RSS

SOŇKY HABARLAR

29 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ WE BAE-NIŇ PREZIDENTIŇ IŞLERI BOÝUNÇA MINISTRINIŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti BAE-niň Abu-Dabi şäherine sapar bilen gitdi. Şol gün, saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Prezidentiň iş...

DOWAMY
28 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI YSRAÝYL DÖWLETINIŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞDY

2022-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistandaky Ysraýyl Döwletiniň täze bellenen Ilçisi hanym Bet-Iden Kaýt bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň başynda Ministr R.Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşine gönükdirilen diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Söhbetdeşligiň barşynda gatnaşyklary berkitmegiň, şol sanda ikitaraplaýyn syýasy, diplomatiki, söwda-yk...

DOWAMY
27 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ ÝOKARY DEREJELI BILERMENLER MISSIÝASYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Statistika boýunça edarasynyň Demografiki statistika bolüminiň başlygy Srjan Mrkiç bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň, hususan-da BMG-niň Statistika boýunça edarasynyň hem-de BMG-niň Ilat Gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mükinçilikleri bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşligiň esasy temasy 2022-nji ý...

DOWAMY
26 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ DÖWLET GEŇEŞINIŇ AGZASY, GORANMAK MINISTRINI KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 26-njy aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministri Weý Fenhäni kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň we Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýanyň hormatly Prezidentimize hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Mümkinçilikden peýdalanyp, HHR-iň D...

DOWAMY
26 Apr

TÜRKMENISTANYŇ UNESCAP BILEN ÖZARA HEREKETLERINIŇ UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 26-njy aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alişahbana bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy UNESCAP-yň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli gutlag sözlerini aýtdy hem-de Ko...

DOWAMY
26 Apr

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

Türkmen halkynyň ynsanperwerlik däplerine esaslanyp Türkmenistan şu ýylyň aprelinde ukrain halkyna ynsanperwer kömegini ýollar. Ynsanperwer kömeginiň düzümi derman serişdelerinden we Türkmenistanyň beýleki lukmançylyk senagatynyň önümlerinden hem-de dokma önümlerinden ybarat bolar.

DOWAMY
25 Apr

GAZAGYSTANYŇ ILÇISINIŇ TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistana täze belenen Ilçisi Askar Tažibaýew bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda R.Meredow Gazagystanyň Ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa diplomatik wezipesinde üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdi. Şonuň ýaly-da, iki ýurduň arasyndaky özara hereketleri pugtalandyrmagyň meseleleri, şeýle-de ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we m...

DOWAMY