Seulda Türkmesnistanyň resmi kabul edişlik çäresi geçirildi.

Seulda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan resmi Kabul edişlik çäresi geçirildi.

2017-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Seul şäheriniň “Grand Hyatt” myhmanhanasynyň “Namsan” banketler zalynda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly resmi kabul edişlik çäresi geçirildi.

Bu çärä Seuldaky Diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurduň beýleki ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň resmi wekilleri, ýerli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, şeýle-de iri koreý kompaniýalarynyň ýolbaşçylary çagyryldy. Umuman, dabaraly çärä gatnaşan myhmanlaryň sany 200-den gowrak adamdan ybarat boldy.

Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň döwlet senalary ýerine ýetirilenden soň myhmanlara giriş sözi bilen ýüzlenip, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Mämmetalyýew çykyş etdi. Soňra Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň  Ilçisi hanym Park Enna söz berildi.

Dabaraly kabul edişlik N.Halmammedowyň we beýleki türkmen kompozitorlaryň sazlary, şeýle-de Türkmenistanyň we onuň halkynyň häzirki durmuşy hakyndaky wideoşekiller bilen utgaşdy. Myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlendi.