TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-TÄJIK HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-täjik gatnaşyklaryna degişli bolan meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine möhüm itergi berýän ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýetliligi bellenilip geçildi. Täjigistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň saklanylmagynda Türkmenistanyň ähmiýetli orun eýeleýändigini belläp geçdi.

Diplomatlar halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň netijeliligi hakynda gürrüň etdiler we halkara gün tertibiniň meselelerine seredip geçdiler. Garaşsyz Döwletleriň Arakalaşygynyň çygryndaky özarahereketleriň ähmiýeti aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ýakyn günlerde Aşgabatda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisleriniň ýurtlaryň arasyndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegine saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.