TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTLIGINE DALAŞGÄRLERIŇ MAKSATNAMALARY

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTLIGINE DALAŞGÄR, TÜRKMENISTANYŇ AGRAR PARTIÝASYNYŇ MARY WELAÝAT KOMITETINIŇ BAŞLYGY DURDYGYLYÇ ORAZOWYŇ MAKSATNAMASY

Meni ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hödürlän Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň agzalaryna sagbolsun aýdýaryn we olara işlerinde hemişe uly üstünlikler gazanmaklaryny tüýs ýürekden arzuw edýärin.

Türkmen halkynyň ýadawsyz döredijilikli zähmeti netijesinde, gysga döwürde eziz Watanymyz ykdysadyýetde, saglygy goraýyşda, durmuş we beýleki ugurlarda ägirt uly üstünlikler gazandy, onuň halkara abraýy has-da ýokarlandy.

Uly dabaralar bilen bellenilip geçilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy ýurdumyzda durmuşa geçirilen beýik özgertmeleriň aýdyň beýany boldy. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň her bir raýaty “Döwlet adam üçindir!” diýen ajaýyp ýörelgäniň iş ýüzünde amala aşyrylýandygyny gördi. Häzirki döwürde amala aşyrylýan köp ugurly maksatnamalar, durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler her bir ynsanyň we tutuş jemgyýetiň bähbidini göz öňünde tutýar.

Halkymyzyň gadymdan dowam edip gelýän özboluşly demokratik ýörelgeleri esasynda geçmişde-de pederlerimiz her bir adamyň şahsy mertebesine, hukugyna sarpa goýup, milli demokratiýanyň mekdebini kemala getirip, jemgyýete, halka daýanyp iş tutupdyrlar.

Milli kanunçylygyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, adam hukuklary babatdaky halkara kadalarynyň işjeň ornaşdyrylmagy döwletimizde türkmen jemgyýetiniň hukuk binýatlaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ýurdumyzyň her bir raýatynyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge ýardam edýär.

Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanylan halatymda, men şu işleriň mundan beýläk-de ýokary derejede amala aşyrylmagyny maksat edinýärin:

Döwletiň, jemgyýetiň we her bir şahsyýetiň bähbitleriniň has ysnyşykly birleşmegi, kanuny esaslarynyň üpjün edilmegi gözel ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegine kuwwatly itergi berer.

Halkymyzyň jebisligine we ruhy gymmatlyklaryna daýanmak bilen, halkymyzyň abadançylygyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge, azyk howpsuzlygyny has-da berkitmäge, mähriban Watanymyzda durnuklylygy, parahatçylygy, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilen işleri durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigime saýlawçylary ynandyrýaryn.

Garaşsyz ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolan döwrüniň içinde daşary syýasatda guwandyryjy netijeler gazanyldy. Dünýäniň döwletleri bilen ikitaraplaýyn esasda hem-de halkara guramalaryň çäklerinde umumy maksada eýe bolan gatnaşyklar ýola goýuldy we yzygiderli ösdürilýär.

Parahatçylyk, asudalyk, agzybirlik türkmeniň ata-baba milli ýol-ýörelgesidir, halkymyzyň kalbynda ýaşaýan hemişelik hemrasydyr. Halkymyz hemişe öz mertebesini saklap, mydama hoşniýetli gatnaşyklaryň tarapdary bolupdyr. Şeýle gatnaşyklaryň geljekde hem ösdürilmegine we kämilleşdirilmegine mynasyp goşandymy goşaryn.

Bitarap döwletimiz zerur bolan halatynda dünýä halklaryna hemişe kömek-goldaw bermäge taýýardygyny mydama mälim edýär we ony anyk işlerde durmuşa geçirýär. Dünýäniň köp ýurtlary bilen alnyp barylýan hoşniýetli diplomatik gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr. Geljekde bu meseleler hem daşary syýasatda öz beýanyny tapar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň taryhy kökleri, milli ruhy-ahlak gymmatlyklary, umumy adamzat ynsanperwerlik ýörelgeleri özboluşly filosofiýa eýedir. Şeýle baý filosofiýa daýanmak bilen, biz Bitaraplyk syýasatyny dowam etdirip, parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdireris.

Häzirki döwürde obany ösdürmek möhüm mesele bolup durýar. Ýerlerde ilatyň göwnejaý ýaşamagyny üpjün etmek üçin zerur bolan düzümi döretmegi maksat edinýäris. Oba ýaşaýjylaryny, şol sanda ýaş maşgalalary alada bilen gurşap almak, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, eneler we çagalar hakynda alada etmek, urşa gatnaşan, ekleýjisini ýitiren, kömege mätäç adamlara ýardam bermek üns merkezimizde bolar.

Pähim-parasatly ýaşulularymyzyň pentleri hem-de durmuş tejribesi türkmen halky üçin ahlak esasy bolup hyzmat edýär. Olaryň maslahatlary we teklipleri hemişe göz öňünde tutular.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygy hem düýpli özgertmeleriň netijesinde ösüşiň täze belentliklerine gadam basdy. Oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin babadaýhanlarymyza öndürijilikli işlemäge, ýokary hasyl alyp, halal zähmetinden baýamaga döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär.

Önümçilik-ykdysady gatnaşyklarynyň täze görnüşleriniň ornaşdyrylmagy netijesinde oba hojalyk önümlerini öndürijilere ykdysady ýeňillikleriň berilmegi, öňdebaryjy kärendeçileriň we ýer eýeleriniň, ussat mülkdarlaryň zähmetine ýokary baha berilmegi, döwlet bilen daýhanlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň aýdyň, sazlaşykly we özara peýdaly esasda ýola goýulmagy daýhanyň hem, döwletiň hem bähbitlerini goramaga gönükdirilip, Türkmenistanda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge kuwwatly itergi berýär.

Bu pudak durmuş gatnaşyklaryna hem-de ykdysadyýete örän uly we köp taraplaýyn täsir edýär. Şonuň üçin obany we oba hojalyk önümçiligini ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, oba hojalyk önümlerini senagat taýdan gaýtadan işlemek, şeýle hem hususy ulgamy, şol sanda kiçi we orta kärhanalary ösdürmek Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategik wezipesi bolup durýar.

“Syýasy partiýalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Agrar partiýasy hem öz işlerini ýurdumyzyň oba hojalygynyň ösdürilmegine gönükdirýär.

Oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça işler alnyp barylýar, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerini hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri nazara almak bilen, ýokary hasyl berýän sortlary önümçilige ornaşdyrmak boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berilýär.

Obany özgertmek boýunça Milli maksatnama üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýokary hasyl berýän, ýaramsyz şertlere-aýaza, gurakçylyga, toprak şorlaşmasyna, kesellere, zyýankeş mör-möjeklere, haşal otlara durnukly sortlary döretmek, gowaçadan, bugdaýdan, şalydan, gant şugundyryndan we beýleki oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak, oba hojalyk ekinlerini ylmy esasly ekin dolanşygy şertlerinde ösdürip ýetişdirmegiň tärleriniň, düzgünleriniň tehnologik kartasyny işläp düzmek barada düýpli ylmy-barlaglary geçirmek şu günüň örän derwaýys we wajyp meselesidir.

Ekinleriň, aýratyn hem gowaçanyň ir ýetişýän sortlaryny döretmek, ony çalt önümçilige ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmek, ekin meýdanlaryny agrotehniki kadalara laýyklykda giňeltmek, pagtaçylykda el zähmetini kemeltmek, hasylyň esasy bölegini tehnikanyň güýji bilen ýygmak zerur bolup durýar.

Obalarda bagçylygy, gök we bakja ekerançylygyny netijeli ösdürmek maksady bilen, ýöriteleşdirilen hojalyklary döretmek möhümdir.

Daýhan birleşiklerine, mülkdarlara ýeňillikli karz serişdelerini bermek arkaly, olaryň öz maşyn-traktor parklarynyň döredilmegine ýardam ederis.

Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan ahalteke atlarynyň gadymy nusgalaryny gorap saklamak, behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şöhratyny has-da belende galdyrmak, türkmen atçylyk sportuny halkara derejelerine laýyklykda ösdürmek barada ähli tagallalary ederis.

Şöhratly bäş müň ýyllyk taryhynyň dowamynda türkmen halky suwa uly sarpa goýup gelipdir. Ata-babalarymyzyň suwa aýawly garamak, ony tygşytly ulanmak baradaky sargytlary biziň günlerimize gelip ýetipdir. Garaşsyzlyk döwründe döwletimiziň baýlygy, onuň gülläp ösmeginiň we abadançylygynyň egsilmez gözbaşy, halkymyzyň eklenç hem ýaşaýyş çeşmesiniň gözbaşlarynyň biri bolan suwy ulanmak we ilaty suw bilen üpjün etmek meseleleri döwlet syýasatyna öwrülip, milletiň durmuşynyň derejesini ýokarlandyrmakda we saglygyny berkitmekde esasy ýörelge boldy.

Ýurdumyzyň ähli ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen doly üpjün etmek üçin suwy arassalamagyň we baýlaşdyrmagyň, suw geçiriji ulgamlary gurmagyň iň öňdebaryjy tehnologiýalary esasynda her şäherde we etrapda suw arassalaýjy desgalaryň, arassa agyz suwuny öndürýän kiçi kärhanalaryň gurulmagyny üpjün ederis.

Garagum çölüni gülzarlyga öwürjek, ýurdumyzyň ätiýaçlyk suwlaryny ep-esli artdyrmaga, ýerleriň şorlaşmagynyň, suwa basdyrylmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berjek “Altyn asyr” Türkmen köli suw serişdeleriniň peýdalanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga ygtybarly kepil döredýär.

Durnukly ösüşiň esasy şertleriniň biri hökmünde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, daşymyzy gurşap alan tebigaty goramak we suwdan peýdalanmagyň ekologiýa meselelerini çözmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, ilaty özümizde öndürilýän azyk önümleri bilen doly üpjün etmek boýunça möhüm meselelere uly üns berip, zähmetsöýer halkymyz bilen suwuň her damjasyny tygşytly peýdalanyp, bereketli topragymyzdan gyzyla barabar hasyl öndürip, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň abadançylykda, bolçulykda ýaşamagy üçin zerur işleri dowam etdireris.

Ýurdumyzyň welaýatlarynyň senagat taýdan ösüşini düýpli ýokarlandyrmak, ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça degişli işleri amala aşyrmak wezipesi möhüm bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň sebitleriniň öndüriji güýçlerini ýokary derejede netijeli ulanmak, olaryň amatly geografiki ýerleşişinden doly peýdalanmak, senagatynyň pudaklaýyn ösüşini diwersifikasiýalaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek boýunça toplumlaýyn işler durmuşa geçiriler.

Ýurdumyzyň täze taryhynyň döredilýän döwründe eziz Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna, diýarymyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, Watanymyzyň abraýyny, şöhratyny we mertebesini artdyrmakda her bir raýatdan ägirt uly tagallalar talap edilýär.

Hut şonuň üçin hem halkymyzyň ýolbaşçy saýlamakda gadymdan gelýän däp-dessurlaryna çuň eýerip, milli türkmen demokratiýasyny goldanyp, saýlawlara ýokary guramaçylykly barmak, saýlawçylaryň ýokary işjeňligini üpjün etmek bilen, ýurdumyza mynasyp baştutanyň saýlanylmagyna örän jogapkärli çemeleşmegimiz gerek.

Zähmetsöýer, agzybir halkymyz bilen bilelikde Berkarar döwletimiziň mundan beýläk hem has kuwwatly ösmegini, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny, ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny, türkmen halkynyň jebislikde, bolçulykda ýaşamagyny we işlemegini gazanmak, döwletimiziň ykdysady mümkinçiliklerini has-da netijeli peýdalanmak ugrunda özümiň ähli bilimimi, tejribämi, gujur-gaýratymy gaýgyrman, ak ýürekden zähmet çekjekdigime saýlawçylary ynandyrýaryn.

Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagt, maşgala abadançylygyny, işleriňizde uly üstünlikler arzuw edýärin!

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi, beýleki dalaşgärleri we bütin türkmen halkymyzy Sagdynlyk we ruhybelentlik ýyly bolan Täze, 2017-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, Täze ýyl düşümli, rysgally, döwletli ýyl bolsun!

Durdygylyç Orazowyň terjimehaly

1956-njy ýylyň 3-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň “Daýhan” geňeşliginde doguldy.

1978-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlap, matematika mugallymy hünärini ele aldy.

1978-1996-njy ýyllarda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky 4-nji orta mekdepde matematika mugallymy, soňra müdiriň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary wezipesinde işledi.

1996-2000-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň “Daýhan” daýhan birleşiginiň dowardarçylyk fermasynyň müdiri, gara mallar fermasynyň kärendeçisi bolup işledi.

2000-2014-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň “Daýhan” daýhan birleşiginiň başlygy wezipesinde işledi.

2014-nji ýylyň dekabr aýyndan bari Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Мary welaýat komitetiniň başlygy wezipesinde işleýär.

Maşgalaly, ýedi çagasy bar.

_____________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTLIGINE DALAŞGÄR “TÜRKMENHIMIÝA” DÖWLET KONSERNINIŇ “GARABOGAZSULFAT” ÖNÜMÇILIK BIRLEŞIGINIŇ BAŞ DIREKTORY SÜLEÝMANNEPES ORAZNEPESOWIÇ NURNEPESOWYŇ MAKSATNAMASY

Meni Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hökmünde hödürländigi üçin raýatlaryň teklipçi toparyna köp sagbolsun aýdýaryn we olara işlerinde üstünlikler gazanmaklaryny arzuw edýärin.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda çuň özgertmeler amala aşyrylýar we welaýatlarda, etrapdyr şäherlerde, obalarda ösüş maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, döwlet gurluşy, hukuk ulgamy we saýlaw ulgamy hem umumy kabul edilen halkara kadalaryna laýyklykda kämilleşdirilýär.

Eger-de, Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanylsam, men türkmen halky üçin il-ýurt bähbitli şu işleriň amala aşyrylmagyny gazanaryn.

Türkmenistany senagat taýdan ösen döwletleriň birine öwürmek maksady bilen, pudaklaýyn senagat desgalaryň, zawod-fabrikleriň gurluşygyny dowam etdireris.

Türkmenistanyň oba hojalygyny ösdürmek bilen bagly işleriň uly toplumyny amala aşyrarys. Hususan-da, gowaçanyň tiz ýetişýän, bol hasyl berýän, inçe süýümli, dünýä bazarynda ýokary bahalandyrylýan täze sortlaryny oýlap tapmak maksady bilen seçgiçilik işlerini dowam ederis. Şeýle hem bugdaý ekilýän meýdanlary has-da giňeldip, onuň hasylynyň daşary ýurtlara eksport edilmegini artdyrarys.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny dörederis, döwlet tarapyndan daýhan birleşiklerini, kärendeçileri, şeýle hem obasenagat toplumynyň ähli üpjünçilik edaralarynyň tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyny we döwrebaplaşdyrylmagyny goldamagy dowam etdireris, hususy telekeçileriň başlangyçlaryny mundan beýläk-de höweslendireris.

Ýer we suw serişdelerini netijeli ulanmagyň täze usullaryny özleşdireris, şalynyň, künjiniň we beýleki ekinleriň ekin meýdanlaryny giňelderis. Gök ekinleriň we bakjanyň, miweli agaçlaryň hasyllylygyny artdyryp, Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini ösdürmäge ýagdaý dörederis.

Milli ykdysadyýetiň ösüş depgini maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşine hem baglydyr, şunuň bilen baglylykda, muňa aýratyn üns bereris.

Ýurduň nebitgaz känlerini netijeli özleşdirip, olaryň daşary ýurtlara iberilişiniň möçberlerini artdyrarys. Şol bir wagtyň özünde-de ýangyç-energetika ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça işleri, şol sanda önümçiligiň köp görnüşliligini üpjün etmegiň hasabyna dowam ederis.

Himiýa senagatynyň ösdürilmegine aýratyn üns bermegi göz öňünde tutýarys. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze zawodlar toplumlarynyň gurlup ulanmaga berilmegini we öň bar bolanlarynyň hem durkunyň täzelenilmegini üpjün ederis.

Oba hojalygyny mineral dökünler bilen üpjün etmek bilen baglanyşykly yzygiderli işleri dowam ederis. Şol bir wagtyň özünde-de gurulýan himiýa kärhanalary üçin hünärmenleri taýýarlamagy guramak boýunça zerur işleri alyp bararys.

Türkmenistanda tebigy gazyň uly ätiýaçlyklarynyň bolmagy azotly dökünleriň, hususan-da, karbamid önümçiliginiň täze kuwwatlyklarynyňi işe girizilmegini talap edýär. Şuny nazarda tutup, ýurdumyzda ammiak-karbamid önümçiliginiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet bereris.

Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde möhüm ähmiýetli täze uly himiýa kärhanasy bolan kuwwaty ýylda 1155 müň tonna karbamid öndürmäge niýetlenen “Garabogazkarbamid” himiýa zawodynyň gurluşygyna aýratyn ähmiýet bereris. Bu kärhananyň öndürjek önümlerini dolulygyna eksporta gönükdireris.

Ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň depginlerini artdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň çykarylyşyny artdyrmak boýunça meýilnamalary üstünlikli amala aşyrarys.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan möhüm desgalaryň biri bolan, Türkmenabatdaky himiýa zawodynda öndürijilik kuwwaty ýylda 500 müň tonna barabar bolan kükürt kislotasyny öndürmäge niýetlenen täze desganyň gurluşygy hem güýçli depginler bilen dowam etdiriler.

Täze senagat toplumlaryny ulanmaga bermegiň hasabyna biz azotly dökünleriň önümçiligini has-da artdyrarys. Şu maksat bilen, kaliý dökünleriniň önümçiligini özleşdirmek boýunça hem işler çaltlandyrylar. Çünki, ýurdumyzda kaliý duzlarynyň alamatlary bolan birnäçe ýataklaryň bardygy anyklanyldy. Olar kaliý magdanlarynyň gorlary bolan Garlyk, Garabil we Týubegetan ýataklarydyr. Tebigy gazyň gaýtadan işlenmeginden ýokary netijeli önümiň alynmagy bilen birlikde dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän kaliý dökünleriniň önümçiliklerini özleşdirmek hem esasy maksatlarymyzyň biri bolup durýar.

Türkmenistan gidromineral çig-mal baýlyklarynyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki wagtda olaryň esasynda dürli mineral duzlar, ýod we onuň önümleri öndürilýär. Bu ulgamyň ösüşine örän uly ähmiýet bereris.

Dünýäde natriý sulfatynyň we beýleki peýdaly minerallaryň iň iri gorlarynyň biri bolan Garabogazköl aýlagynyň senagat önümçiliginiň ösüşini üns merkezimizde saklarys. Sebäbi, bu ýer adaty tebigy şertlerde dürli duzlaryň senagat möçberinde kristallaşmasynyň bolup geçýän ýeridir. Aýlagyň mineral baýlyklary gutarnyksyz çig-mal baýlygy bolup, magniý, natriý duzlarynyň çeşmesidir.

Häzirki wagtda “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginde

dürli önümler, hususan-da, kükürt turşy natriý (sulfat natriý) hem-de kükürt turşy magniý (epsomit), şeýle hem hlorly magniý (bişofit) öndürilýär. Türkmenistanyň himiýa pudagynyň maksatnamasynda Garabogazköl aýlagynyň gidromineral baýlyklaryny toplumlaýyn özleşdirmek arkaly bu önümleriň önümçilik möçberlerini artdyrmagy göz öňünde tutýarys.

Ýody we bromy öndürmek üçin nebit we gaz ýataklarynyň ugurdaş suwlaryny hem ulanyp bolýar, sebäbi bu suwlaryň himiki düzümi hem ýodly-bromly suwlaryňky ýalydyr. Şeýle hem ýoduň we bromyň organiki we organiki däl önümlerini öndürmegi guramagyň geljegi uludyr.

Häzirki wagtda himiýa senagaty milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda hereket edýän himiýa kärhanalarynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň täze, ýokary öndürijilikli tilsimat enjamlary ornaşdyrylyp, daşary ýurt bazarlarynda ýokary isleg bilen alynýan dürli görnüşli önümleriň önümçiligi ýola goýuldy. Birnäçe täze zawodlar gurlup, ulanmaga berildi we olar milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Balkan welaýatynda kaustik sodasyny, hlory we hlor önümlerini öndürýän zawodyň gurulmagyny ýerlikli hasap edýäris.

Ýurdumyzda elýeterli tebigy gazyň we elektrik energiýasynyň bolmagy, bu önümleri içerki bazar we eksport üçin öndürmek ykdysady taýdan bähbitlidir. Türkmenistanyň ulag düzümlerini ösdürmek we ony, iri deňiz portlary hem goşmak bilen, halkara ýük daşmak ulgamyna birikdirmek boýunça alnyp barylýan syýasat uly möçberdäki himiýa önümleriniň eksportyna degerli ýardam berer.

Her bir raýat hakynda alada bu gün dowletimiziň, jemgyýetimiziň baş aladasydyr, "Dowlet adam üçindir!" diýen baş ýörelgäniň hakyky mazmuny hem şundan ybaratdyr. Döwletimiziň her bir raýaty hem bu alada jogap edip, Watanymyzyň rowaçlanmagyna öz mynasyp goşandyny goşmalydyr.

Halkymyzyň abadan durmuşy, döwletimiziň kuwwatynyň berkemegi, onuň abraýynyň dünýäde mundan beýläk hem artmagy ugrunda yhlasly we tutanýerli zähmet çekmegimiz gerek.

Türkmenistan döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda uly üstünlikler gazanylýar we durmuş taýdan ösüş, ruhy hem-de medeni galkynyş ýoly bilen belent sepgitlere tarap ynamly gadam basylýar. Häzirki we geljekki nesillere bagtyýar durmuş üpjün edilýär.

Ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini ep-esli artdyrmagy üpjün ederis. Täze ýokary woltly elektrik geçirijileriniň we kiçi beketleriň gurluşygyna, elektrik energiýasyny paýlaýyş ulgamyny ösdürmeklige, şäherleriň we obalaryň yşyklandyryş we ýaşaýyş jaýlaryny elektrik energiýasy bilen üpjün ediş ulgamlarynyň hem durky täzelenilmegine aýratyn ähmiýet berler.

Munuň özi ýurdumyzyň elektrik energiýasy bilen üpjünçilik meselesiniň doly çözülmegine mümkinçilik berer. Şeýle hem ýurdumyzyň netijeli halkara hyzmatdaşlygyna, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkemegine, özara ynanyşmagyň derejesiniň ýokarlanmagyna hyzmat eder. Bu bolsa Türkmenistanyň halkara arenasyndaky uzak möhletli energetika syýasatynyň özenini kesgitlär.

Ýurdumyzda mikro we makroykdysady amallaryň ylmy esasda dolandyrylmagyny ýola goýmak arkaly strategik meýilnamalaşdyryşyň bitewi we çeýe ulgamyny dörederis. Maliýe ulgamyny, pul-karz, salgyt-býujet we baha syýasatyny kämilleşdireris, milli puluň hümmetini has-da ýokarlandyrarys.

Bank işini has-da kämilleşdirmegi dowam ederis, maliýe hasabatlylygynyň halkara ülňülerini ornaşdyrarys, bank düzümlerini awtomatlaşdyrmagyň derejesini has-da ýokarlandyrarys.

Bilim we ylym ulgamynda hem giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylmagyny dowam etdireris. Ýurdumyzda ylmy we bilimi dünýä derejesine çykarmak, ýaşlarymyzyň sazlaşykly ösmegi, gözýetimleriniň giňemegi üçin ähli şertleri dörederis.

Milli saglygy goraýyş ulgamynyň mundan beýläk-de özgerdilmegine aýratyn ähmiýet berip, döwrebap lukmançylyk merkezleriniň gurulmagyny, durmuşyň bu möhüm ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy üpjün ederis.

Sowatly, ýokary hünär derejeli nesilleri taýýarlamak maksady bilen, biz ýokary, ýörite we orta okuw mekdeplerinde ýaşlaryň hünärleri kämil özleşdirmekleri üçin hemme şertleri döretmegi göz öňünde tutýarys.

Daşary ýurtlarda bilim almaga höwesek ýaşlarymyz üçin bolsa, zerur bolan mümkinçilikler dörediler. Şeýle hem olaryň okuwlaryny tamamlap gelenlerinden soň, öz hünärlerine laýyk iş orunlary bilen üpjün edilmegine ýardam bereris.

Türkmenistanyň daşary syýasatynda ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyklykda, biz ozalkylar ýaly, “açyk gapylar” syýasatyny, dünýäniň dürli döwletleri, aýratyn-da, goňşy döwletler bilen ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary ösdürmek boýunça işleri alyp bararys.

Ýurdumyzy mundan beýläk hem ösdürmek, tutuş türkmen halkynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, halkara arenasynda Türkmenistanyň abraýyny artdyrmak üçin ähli güýjümi, bilimimi we tejribämi gaýgyrmajakdygyma sizi ynandyrasym gelýär.

Öňde boljak saýlawlarda beýleki dalaşgärlere üstünlikleri arzuw edýärin.

Biz Täze, 2017-nji ýyla uly ruhubelentlik bilen gadam goýdyk. Türkmenistanyň hormatly Prezidentini, ähli beýleki dalaşgärleri hem-de Türkmenistanyň agzybir halkyny Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Goý, Täze, 2017-nji ýyl üstünlikli, abadan we bereketli ýyllaryň biri bolsun!

Nurnepesow Süleýmannepes Oraznepesowiçiň terjimehaly

1957-nji ýylyň 6-njy aprelinde Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde doguldy.

1980-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini tamamlap, inžener-mehanik hünärine eýe boldy.

1981-1988-nji ýyllarda “Balkansuwhojalyk” önümçilik birleşiginiň Suwaryş ulgamlary müdirliginiň inžener-mehanigi bolup işledi.

1988-1993-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň Demir ýolçularyň medeniýet öýüniň çeper ýolbaşçysy, 1993-2000-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň “Guwlyduz” kombinatynyň üpjünçilik inženeri bolup işledi.

2001-2012-nji ýyllarda “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň üpjünçilik bölüminiň hünärmeni, baş direktorynyň üpjünçilik boýunça orunbasary, soňra bolsa “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktoryň wezipesini ýerine ýetiriji bolup işledi.

2012-nji ýylyň fewral aýyndan bäri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory wezipesinde işleýär.

Maşgalaly, dört çagasy bar.

______________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALAŞGÄR, AHAL WELAÝATYNYŇ BAŞ YKDYSADYÝET WE ÖSÜŞ MÜDIRLIGINIŇ BAŞLYGY SERDAR BEGMUHAMMEDOWIÇ JELILOWYŇ MAKSATNAMASY

Meni ýokary döwlet wezipesine hödürlän raýatlaryň teklipçi toparlaryna ägirt uly hoşallygymy bildiýärin we olara işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe özgertmeler we ösüşler ýoly bilen öňe barýan hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýylynyň içinde ajaýyp üstünliklere beslendi. Bu gün hem ata Watanymyz ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly öňe barýar.

Sazlaşykly ösýän Türkmenistanda alnyp barylýan döwlet syýasaty mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Diýarymyzda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer hem-de beýleki ugurlar boýunça milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Häzirki döwürde türkmen halky ýurdumyzda asuda durmuşy pugtalandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan beýik özgertmeleri dolulygyna makullaýar, ýurtda gazanylýan ajaýyp ösüşlere we zähmet ýeňişlerine çäksiz buýsanyp, bu beýik özgertmelere, ajaýyp ýeňişlere özüniň mynasyp goşandyny goşmaga çalyşýar.

Ýurdumyzyň ykdysady binýadyny has-da berkitmek üçin ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini gazanmak, çig mallary we önümçilik mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, ýangyç-energetika, himiýa, dokma, oba hojalyk pudaklaryny has-da ösdürmek, hususy telekeçiligi we işewürligi goldamak, ykdysadyýetimiziň dünýäniň hojalyk ulgamyna giňden goşulmagyny üpjün etmek, daşary söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek, ýetmezçiliksiz ýokary girdejili býujeti düzmek, milli puluň hümmetini saklamak, dünýäde ykdysady çökgünligiň dowam edýän mahalynda ähli pudaklaryň durnukly ösüşini, adamlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek ýaly meseleler döwletiň üns merkezinde bolmalydyr diýip hasaplaýaryn.

Biz ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagy ozaly bilen, binýatlyk pudaklary, ýagny nebitgaz we mineral serişdeler, energetika, himiýa, ýeňil senagat, oba hojalyk, söwda we syýahatçylyk pudaklaryny sazlaşykly ösdürmekde görýäris. Bu pudaklaryň çalt depginlerde ösdürilmegi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulanmagyny kesgitleýär.

Türkmenistan tebigy baýlyklara we energiýa çeşmelerine baý, kuwwatly döwletleriň biridir. Häzirki wagtda, biziň döwletimiz iri energetika döwletleriniň hatarynda mäkäm orun aldy we özüniň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda tebigy gazy ulanmak arkaly işleýän energiýa öndüriji kuwwatlyklar ýokary depginlerde ösdürilýär, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we abadanlaşdyrmak boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli energiýa serişdelerimizi dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmek esasy wezipeler bolup durýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatlylygynyň, halkara arenasyndaky ornunyň pugtalanmagynyň we halkymyzyň röwşen geljeginiň hatyrasyna bu ugurda amala aşyrylýan giň möçberli işleri mundan beýläk hem dowam etdireris. Milli baýlyklarymyzy rejeli peýdalanyp, halkymyzyň, Watanymyzyň bähbitlerine ulanmak biziň baş wezipämiz bolar.

Türkmenistan öz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegi boýunça anyk taslamalary durmuşa geçirýär. Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Biziň ýurdumyzda kuwwatly, okgunly ösýän energetika senagaty döredilendir, ol okgunly depginler bilen ösýär. Bu pudak biziň ähli ösüşlerimiziň girewidir. Geljekde elektrik energiýasyny daşary döwletlere ibermek işleri güýçli depginler bilen dowam etdiriler. Bu babatda, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan elektrik geçirijisini gurmagyň taslamasyny amala aşyrmak ugrunda ähli tagallalary alyp bararys.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda bellenilişi ýaly, biz bazar gatnaşyklaryna kem-kemden geçmek bilen, ykdysadyýetiň durmuş ugurly nusgasyny saýlap aldyk. Bu eýýäm öz anyk netijelerini berýär. Ykdysadyýetimiz ýokary depginler bilen durnukly ösýär, ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertleri yzygiderli ýokarlanýar. “Açyk gapylar” syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň eksport-import gatnaşyklary yzygiderli ösýär we kämilleşýär.

Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça kabul edilen Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde, geljekde ýurdumyzyň esasy baýlygy bolan nebitden, tebigy gazdan, elektrik energiýasyndan başga-da himiýa, dokma senagaty, oba hojalygy pudaklarynyň önümleri we olaryň senagat taýdan gaýtadan işlenen harytlyk taýýar önümlerini daşary döwletlere eksport etmegi üns merkezinde saklarys. Bu işleri üstünlikli amala aşyrmak üçin degişli ulgamlary ösdürmek, şeýle hem gurluşyk materiallarynyň önümçiligini artdyrmak döwletimiziň baş wezipesi bolar. Ulag we aragatnaşyk, syýahatçylyk hem-de beýleki ulgamlarda hem düýpli özgertmeleri amala aşyrarys, bu ulgamlarda ýurdumyzyň ykdysadyýetini pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleri bardyr.

Türkmenistan-Gazagystan-Eýran, Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan) -Akina (Owganystan) demir ýollarynyň gurluşygy, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň gurluşygynyň alnyp barylmagy ulag ulgamynda ýetilen uly üstünlik bolmak bilen, ýurdumyzyň haýran galdyryjy ösüşleriniň subutnamasydyr. Hut şunuň üçin hem bu ulgamyň ösüşine döwletimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garamagy göz öňünde tutýarys.

Paýtagtymyzda täze Halkara howa menziliniň gurlup ulanylmaga berilmegi, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi, bu ýerde dünýä ülňülerine laýyk gelýän kaşaň myhmanhanalaryň gurulmagy ýurdumyzda syýahatçylyk pudagyny ösdürmeklige giň mümkinçilikleri berýär. Şol sebäpli-de bu ugurda hem dünýä ülňülerine laýyk derejede zerur işleri alyp barmagy göz öňünde tutýarys.

Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede geçirilmegi Watanymyzyň belent abraýynyň ykrar edilmeginiň hem-de paýtagtymyzyň halkara sport mekrezi hökmünde mynasyp orun eýeleýändiginiň subutnamasy bolar. Biz geljekde hem sporty ösdürmek hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini goldamak boýunça işleri dowam etdireris.

Obalary özgertmek, oba ýaşaýjylarynyň mynasyp durmuşyny üpjün etmek biziň esasy wezipelerimiziň biri bolar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen obasyny galkyndyrmagyň uzak möhletleýin maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Şol maksatnamanyň çäklerinde, biz tagallalary birleşdirip, oba ýerlerinde ilatyň öz serişdeleriniň we döwletiň ýeňillikli karzlarynyň hasabyna ýaşaýyş jaýlarynyň, döwrebap durmuş-medeni desgalarynyň gurluşygynyň has çalt depginlerde alnyp barylmagyny, awtomobil ýollarynyň, elektrik, gaz, suw geçirijileriň durkuny täzelemek we beýleki amatlyklary döretmek, oba bilen şäheriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has ýakynlaşdyrmak barada ähli çäreleriň alnyp barylmagyny üpjün ederis.

Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmek üçin şertleri döretmek, daýhanlaryň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl hem-de ýokary girdeji almaklary, alyjylaryň bolsa ýokary hilli önümleri elýeter bahadan satyn alyp bilmekleri üçin şertleri döretmek wajyp meseleleriň biridir. Ýurdumyzyň tebigy howa şertleri oba hojalyk önümleriniň köp görnüşlerini-ekologiýa taýdan arassa gök önümlerden we miwelerden başlap, dokma senagaty we senagatyň beýleki pudaklary üçin gymmatly çig mala çenli dürli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär.

Obalarda kärendeçileriň, ýer eýeleriniň öndüren oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň hasabyna taýýar harytlary çykarmagyň giňden ýola goýulmagy, önümleri gaýtadan işleýän hususy kärhanalary döretmek baradaky raýatlaryň islegleriniň ähli çäreler arkaly goldanylmagy, şeýle hem täze döwrebap ýyladyşhanalaryň, sowadyjy ammarlaryň we maldarçylyk toplumlarynyň gurulmagy azyk bolçulygyny döretmäge goşulan uly goşant bolar.

Ilatyň iş bilen üpjünlik meselesini hem hemişe üns merkezinde saklamak bilen, biz ýerlerde durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň işe girizilmegi, täze iş orunlarynyň döredilmegi, gysga möhletde önüm öndürmek mümkinçilikli kärhanalaryň işini ýola goýmak ugrunda orta we kiçi telekeçiligi hemişe goldamagy dowam etdireris.

Ilatyň saglygyny goramak, ber bedenli ýaş nesli kemala getirmek döwlet sýasatynyň ileri tutulýan ugry boulp durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda kabul edilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasy jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda öz mynasyp ornuny tapdy. Aşgabatda we ähli welaýatlarda halkara derejesindäki, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze, döwrebap saglygy goraýyş edaralary, şypahanalar we sagaldyş desgalary gurlup ulanylmaga berildi. Şeýle desgalaryň gurluşygyny geljekde-de giň gerim bilen ýaýbaňlandyrarys.

Ilata edilýän lukmançylyk we beýleki hyzmatlaryň ähli görnüşleriniň hilini ýokarlandyrmak, adamlaryň saglygy hakdaky aladalar, halkymyzyň zähmet hem-de dynç alyş şertlerini gowulandyrmak meseleleri bilen meşgullanýan ähli edaralaryň we gulluklaryň işini ýokary derejede guramak hemişe üns merkezinde saklanar.

Ylmy we bilimi üstünlikli ösdürmek her bir döwletiň öňe gitmeginiň we pajarlap ösmeginiň esasy şertidir. Şundan ugur alnyp, bu ugra geljekde hem möhüm ähmiýet berler. Ösüp gelýän ýaş nesil uly alada bilen gurşalar. Hemmetaraplaýyn sowatly, ýokary hünärli, iş başarjaň, sagdyn, ruhubelent ýaşlary ösdürip ýetişdirmek döwletiň esasy aladalarynyň biri bolar.

Bilimi we ylmy ösdürmek, ýurdumyzyň alymlarynyň täze neslini kemala getirmek boýunça toplumlaýyn işleri geçireris.

Garaşsyzlygymyzyň geçen 25 ýylynyň içinde Türkmenistanda halkymyzyň ruhy durmuşyny baýlaşdyrmak boýunça köp işler edildi. Milli medeniýeti ösdürmek, mirasa sarpa goýmak, milli gymmatlyklary aýawly saklamak, dikeltmek we üstüni ýetirmek, adamlarda ruhubelentligi, ýokary ahlaklylygy terbiýelemek meseleleri hemişe üns merkezinde bolar. Munuň özi türkmen halkynyň geçmişdäki baý medeni mirasy bilen şu günki bagtyýar durmuşynyň bir bitewilige jemlenmegini we milletiň ruhy galkynyşynyň, gaýtadan döreýşiniň emele gelmegini üpjün eder.

Hemişelik bataraplyk derejesine esaslanmak bilen sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy, dostlugy we oşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmak boýunça daşary syýasatymyzy dowam etdireris, dürli döwletler we halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze derejä götereris.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen öňe barýar. Türkmen halkynyň şu günki we geljekki nesilleriniň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen maksatnamalary amala aşyrmakda her birimiziň öňümizde örän uly jogapkärçilikli wezipeler durýar. Şol wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň ähli raýatlary bilen agzybirlikde, döredijilikli, joşgunly zähmet çekip, uly üstünlikler gazanjakdygymyza pugta ynanýaryn.

Beýleki dalaşgärlere öňde boljak saýlawlarda üstünlikler arzuw edýärin.

Goý, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly bolan 2017-nji ýyl ýurdumyzyň täze üstünlikleine we ösüşlere beslensin!

Goý, dünýä dursun, türkmen halkymyz dursun! Goý, dünýä dursun, mukaddes Watanymyz -- Türkmenistan döwletimiz dursun!

Serdar Begmuhammedowiç Jelilowyň terjimehaly

1965-nji ýylyň 25-nji awgustynda Aşgabat şäherinde doguldy.

1991-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny inžener-ykdysatçy hünäri boýunça tamamlady.

1980-nji ýylda “Garagumsenagatgurluşykmateriallary” trestiniň abatlaýyş-gurluşyk edarasynyň möwsümleýin işçisi bolup zähmet ýoluna başlady. 1982-1983-nji ýyllarda bu edaranyň kömekçi hojalyk boýunça uly buhgalteri wezipesinde işledi.

1985-nji ýylda “Garagumsenagatgurluşykmateriallary” trestiniň kömekçi hojalyk boýunça uly buhgalteri wezipesinde işledi.

1985-1993-nji ýyllar aralygynda Ahal welaýatynyň senagat gurluşyk materiallary kombinatynyň uly buhgalteri, baş buhgalteriň orunbasary wezipelerinde zähmet çekdi.

1993-1994-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Durmuş taýdan üpjünçilik müdirliginiň meýilleşdiriş maliýe bölüminiň başlygy.

1994-2005-nji ýyllarda Ahal welaýaty häkimliginiň baş buhgalteri bolup işledi. 2005-2009-njy ýyllarda Ahal welaýat häkimliginiň Ykdysadyýet, söwda we telekeçilik bölüminiň başlygy, baş buhgalteri wezipelerinde işledi.

2009-2011-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynyň maliýe bölüminiň başlygy.

2011-2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň obasenagat toplumynyň maliýe müdirliginiň başlygy.

2013-nji ýylyň maý aýyndan bäri Ahal welaýatynyň Baş ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň başlygy wezipesinde işleýär.

Maşgalaly, dört çagasy bar.