TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ ARAL DEŇZINIŇ BASSEÝNI BOÝUNÇA ÝÖRITE MAKSATNAMASYNYŇ ÖSÜŞI BOÝUNÇA KÖPTARAPLAÝYN GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Aral deňziniň basseýni boýunça ýörite maksatnamasynyň ösüşi boýunça köptaraplaýyn geňeşmeler geçirildi.

Geňeşmeleriň barşynda oňa gatnaşyjylar Birleşen Miletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky häzirki wagtdaky ýagdaýy we hyzmatdaşlykdaky bar bolan tejribäni ara alyp maslahatlaşyp, iki Guramanyň arasyndaky gol çekilen resminamalary belläp geçdiler. Çykyş edenler BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2019-njy ýylyň 28-nji maýynda 73/297 belgili rezolýusiýany kabul etmek bilen, durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak boýunça sebit maksatnamalaryny şol bir wagtda Aral deňziniň basseýniniň töwregindäki ýurtlara kömek bermek boýunça maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň wajyplygyny belläp geçdiler. Şeýle hem BMG bilen AHHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşiniň indiki döwür üçin bar bolan mümkinçiliklerine we geljegine seredildi.

Köptaraplaýyn geňeşmeleriň çäklerinde wekiliýetler ýerli suwlaryň meselelerini we olaryň milli, sebit we dünýä derejesindäki çözgütlerini şeýle hem BMG-niň Aral deňziniň basseýni boýunça ýörite maksatnamasynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Aral deňziniň betbagtçylygy ýaly ýerli suw basseýnleriniň oňyn däl ynsanperwer, ekologik we durmuş-ykdysady weýrançylyklary diňe bir sebit derejisinde bolman, eýsem, dünýä derejesinde howplary döredýändigi bellenilip geçildi.

Geňeşmeleriň barşynda BMG-niň howandarlyk etmeginiň çäklerinde Aral deňziniň sebitinde ekologik betbagtçylyklaryň ýetirýän zyýanlarynyň öňüni almak hem-de sebitiň durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowlandyrmak baradaky tabşyryklary durmuşa geçirmek maksady bilen Aral deňziniň sebitiniň adamlarynyň howpsuzlygy üçin köptaraplaýyn ýörite maksatly gaznany döretmek barada tanyşlyk geçirildi.

Geňeşmeleriň ahyrynda çykyş edenler BMG-niň ulgamynyň degişli edaralaryny, hususan-da, sebit utgaşdyrmasynyň garaşsyz tehniki-ykdysady usullaryny esaslandyrmaklygyň mümkinçilikleriniň işine Sebitleýin komissiýalaryň seretmegini we Aral deňzi ýaly içerki suw basseýnleriniň tebigy betbagtçylyklarynyň netijelerini öwrenmekde, gowşatmakda hem-de azaltmakda hyzmatdaşlyk etmek şeýle hem BMG-niň Aral deňzi boýunça ýörite maksatnamasynyň sebitde şeýle betbagtçylyklaryň öňüni almakda we olaryň netijelerini gowşatmakda sebitleýin ýardam bermekligi goldamak barada öz meýillerini bildirdiler.