MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ WE ÝEWROPA GEŇEŞINIŇ PREZIDENTINIŇ 2-NJI DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

img
img
img
img
img
img
img
img

2023-nji ýylyň 2-nji iýunynda Gyrgyzystan Respublikasynyň Çolpan-Ata şäherinde "Merkezi Aziýa – Ýewropa Geňeşi" görnüşinde ýokary derejeli sammit geçirildi, oňa Ýewropa Geňeşiniň ýolbaşçysy Şarl Mişel, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary N.Amannepesow gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Merkezi Aziýa we ÝB döwletleriniň arasynda köptaraplaýyn we özara bähbitli hyzmatdaşlyk meselelerine seredip geçdiler. Bu formatda ýokary derejeli dialogy dowam etdirmäge we Merkezi Aziýada abadançylyk we howpsuzlyk umumy maksady bolan taraplaryň arasynda kesgitlenen ileri tutulýan ugurlara laýyklykda ÝB-MA hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Ýolbaşçylar soňky ÝB-MA gepleşikleriniň we platformalarynyň oňyn netijelerini kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşyga gatnaşyjylar Owganystandaky ýagdaý boýunça umumy aladalaryny beýan etdiler we halkara jemgyýetçiligini Owganystanyň halkyna ynsanperwer kömegini artdyrmaga çagyrdylar. Bu nukdaýnazardan, Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň 25-26-njy maýda Aşgabatda geçirilen dördünji duşuşygynyň netijeleriniň ähmiýeti nygtaldy.

Ulag-üstaşyr aragatnaşygy, sanlylaşdyrma, daşky gurşawy goramak, serhet howpsuzlygy, neşe gaçakçylygyna garşy göreşmek, bilim we syýahatçylyk ugurlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

«Global Gateway»  strategiýasyny we howanyň üýtgemegi, suw baýlyklary we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek boýunça «Team Europe» başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň çäginde bilelikdäki tagallalary güýçlendirmegiň maksadalaýyklygy bellendi.

Howanyň üýtgemeginiň sebite ýaramaz täsiri we bu ugurda hyzmatdaşlygyň zerurlygy nygtaldy.

Mundan başga-da, ýolbaşçylar ähli taraplaryň durmuş-ykdysady ösüşini çaltlaşdyrmak üçin özara söwda we maýa goýum mehanizmlerini has-da giňeltmegiň möhümdigini aýtdylar.

Merkezi Aziýada suw baýlyklaryny tygşytly peýdalanmak we goramak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, şeýle hem Merkezi Aziýada daşky gurşawy we biodürlüligi gorap saklamak ýaly ugurlarda innowasiýa hem-de suw-energetiki hyzmatdaşlygynyň durmuşa geçirilmegi üçin “MA-ÝB” formatynda ýokary derejeli sebitara gatnaşyklarynyň zerurlygy tassyklandy.

Taraplar Ýewropada we Merkezi Aziýada, şol sanda ýokary bilim, medeniýet we syýahatçylyk ugurlary arkaly adamlaryň, hususan-da ýaşlaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin bilelikde işlemegiň möhümdigini tassykladylar. Munuň bilen birlikde, seljeriş merkezleri bilen raýat jemgyýetiniň arasyndaky özara gatnaşyklary güýçlendirmegiň ähmiýeti bellendi we Merkezi Aziýadan gelen diplomatlary, şol sanda Ýewropa Bileleşiginde bilelikde taýýarlamagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýewropa Geňeşiniň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitde gülläp ösmegi, parahatçylygy, durnukly ösüşi, hoşniýetli goňşuçylygy, ynamy we dostlugy üpjün etmek ugrundaky tagallalaryna goldady, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň çäginde sebit hyzmatdaşlygynyň berkidilmeginiň, şeýle hem sebitdäki durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler boýunça alnyp barylýan tagallalaryň ähmiýetini nygtady.

Sammitiň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary N.Amannepesow bilen Ýewropa Geňeşiniň ýolbaşçysy Ş.Mişeliň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki derejesini kanagatlanma bilen bellediler we biziň ýurdumyz bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin anyk ädimleri kesgitlediler. Sebitiň howpsuzlygy, ykdysadyýet, energetika, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, ulaglaryň arabaglanyşygy ulgamlary hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi.