img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
KOREÝA RESPUBLIKASY - SEUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Ýubileý medalyň gowşurylyş dabarasy

photo

2019-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda Koreýa – Merkezi Aziýa Dostluk Assosiasiýasynyň prezidenti hanym Li Ok Rýona “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan” ýubileý medalyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Dabara, resmi wekiller hem-de Koreýa Respublikasynyň çäklerinde bilim alýan Türkmenistanyň raýatlary gatnaşdylar.

Dabaraň çäklerinde türkmen-koreý gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin hanym Li Ok Rýonyň alyp barýan işleri barada bellenilip geçildi.

Hanym Li Ok Rýon Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur minnetdarlygyny bildirip, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy we ony pugtalandyrmakda alnyp barylýan işlerinde rowaçlyklary arzuw etdi.