KONSULLYK HYZMATLARY
Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnama almak
- Arza (Ilçihanada doldurylýar);
- Içerki pasport — asyl nusgasy we ähli sahypalarynyn göçürmesi;
- Zagran pasport — asyl nusgasy we göçürmesi;
- Koreýa Respublikasynyň rezidentlik karty (ID) — asyl nusgasy we göçürmesi (bar bolan halatynda);
- Nusga boýunça ýazylan terjimehal;
- Surat — 3 sany, ölçegi 3×4 sm, reňkli-mat görnüşde, ak fonda, başgapsyz, 6 aý geçmedik;
- Harby bilediň göçürmesi (harby hasaba durmaga degişli erkek adamlar üçin).
- Zagran pasport ýitirilen ýa-da ogurlanan halatynda goşmaça tabşyrmaly resminamalar:
- Koreýa Respublikasynyň polisiýa edarasyndan pasportyň ýitirilendigini ýa-da ogurlanandygyny we onuň häzirki wagta çenli tapylmandygyny tassyklaýan kepilnama, ol:
- rus diline terjime edilip, notarial taýdan tassyklanan bolmaly;
- soňra Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde (Overseas Koreans Agency / Ministry of Foreign Affairs) tassyklanan bolmaly.
*** Bellik: Ýüz tutujyda şahsyýetini tassyklaýan resminamalaryň hiç biri bolmadyk halatynda, Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnama almak üçin arza tabşyrmazdan ozal, ilkinji nobatda Ilçihananyň Konsullyk bölüminde şahsyýeti kesgitlemek tertibinden geçmek zerurdyr.
* Zerur bolan halatynda goşmaça resminamalar talap edilip bilner.
Hökmany öňünden hasaba durmak
Ilçihana gelmezden ozal her bir ýüz tutýan Türkmenistanyň raýaty - Onlaýn konsullyk hasaba alyş ulgamynda hasaba durmalydyr: https://consular.tmembassy.gov.tm/tk
Ozal durlan bolsa gaýtadan durmak zerur däl.
Resminamalary tabşyrmagyň tertibi:
Resminamalar diňe öňünden ýazylmak esasynda kabul edilýär. Ýazylmak telefon arkaly amala aşyrylýar: +82-2-796-9975.
Her bir aýratyn konsulluk meselesi boýunça - aýratyn tabşyrmak
Egerde ýüz tutýan raýat bir günde birnäçe konsullyk meselesi boýunça resminama tabşyrmak üçin ýazylan bolsa, onda her bir aýratyn mesele boýunça aýratyn resminamalaryň (şol sanda olaryň nusgalarynyň) toplumy tabşyrylmalydyr.
Serediliş möhleti: 3–10 iş güni