösüşler gazanylýar, türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlary, baý milli tejribeleri gaýtadan dikeldilýär.

Döwletimiziň rowaçlanmagy üçin jemgyýetimiziň has-da jebisleşmegi, milletiň agzybirligini, halkyň döredijilikli zähmetini höweslendirmek zerurdyr. Agzybirlik, asudalyk we jebislik biziň üstünliklerimiziň gözbaşydyr.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan durmuş-ykdysady taýdan batlydepginler bilen ösdi. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depgininiň ýokary bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Döwletimiziň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, onuň demokratik esaslaryny has-da giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek bilen birlikde, ýurdumyzy ösdürmek babatda uzak möhletleýin, toplumlaýyn maksatlary we özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Türkmenistan öz daşary syýasatyny ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgeleri esasynda alyp barýar.Döwletimiz parahatçylygy öňe sürýän ýurt hökmünde özüni halkara derejesinde tanatdy. Munuň özi saýlanylyp alnan ýoluň dogrudygyny görkezýär.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, innowasiýa tehnologiýalarynyň, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlarynyň iş tejribesine ornaşdyrmagyna aýratyn üns berler.

Gara we demir ýollaryň, gaz we elektrik geçirijileriň gurluşygy dowam etdiriler.Olar döwletimiziň ykdysady ösüşine oňyn täsirini ýetirer. Mundan başga-da, gyzyklanma bildirýän taraplar bilen türkmen gazyny, elektrik energiýasyny daşarky bazarlara eksport etmegi diwersifikasiýalaşdyrmagyň mümkinçilikleri öwreniler.

Türkmenistan amatly geosyýasy ýagdaýda ýerleşýän,baý uglewodorod gorlaryna eýe bolan ýurtdyr. Şuny nazarda tutup, biz geljekde hemägirt uly ykdysady we tebigy mümkinçilikleri türkmen halkynyň häzirki we geljekki nesilleriniň bähbitlerineüstünlikli durmuşa geçirmekde iri möçberli işleri amala aşyrarys.

Energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň geljegi uly amatly ýollaryny we usullaryny kesgitläris.

Ýurdumyzyňörän baý tebigy ýataklarynyň onlarçasyny özleşdirmegi dowam etdireris.

Hereket edýän we täze gaz geçirijileriniň ulanylyşyny has-da kämilleşdirmegi maksat edinýäris.

“Türkmenistanyň Nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwürde ösdürmegiň milli Maksatnamasynda” nebitiň we gazyň çykarylyşyny we gaýtadan işlenilişini birnäçe esse artdyrmak göz öňünde tutulýar. Geljekde biz bu ulgamyň işini has-da kämilleşdirmegi göz öňünde tutýarys.

Gury ýerde, uglewodorod çig malynyň ýataklaryny gözlemek hem-de olary çykarmak, şeýle hem Hazar deňziniň türkmen böleginiň ýangyç serişdeleriniň ýataklaryny özleşdirmegi dowam etdireris.

Turba geçirijiler, desgalar we kommunikasiýalar ulgamynda nebitgaz toplumynyň kämil düzümini dörederis. Nebiti gaýtadan işlemek we nebitgaz hem-de himiýa pudaklaryny ösdürmek bu ulgamyň ileri tutulýan ugrudyr. Bu maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň içerki syýasatynyň esasy ugry bolar.

Ýurdumyzda dürli maksatly binalary gurmak boýunça uly möçberli işler ata Watanymyzyň rowaçlygynyň, ilatyň bagtly we eşretli ýaşaýşynyň üpjün edilmeginiň hatyrasyna berjaý edilýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, ýurdumyzyň dürli ýerlerinde gurulýan ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň, obadyr-şäherleriň gurluşygyny batly depginler bilen dowam etmek esasy wezipe bolar.

Bilim hem-de saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynyň ösdürilmegine aýratyn üns bereris. Täze mekdepleri we çagalar baglaryny, ýokary we ýörite okuw mekdepleriniň binalaryny, täze hassahanalary we bejeriş-dynç alyş öýlerini we merkezlerini, medeni-durmuş maksatly desgalary gurmak we olary häzirkizaman enjamlary bilen üpjün etmek çaltlandyrylan depginlerde dowam etdiriler.

Oba ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek üçin suw arassalaýjy desgalary, suw geçirijileri gurmak işleri alnyp barlar.

Ýaşaýyş jaýyny satyn almak we hususy jaý gurmak isleýänlere ipoteka karzlaryny bermegiň tertibi saklanyp galar, gurluşyk guramalaryna ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üçin karzlaryň möçberlerini her ýyl artdyrarys. Şäherlerde, şäherçelerde we obalarda durmuş-ýaşaýyş maksatly desgalaryň gurluşygy barada kabul edilen maksatnamalaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi dowam etdiriler.

Ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde daýhanlara oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin öndürijilikli işlemäge, yhlasly zähmeti bilen öz maddy ýagdaýyny ýokarlandyrmaga ähli şertler dörediler, obasenagat toplumynyň maddy-tehniki binýady has-da pugtalandyrylar.

Oba hojalyk pudagynda pagta we bugdaý hasylyny ýetişdirmekden başga-da, ýyladyşhanalaryň, guşçulyk we maldarçylyk toplumlarynyň gurluşygyny dowam etdireris. Gök we bakja ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna uly üns bereris.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmegine aýratyn üns bermek bilen birlikde daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberleriniň artdyrylmagyna uly ähmiýet bereris.

Obasenagat toplumyna maýa goýumlaryň möçberi artdyrylar, olar täze ýerleri özleşdirmäge, suw howdanlarynyň kuwwatlylygyny artdyrmaga, zerur oba hojalyk tehnikasyny, ösümlikleri goraýan himiki serişdeleri satyn almaga gönükdiriler. Tohumçylyk, seleksiýa işi we ösen tehnologiýany önümçilige ornaşdyrmak hem pudagy ösdürmegiň möhüm wezipeleri bolup durýar.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşi hususy telekeçiligiň ösdürilmegine uly itergi berdi. Biziň işewürlerimiz daşary ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň iş ýörediş usulyny öwrenmek bilen, özleriniň iş tejribelerini barha kämilleşdirýärler. Halkymyzyň "Ökdeden öwrenmek aýyp däl" diýen pähimi bar. Häzir olar köp sanly senagat, ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny alyp barýarlar. Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak, olara ýeňillikli karzlaryň berilmegi dowam etdiriler.

Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we sportuň ösdürilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu syýasat milletiň saglygynyň berkidilmegine, düýpli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň geljegi bolan, beden taýdan berk we ruhy taýdan baý ýaş nesliň terbiýelenilmegine gönükdirilendir.

Şu işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine häzirki wagtda ähli welaýatlarda stadionlaryň, sport toplumlarynyň gurulmagy, olaryň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy hem aýdyň subutnamadyr. Paýtagtymyzda Merkezi Aziýada iň iri sport toplumy - Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. 2017-nji ýylda AşgabatdaÝapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Bu iri sport çäresiniň ýokaryderejede geçirilmeginiň ýurdumyzyň dünýädäki abraýyny belende göterjekdigine ynanýarys.

Sport we olimpiýa hereketini höweslendirmek we ösdürmek, oňa ýaşlary işjeň çekmek, türkmenistanlylarda çagalyk ýyllaryndan başlap bedenterbiýe bilen meşgullanmaga höweslendirmek, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, zähmetsöýerligiň we döredijiligiň esasynda duran gymmatlyklary berkarar etmek biziň esasy wezipämize öwrüler.

Ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden özleşdirmek, syýahatçylyk pudagyny ösdürmek, syýahatçylara döwrebap we amatly dynç alyş şertlerini döretmek, ulgamy ykdysady taýdan berkitmek döwletimizde alnyp barylýan işleriň möhüm ugry bolar.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş merkezleriniň we ýokary derejeli myhmanhanalaryň gurluşygyny dowam etdireres. Ýurdumyza dünýäniň çar künjeginden gelýän syýahatçylaryň sanynyň has-da artdyrylmagy üçin Watanymyzyň dikeldiş-sagaldyş mümkinçiliklerini wagyz etmek biziň baş wezipämiz bolar.

Türkmenistanda her bir raýatyň ýaşamaga, zähmet çekmäge, dynç almaga, saglygyny goramaga, bilim almaga, maşgala gurmaga, abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny edinmäge, ylmy-döredijilik bilen meşgullanmaga Türkmenistanyň Konstitusiýasy tarapyndan kepillendirilen hukuklaryny goramagy dowam etdireris. Bu wezipeler ilatymyzyň girdejilerini yzygiderli artdyrmakdan, zähmet haklaryny, pensiýalary, talyp haklaryny, döwlet kömek pullarynyň möçberini artdyrmakdan, durmuş ýeňilliklerini saklap galmakdan, maşgalany maddy taýdan goldamakdan ybaratdyr.

Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň göni görnüşinde hususylaşdyrylmagyny-muzdsuz berilmegini, raýatlaryň ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagyna ýardam bermegi dowam etdireris.

Halkymyzyň abadan durmuşy, döwletimiziň kuwwatynyň berkemegi, mähriban Watanymyzyň abraýynyň dünýäde mundan beýläk hem artmagy ugrunda yhlasly we tutanýerli zähmet çekeris.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşýan saýlawçylaryň Watanymyzyň mundan beýläk hem rowaçlanmagy ugrunda alnyp barylýan işleri mynasyp dowam etdirip biljek dalaşgäre öz seslerini berjekdiklerine berk ynanýaryn.

Hormatly Prezidentimizi, beýleki dalaşgärleri we türkmen halkyny ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

 

 

Durdyýew Ramazan Mustapakulyýewiçiň terjimehaly

 

1963-nji ýylyň 18-nji fewralynda Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynda doguldy.

1985-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny inžener himik-tehnolog hünäri boýunça tamamlady.

1985-nji ýylda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň enjamlar bilen abzallaşdyrmak bölüminiň inženeri wezipesinde zähmet ýoluna başlady.

1989-1998-nji ýyllar aralygynda bu zawodyň haryt çig-mal sehiniň haryt çig-mal uçastogynyň başlygy, haryt çig-mal sehiniň başlygy, maddy-tehniki üpjünçilik bölüminiň başlygy, direktoryň täjirçilik işleri boýunça orunbasary, şeýle hem ulaglar bölüminiň başlygy wezipelerinde işledi.

1998-2000-nji ýyllarda “Türkmendökünhimiýa” döwlet konserniniň Lebap welaýatyndaky Galkynyş etrap bazasynyň direktory wezipesinde işledi.

2001-2014-nji ýyllarda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň maddy-tehniki üpjünçilik bölüminiň başlygynyň orunbasary, maddy-tehniki üpjünçilik we enjamlary taýýarlamak bölüminiň başlygy, ulaglar we umumy meseleler boýunça direktoryň orunbasary boldy.

2014-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory.

Maşgalaly, üç çagasy bar.

______________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALAŞGÄR, TÜRKMENISTANYŇ «RYSGAL» PJ BANKYNYŇ MÜDIRIÝETINIŇ BAŞLYGY, TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ DEPUTATY BEKMYRAT SÄHETMYRADOWIÇ ATALYÝEWIŇ MAKSATNAMASY

Meni ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işjeň agzalaryna köp sagbolsun aýdýaryn hem-de olara işlerinde üstünlikler arzuw edýärin.

Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda ägirt uly, il-ýurt bähbitli taryhy wakalar bolup geçýär. Ýakyn wagtda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary hem ýurdumyzyň geljegi bilen bagly möhüm ähmiýetli wakalaryň biridir. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda geçiriljek Prezident saýlawlary türkmen jemgyýetimizde demokratiýanyň dabaralanýandygyna we halkymyzyň hukuk medeniýetiniň kämilleşýändigine doly şaýatlyk edýär.

2016-njy ýylyň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýip atlandyrylmagynyň çuň many-mazmuny bar. Türkmen halky milli bähbitlerini we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamakda, her raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmekde, jemgyýetimiziň asudalygyny hem-de halkymyzyň agzybirligini üpjün etmekde, halk häkimiýetiniň we hukuk döwletiniň esaslaryny berkitmekde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkymyzyň ýokary ruhubelentlige hem-de täze ösüşlere eýe bolmagyna itergi berýän milli däp-dessurlarymyza esaslanýar we baş ýörelge edinýär.

Ata-babalarymyz her bir adamyň şahsy mertebesine, hukugyna sarpa goýup, demokratiýanyň özboluşly mekdebini kemala getirip, jemgyýete daýanyp iş tutupdyr. Esasy Kanunyň 4-nji maddasynda “Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr” diýlip bellenilýär. Döwletiň, jemgyýetiň we her bir şahsyýetiň bähbitleriniň birleşmegi, kanun esaslarynyň üpjün edilmegi gözel ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegine, halkymyzyň bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna mümkinçilik döredýär.

Men Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylan halatymda, ýurdumyzda asudalygyň hem-de raýatlaryň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagynyň üpjün edilmegine gönükdirilen şu düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagyny öz öňümde maksat edip goýdum:

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de telekeçiligi goldamak we ösdürmek meniň maksatnamamda ileri tutulýan ugur hökmünde orun alýar. Çünki Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ösmeginde we kuwwatlanmagynda, dünýä bazaryna bäsdeşlige ukyply, ekologiýa taýdan arassa harytlaryň çykarylmagynda türkmen telekeçileriniň uly goşandy bar. Telekeçiligi ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda kiçi we orta işewürligiň wekillerine döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Telekeçilik işiniň mäkäm hukuk binýady döredildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna täze, VII bölüm - “Ykdysadyýet we maliýe-karz ulgamy” diýen bölüm girizildi. Esasy Kanunymyzyň 134-nji maddasynda “Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär” diýlip bellenilýär.

Maliýeleşdirmekde, ýeňillikli karz almaga, öňdebaryjy tehnologiýalary we enjamlary satyn almaga şert döretmekde, täze önümçilik hem-de medeni-durmuş desgalaryny gurmakda, salgytlaryň möçberini azaltmakda, algy-bergi işini kämilleşdirmekde döwlet derejesinde goldaw berilmegi hususyýetçileriň işiniň ösmegine ýardam edýär. Ýurdumyzda ýeke-täk býujet-maliýe, salgyt, pul we karz syýasaty alnyp barylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky bolsa, bu işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin, şeýle hem işewürligiň ösmegine yzygiderli ýardam berer.

Türkmen telekeçileri şäherleriň we obalaryň binagärlik keşbini özgertmek işine uly goşant goşarlar. Ekologiýa taýdan howpsuz, döwrebap tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrarlar. Işewürler mebel, haly, gurluşyk, öý-hojalyk harytlaryny we azyk önümlerini öndürerler we halkymyza dürli görnüşdäki hyzmatlary ýokary derejede ýerine ýetirerler.

Telekeçileriň öndürýän ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri ýeke bir içerki bazara däl, eýsem, daşary ýurtlara çykarylar we Türkmenistanda öndürilýän harytlara bolan islegi artdyrar. Halal zähmet çekmek hem-de baýamak üçin zerur şertleriň döredilmegi, ilatyň durmuş şertleriniň barha gowulandyrylmagy, adamlaryň zähmete bolan höwesini, ertirki güne bolan ynamyny artdyrar. Işewürler tarapyndan ýurdumyzda kiçi kärhanalaryň ýüzlerçesi dörediler we olarda ýaşlar üçin täze iş orunlary açylar. Geljekde döwletimizde telekeçilik bilen meşgullanýanlaryň, hususy kärhanalaryň sany barha artar.

Türkmenistan dünýäniň hukuk tejribesinde hemişelik bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ýeke-täk döwletdir, munuň özi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky iki sany kararnamasynda öz beýanyny tapdy. Parahatçylyk söýüjilik, hyzmatdaşlyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri Türkmenistanyň halkara syýasatynyň esasyny düzýär. Biziň ýurdumyz islendik oňyn pikirler we teklipler üçin açykdyr, beýleki döwletler, halkara guramalar bilen gepleşiklere hemişe taýýardyr.

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz ata-babalarymyzyň agzybirlik, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk gatnaşyklarynda ýaşamagy ündeýän wesýetlerine ygrarly bolup, hemişelik bitaraplyk syýasatyny maksadalaýyk amala aşyryp, dünýäniň ösen döwletleri bilen halkara gatnaşyklaryny has-da ösdürer.

Ata Watanymyz Türkmenistan özygtyýarly ösüşiniň ilkinji günlerinden halkara gatnaşyklarynda hemişelik we oňyn Bitaraplyk syýasatyny ýöredip başlady. Türkmenistanyň daşary we içeri syýasaty, Bitaraplyk syýasaty türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik maksatlaryna hem-de özboluşly milli däp-dessurlaryna esaslanýar. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan özüniň Bitaraplyk syýasatynyň esas goýujy, hususan-da, parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk, olaryň özygtyýarlylygyny we çäk bitewüligini hormatlamak, deňhukukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary alyp barmak, halkara harby guramalara we ylalaşyklara gatnaşmazlyk, halkara meselelerini çözmekde syýasy hem-de diplomatiki serişdeleri ulanmak arkaly çözmek ýaly ýörelgelerine ygrarly bolmagynda galar.

Döwletimiziň Bitaraplyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ýurdumyz abraýly halkara guramalary, daşary döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üstünlikli alyp barar. Hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklary has-da giňeltmek, däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak, milli bähbitlere laýyk gelýän köp ýyllyk hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak, parahatçylyk söýüji ýurt hökmünde mähriban Watanymyzyň halkara giňişliginde at-abraýynyň mundan beýläk-de artmagy üçin zerur çäreleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Türkmenistan geljekde-de parahatçylygy, asudalygy söýýän we olary gorap saklamak babatynda täze maksatnamalary amala aşyrýan garaşsyz döwlet hökmünde dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe bolar. Biziň ýurdumyz adamzadyň öňe sürýän ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk syýasatyny dabaralandyryp, “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” laýyklykda dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary syýasy-diplomatik, ykdysady, halkara-hukuk, medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça alyp barar.

Biziň ýerasty we ýerüsti baýlyklarymyzyň işlenip taýýarlanylmagy we ýerlenilmegi diňe bir ata Watanymyzyň däl, eýsem, dünýäniň köp ýurtlarynyň ykdysady ösüşine oňaýly täsirini ýetirer. Türkmenistanyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän yklym ähmiýetli taslamalaryň biri-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisidir. Biz TOPH taslamasy ýaly sebitde möhüm ykdysady, ulag-aragatnaşyk, durmuş we ynsanperwer wezipeleri çözmäge ýardam berýän ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmek boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etdireris.

Türkmenistanyň Aziýa sebitinde halkara ulag düzümini döretmek baradaky başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 65-nji, 66-njy hem-de 70-nji mejlislerinde öňe sürüldi. 2016-njy ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatynyň geçirilmegi ulag-aragatnaşyk düzümini ösdürmekde biziň tekliplerimiziň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Türkmenistan döwletimiziň ösmeginde uly ähmiýete eýe bolan şeýle giň gerimli özgertmeleri mundan beýläk-de dowam etdireris we ösdüreris. Ýurdumyzyň ykdysady ulgamyna we önümçilige täze innowasiýalary hem-de tehnologiýalary ornaşdyrmakda aýgytly çözgütler kabul ediler.

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine oňaýly täsirini ýetirjek taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň sebitleriniň öndüriji güýçlerini ýokary derejede netijeli ulanmak, olaryň amatly geografiki ýerleşişinden doly peýdalanmak, senagatynyň pudaklaýyn ösüşini diwersifikasiýalaşdyrmak, iş orunlaryny döretmek boýunça toplumlaýyn işleri durmuşa geçireris.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler Türkmenistany ösüşiň täze belentliklerine çykarýar. Munuň öz düýbünden täze önümçilik we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň kemala gelmegine ýardam edýär. Hut şonuň üçin hem häzirki döwür bizden şeýle şertlerde işläp, döredip, gurup, dolandyryp bilýän zehinli hünärmenleriň täze nesliniň ýetişdirilmegini talap edýär. Türkmenistanyň täze taryhyny başdan geçirýän döwründe eziz Diýarymyzyň we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine ýurdumyzy syýasy, ykdysady hem-de medeni taýdan ösdürmekde, Watanymyzyň abraýyny, şöhratyny we mertebesini artdyrmakda Türkmenistanyň her bir raýatynyň ägirt uly döredijilikli zähmeti zerurdyr. Çünki ýurduň gülläp ösüşiniň, her bir raýatyň bagtyýar durmuşynyň açary päk zähmetdedir. Biziň baş maksadymyz her bir zähmetkeşiň bagtyýar, gurply ýaşamagy bolup durýar.

Ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet maksatnamalarymyzda şäherler bilen bir hatarda, sebitleri ösdürmäge aýratyn orun berler. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň senagat taýdan ösüşini düýpli ýokarlandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça degişli işleri amala aşyrmak wezipesi möhüm bolup durýar.

Türkmenistan döwletimizi gülşen Diýara öwürmek boýunça ägirt uly taslamalaryň amala aşyrylmagyny çaltlandyrarys. Netijede, obalarymyz, şäherçelerimiz we etrap merkezlerimiz gözel mekana öwrüler. Täze-täze etraplar açylar, döwrebap kärhanalar, iri zawod-fabrikler gurlar, türkmen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi öňküden has-da ýokarlanar, adamlaryň iş bilen üpjünçiligi düýpli çözüler. Bu bolsa ýurdumyzda her bir adamyň bagtly ýaşamagyny üpjün eder.

Munuň özi Türkmenistan döwletimiziň dünýäde kuwwatly döwletleriň biri hökmünde ykrar edilmegine getirer. Geljekde-de milli demokratiýanyň esaslaryna, jemgyýetimiziň jebisligine, medeni hem-de ruhy gymmatlyklarymyza daýanmak bilen, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklary esasynda ösdürmäge, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny has-da berkitmäge, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň agzybirligini saklamaga gönükdirilen işleri durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigime men saýlawçylary ynandyrýaryn.

Men Watana dereje berjek, onuň dünýä içre şan-şöhratyny artdyrjak, türkmen topragyny bagt mekanyna öwürjek düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde halkymyz bilen bilelikde egin-egne berip zähmet çekerin.

Türkmenistanyň hormatly Prezidentini, beýleki dalaşgärleri we türkmen halkyny Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň her bir raýatyna asudalyk, uzak ömür, jan saglyk, maşgala abadançylygyny arzuw edýärin!

Bekmyrat Sähetmyradowiç Atalyýewiň terjimehaly

1976-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde doguldy.

1997-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini ykdysatçy hünäri boýunça tamamlady.

1997-nji ýylda Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň Karz beriş müdirliginiň ykdysatçysy bolup zähmet ýoluna başlady we 2003-nji ýyla çenli şol bankyň Berkararlyk etrabyndaky şahamçasynyň karz beriş bölüminiň müdiri, Karz beriş müdirliginiň uly ykdysatçysy, Müdiriýetiň başlygynyň kömekçisi, Halkara hasaplaşyk we walýuta amallary müdirliginiň başlygy, Pul dolanyşygy, zähmet haklaryna we kassa amallaryna gözegçilik müdirliginiň başlygy, Berkararlyk etrabyndaky şahamçasynyň dolandyryjysy wezipelerinde zähmet çekdi.

2003-2011-nji ýyllarda Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň “Diýar” şahamçasynyň dolandyryjysy wezipesinde işledi.

2011-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy.

Maşgalaly, dört çagasy bar.