Pan Gi MUN Ählumumy ýaşyl ösüş inistitutynyň ýolbaşçysy, BMG-niň ozalky Baş sekretarynyň gutlag sözi

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň dünýä derejesinde ykrar edilmeginiň 26 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin örän ýakymly.
Türkmenistanyň taryhynda täze sahypany açan 12-nji dekabr türkmen halky üçin möhüm seneleriň biridir. Bitaraplyk ýurduň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýär. Şu pursatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda kabul eden Kararnamasy barada ýatlamak isleýärin. 11-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen parahatçylyk we ynanyşmak forumy hem 2019-njy ýylda biragyzdan tassyklanylan şol Kararnamada göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. BMG-niň ozalky Baş sekretary hökmünde men Türkmenistanyň syýasy gepleşikler, özara düşünişmek hem-de hyzmatdaşlyk esasynda halklaryň arasyndaky parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini berkitmek boýunça edýän tagallalaryny doly goldaýandygymy aýtmak isleýärin.
Geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan özüni syýasy durnuklylygy saklamak we hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde tanatdy. 2007-nji ýylda sebit döwletleriniň ählisiniň goldamagynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hem munuň aýdyň mysallarynyň biridir.
Pursatdan peýdalanyp, meni «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandygy üçin hormatly Türkmenistanyň Prezidentine ýene-de bir gezek sagbolsun aýdýaryn. Türkmenistanyň parahat we durnukly ýurt hökmünde ösüşine ujypsyzja bolsa-da goşant goşandygyma men örän buýsanýaryn. Golaýda maňa türkmen döwletiniň Ählumumy ýaşyl ösüş institutyna resmi taýdan goşulmak babatda degişli işleri alyp barýandygy hakynda habar berdiler. Türkmenistanyň bu düzüme goşulmagy bilen bagly resminama gol çekendigi üçin türkmen Liderine hoşallygymy bildirýärin.
Ählumumy ýaşyl ösüş instituty hökümetara gurama bolup, oňa dünýäniň 41 döwleti agza bolup durýar. Bu düzüm öz agzalaryna «ýaşyl» ösüşe geçmek, inklýuziw we durnukly ykdysady ösüşi gazanmak işinde goldaw berýär. Guramanyň ýolbaşçysy hökmünde ýakyn wagtlarda Türkmenistany Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň täze gatnaşyjysy bolmagy bilen gutlamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.
Ýurduň Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentini we ähli halkyny ýene-de bir gezek mähirli gutlap, ýetip gelýän Täze ýyly hem uly üstünlikler bilen garşylamagyňyzy arzuw edýärin.