MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PARLAMENTARA FORUMYNYŇ AŞGABAT JARNAMASY

2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Aşgabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşyjylar bolan biz;

Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň parlamentlerine wekilçilik etmek bilen;

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň taryhda ilkinji gezek Parlamentara forumyny geçirmek baradaky başlangyjyny mübärekläp;

Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyny we halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerini hem-de kadalaryny berjaý etmäge ygrarlydygymyzy bildirmek bilen;

Parlamentara Bileleşigiň (PB) dünýä ýurtlarynyň parlamentleriniň arasynda häzirki zamanyň wajyp meseleleri boýunça gepleşikleri geçirmek we hyzmatdaşlyk etmek üçin köptaraplaýyn forum hökmünde ornuny bellemek bilen;

Parlamentara Bileleşigiň 2022 — 2026-njy ýyllar üçin strategiýasyny, aýratyn hem onuň strategik maksatlaryny, hususan-da, netijeli we ygtyýarlyklara eýe parlamentleri döretmek, inklýuziw we wekilçilikli parlamentleri ilerletmek, bilelikdäki parlament hereketlerini çaltlandyrmak baradaky strategiýasyny nazara alyp;

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2020-nji ýylyň 9-njy sentýabryndaky 74/304 belgili «Birleşen Milletler Guramasynyň, milli parlamentleriň we Parlamentara Bileleşigiň arasyndaky özara hyzmatdaşlyk hakyndaky Kararnamasyna» salgylanyp, şol Kararnamada Parlamentara Bileleşige milli, sebit we ählumumy derejelerde parlamentleriň goşandyny artdyrmaga, şol sanda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça ýardam etmäge işjeň gatnaşmagy dowam etdirmek, 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş babatda maksatlara ýetmegi çaltlandyrmagy goldamak beýan edilýär;

Sebitde, şeýle hem dünýäde häzirki zamanyň ählumumy wehimlerini çözmek boýunça tagallalary birleşdirmekde deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda parlamentara aragatnaşyklaryň barha artýan ornuna ähmiýet bermek bilen;

COVID-19 pandemiýasyny ýeňip geçmek, adamlaryň saglygyny üpjün etmek hem-de pandemiýadan soňky döwürde dünýä ykdysadyýetini dikeltmek üçin netijeli parlamentara we halkara dialoga ýardam etmegiň möhüm guraly hökmünde parlament diplomatiýasynyň gurallaryny peýdalanmakda milli parlamentleriň we parlamentarileriň ägirt uly ornuny ykrar etmek bilen;

Şeýle hem howanyň üýtgemegi babatda BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynda, Pariž ylalaşygynda, şonuň ýaly-da, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly Durnukly ösüş maksatlarynyň düzümleriniň durmuşa geçirilmegini üpjün etmekde parlamentleriň esasy kanun çykaryjylyk, gözegçilik, býujet we beýleki wekilçilikli wezipeleriniň ornuny ykrar etmek bilen;

Aşgabat şäherinde 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň Jemleýji resminamasynda goldanylan, «Dialog — parahatçylygyň kepili» halkara gatnaşyklarda parahatçylygyň medeniýetiniň, dialogyň we ynanyşmagyň kemala getirilmegine gönükdirilen ählumumy başlangyjyň ähmiýetini bellemek bilen;

Parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça sebitara we ählumumy tagallalary birleşdirmek üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky işjeň parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigini nygtamak bilen;

1. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň kanun çykaryjy edaralarynyň mümkinçiligini has doly durmuşa geçirmek üçin parlamentara hyzmatdaşlygynyň netijeli ýollaryny işläp taýýarlamagyň ileri tutulýan ugurlaryň biridigini tassyklap, özara hyzmatdaşlygy aşakdaky ugurlar boýunça alyp barmagy tassyklaýarys:

— «Döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasy: häzirki zaman tejribesi we hyzmatdaşlyk»;

— «Lukmançylyk diplomatiýasy: tejribe alyşmak — öňe hereket etmegiň ygtybarly ýoly»;

— «Ekologiýa abadançylygynyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna sebit hyzmatdaşlygy».

2. Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň döwlet Baştutanlarynyň parlamentarizmi, demokratik taýdan öňegidişligi we parlament diplomatiýasyny ösdürmek boýunça amala aşyrýan çärelerini goldaýarys we oňa hemmetaraplaýyn ýardam edýäris;

3. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentara toparlarynyň we/ýa-da dostluk toparlarynyň ugry boýunça köpasyrlyk aragatnaşyklary, hoşniýetli goňşuçylygy, özara ynanyşmagy we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny we aragatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek ugrunda çykyş edýäris;

4. 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatda Gün tertibini bilelikde durmuşa geçirmek boýunça borçnamalarymyzy tassyklaýarys;

5. Kanun çykaryjylyk işiniň dowamynda parlament işinde ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge we öňdebaryjy innowasiýalar boýunça tejribe alyşmaga taýýardygymyzy belläp geçýäris;

6. Lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, häzirki zamanyň ýokanç we ýokanç däl keselleriniň öňüni almak hem-de bejermek, temmäkä garşy göreşmek, adamyň saglygyna ýaramaz täsir edýän ýagdaýlary peseltmek boýunça kanun çykaryjylyk işini dowam etdirmegi möhüm diýip hasap edýäris;

7. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyna, hususan-da, onuň ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly pandemiýa garşy göreşmäge taýýarlygy ýokarlandyrmak işinde öz goldawymyzy beýan edýäris, şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň ilkinji lukmançylyk-sanitariýa kömegini bermek, şonuň ýaly-da, ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak, olary anyklamak we bejermek boýunça başlangyçlaryny ilerletmegiň zerurlygyny belläp geçýäris;

8. Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda özara hyzmatdaşlygy mübärekleýäris;

9. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň ilkinji Parlamentara forumyny geçirmegiň bu ýurtlaryň kanun çykaryjy edaralarynyň hyzmatdaşlygynyň guraly hökmünde aýratyn ähmiýetini nygtap belleýäris we foruma gatnaşyjy ýurtlaryň başlangyçlaryndan ugur alyp, şeýle forumlaryň yzygiderli esasda geçirilmegini goldaýarys;

10. Parlamentara hyzmatdaşlygyň «Merkezi Aziýa — Russiýa» diýen täze görnüşini — Aşgabat görnüşini yglan etmek hem-de Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde onuň ştab-kwartiraly Sekretariatyny döretmek baradaky teklipleri goldaýarys;

11. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň ilkinji Parlamentara forumynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi we mähirli myhmansöýerlik görkezilendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Milli Geňeşine we Hökümetine minnetdarlyk bildirýäris.

Aşgabat şäheri, Türkmenistan,

2022-nji ýylyň 12-nji maýy.