img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
KOREÝA RESPUBLIKASY - SEUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmen-koreý işewürlik geňeşiniň mejlisi

photo

2020-nji ýylyň 27-nji awgustynda wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-koreý işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.
2019-njy ýylda döredilen bu geňeşiň maksady Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, hem-de türkmen we koreý işewürleriniň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga ýardam bermek bolup durýar.

Geňeşiň mejlisinde iki ýurduň ministrlikleriniň, edaralarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň we kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Mejlisiň dowamynda taraplar energetika, ulag, senagat, suw serişdeleri we söwda-ykdysady gatnaşyklar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň göwrümini ara alyp maslahatlaşdylar.