TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BMG-NIŇ HOWANDARLYGYNDA DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI SYÝASY FORUMYNYŇ MINISTRLER ÝYGNAGYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY

2018-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ykdysady we Sosial Geňeşiniň howandarlygynda «Durnukly we durmuşa çydamly jemgyýete tarap özgerişler» atly durnukly ösüş boýunça Ýokary derejeli syýasy forumynyň ministrler ýygnagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Forumy açyp, ECOSOC-ň Başlygy Mariýa Çitardowa dünýäniň ýetmiş bir göterimi arassa agyz suwuny ulanmaga mümkinçiliginiň bardygy barada aýtdy. Ýöne esaslaýyn sanitariýanyň derejesi peselýär, we şu gün 2000-nji ýyldaky on iki göterim bilen deňeşdirende ilatyň 20 göteriminiň zerur sanitariýasyndan peýdalanmaga mümkinçiligi ýok. Ol “elektroenergiýasynyň elýeterligi on göterim ösdi we şu gün dünýäde 87 göterimi emele getirýär, ýöne şol bir wagtda bir milliard adama elektrik energiýasy elýeterli däl” – diýip belledi.

Ministrller ýygnagynyň açylyşynda çykyş edip, BMG-niň BA-nyň 72-nji sessiýasyýasynyň başlygy Miroslaw Laýçak juda garypçylyga garşy amala aşyrylan çäreler köp kişä peýda getirmedi. Dünýäniň käbir böleklerinde, esasan hem Afrikada Saharadan günorta tarapda, ähli adamlar biziň köpümiziň göz öňümize getirmeýän şertlerinde ýaşaýarlar.

BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary Amina Mohammed 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegi üçin agza-ýurtlara seslenmegiň usullaryny we täze enjamlaryny teklip etmek başarnygyny maksat edinýän, agza-ýurtlar bir aý mundan ozal BMG-niň ösüş ulgamynyň irnik reformasyny makulladylar.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça BMG-niň edarasynyň ýolbaşçysy W.Woronkow bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda W.Woronkow ýakynda Türkmenistana bolan saparynyň oňyn netijelerini we Merkezi Aziýa üçin kontrterrorçylyk strategiýasynyň kabul edilmeginiň ähmiýetini belledi. Ol Türkmenistanyň Hökümetine Merkezi Aziýa üçin Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň Üçünji tapgyrynyň işlenilmegini alyp barýan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkezini goldaýandygy üçin minnetdarlygyny bildirdi.

S.Berdimuhamedow Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň esasy tapgyry hökmünde tagallalary utgaşdyrmagyň wajyplygyny aýdyp, üçünji tapgyryň türkmen tarapyndan goldanylýandygyny makullady we terrorçylyga garşy göreşmek meselesinde hem-de sebitde zorlukly ekstremizmiň öňüni almagyň anyk hereketlerine geçmegiň we tagallalary işjeňleşdirmegiň zerurlygyny belledi.

Wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary we Türkmenistanyň Statistika boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary G.Annaniýazow UNICEF-ň direktorynyň bilim meseleleri boýunça orunbasary hanym J.Born bilen duşuşdylar.

Türkmen wekilleri Türkmenistanda bilim ulgamynyň ösüşi barada aýdyp, sanly bilimiň ornaşdyrylmagy, daşary ýurt dillerini öwrenmek, maýyplygy bolan çagalary üçin bilimiň elýeterligini giňeltmek boýunça täze tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy barada maglumat berdi. Taraplar 2016-njy ýylda geçirilen Bäşinji köpderejeli klaster sorag etme we nobatdaky sorag alma taýynlyk babatda pikir alyşdylar.