Türkmenistanyň Prezidenti «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
														
						2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Eisaku Itony kabul etdi.
Ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysy duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi ekologik taýdan arassa innowasion tehnologiýalaryň esasynda senagatlaşdyrmaga hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatyň möhüm ähmiýetini belledi. Şeýle hem myhman Balkan welaýatynda täze desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi we düýbüniň tutulmagy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Eisaku Ito Türkmenistan bilen «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrundaky täze başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda iri ýapon kompaniýalary ýurdumyzda dürli ulgamlarda, ilkinji nobatda, nebitgaz toplumynda, energetika, himiýa senagatynda netijeli işleri alyp barýarlar.
Eisaku Ito netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda täze gurulýan desgalaryň önümçilik taýdan netijeli bolmagyna, ekologik kadalaryň berjaý edilmegine, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýändigini aýdyp, «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Eisaku Ito işinde üstünlikleri arzuw etdi.