«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynyň koreý dilindäki neşiri çap edildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitaby diňe biziň ýurdumyzda däl-de, daşary ýurtlarda hem uly meşhurlyga eýe bolup, dünýäniň köp dillerinde terjime edildi. Bu gün bolsa gadymy kerwen ýolunyň jebisleşdiriji ornuny açyp görkezýän döwlet Baştutanymyzyň eseriniň koreý dilinde neşir edilendigi baradaky hoş habar gelip gowuşdy. 

“Häzirki zaman dünýäsinde Beýik Ýüpek ýoly nämäni aňladýar?”. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu sowala jogap bermek bilen, gadymy kerwen ýolunyň häzirki döwürde, ozaly bilen, goşulyşmak işlerindäki ornuna ünsi çekýär, bu bolsa eseriň ähmiýetini has-da artdyrýar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen bu ýoly gaýtadan dikeltmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli taslamalar halklary we ýurtlary birleşdirýän yklymara ulag-logistika düzüminiň kemala getirilmegine gönükdirilendir. 

Koreý dilindäki neşir dünýä bileleşiginiň halkara durmuşyna işjeň gatnaşyjy türkmen döwletiniň başlangyçlaryna barha artýan gyzyklanmasynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar, milli Liderimiz oňyn parahatçylyk döredijilik başlangyçlary giň hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin köptaraplaýyn mümkinçilikleri açýar. 

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” eserinde bu gadymy kerwen ýoluna täsin taryhy-medeni hadysa hökmünde garalýar. Awtor bu gadymy ýoluň biziň häzirki zaman Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň mysalynda nähili çuňňur yz galdyrandygy barada söhbet edýär, ýurdumyzda asyrlaryň gymmatly mirasy aýawly saklanylýar we hormat goýulýar. Milli Liderimiziň durmuş ahwallary bilen baýlaşdyrylan kitabynda ösen jemgyýetiň binýadyny – onuň ynsanperwerlik özenini duýýan miras barada tolgundyryjy gürrüň berilýär. Kitabyň koreý diline terjime edilmegi netijesinde dostlukly ýurduň okyjylar köpçüligine türkmen halkynyň gadymy taryhy we baý medeniýeti, onuň ruhy gymmatlygy barada düşünje almaga ajaýyp mümkinçilik döredildi. 

Täze kitabyň çapdan çykmagy ýyl-ýyldan pugtalanýan türkmen-koreý gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka, döwlet Baştutanymyza çuňňur hormatyň nyşany, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpugurly döwlet, syýasy, ylmy we medeni işlerinde bitiren uly hyzmatlarynyň ykrarnamasyny alamatlandyrdy. 

Soňky ýyllarda iki halkyň dostlugynyň we özara düşünişmeginiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän ynsanperwer gatnaşyklar işjeň ösdürilýär, biziň ýurtlarymyzyň ylym we bilim, medeniýet we syýahatçylyk ugurlarynda gatnaşyklary giňelýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan sentýabr aýynda guralan “Koreýa hepdeligi” munuň täze mysallarynyň biridir. Şol çäräniň çäklerinde Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetine bagyşlanan maslahat, koreý aşpezliginiň, şeýle hem kinosynyň festiwallary guraldy, koreý milli tanslary ýerine ýetirildi. 

Alymlar, Koreýa Respublikasyndan döredijilik işgärleri Türkmenistanda geçirilýän halkara maslahatlaryna işjeň gatnaşýarlar. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň gündogar dilleri we edebiýaty fakultetinde koreý diliniň okadylmagy bilim ulgamynda alnyp barylýan üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. 

Täze neşir iki halkyň arasynda ylmy we medeni gatnaşyklaryň, özara düşünişmeginiň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam eder, bu halklaryň taryhy öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar.