KONSULLYK HYZMATLARY
Resminamalarda goluň we möhrüň dogrudygyny tassykamak
Zerur resminamalaryň sanawy:
- Arza (Ilçihanada doldurylýar);
- Zagran pasport — asyl nusgasy we göçürmesi;
- Içerki pasport — asyl nusgasy we ähli sahypalarynyn göçürmesi;
- Koreýa Respublikasynyň rezidentlik karty (ID) — asyl nusgasy we göçürmesi;
- Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýa-da Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň degişli ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenilen tertipde tassyklan resminama — asyl nusgasy we göçürmesi.
*** Bellik: Resminamalary fiziki taýdan tabşyrmazdan ozal ýüz tutujy ähli resminamalaryň skanerlenen nusgalaryny Ilçihananyň Konsullyk bölüminiň resmi elektron poçta salgysyna ibermelidir. tmembassy.skr@gmail.com
* Zerur bolan halatynda goşmaça resminamalar talap edilip bilner.
Hökmany öňünden hasaba durmak
Ilçihana gelmezden ozal her bir ýüz tutýan Türkmenistanyň raýaty - Onlaýn konsullyk hasaba alyş ulgamynda hasaba durmalydyr: https://consular.tmembassy.gov.tm/tk
Ozal durlan bolsa gaýtadan durmak zerur däl.
Resminamalary tabşyrmagyň tertibi:
Resminamalar diňe öňünden ýazylmak esasynda kabul edilýär. Ýazylmak telefon arkaly amala aşyrylýar: +82-2-796-9975.
Her bir aýratyn konsulluk meselesi boýunça - aýratyn tabşyrmak
Egerde ýüz tutýan raýat bir günde birnäçe konsullyk meselesi boýunça resminama tabşyrmak üçin ýazylan bolsa, onda her bir aýratyn mesele boýunça aýratyn resminamalaryň (şol sanda olaryň nusgalarynyň) toplumy tabşyrylmalydyr.
Serediliş möhleti: 3–10 iş güni