KONSULLYK HYZMATLARY
Ynanç hatyny resmileşdirmek
Zerur resminamalaryň sanawy:
- Arza (Ilçihanada doldurylýar);
- Ýüz tutujynyň Zagran pasporty — asyl nusgasy we göçürmesi;
- Ýüz tutujynyň içerki pasporty — asyl nusgasy we ähli sahypalarynyn göçürmesi;
- Ýüz tutujynyň Koreýa Respublikasynyň rezidentlik karty (ID) — asyl nusgasy we göçürmesi;
- Ynanylýan şahsyň zagran pasportynyň göçürmesi;
- Ynanylýan şahsyň içerki pasportynyň göçürmesi (ähli sahypalary);
- Ynanç hatynyň mowzugy boýunça degişli resminamalar:
Kämillik ýaşyna ýetmedik çagany daşary ýurda alyp çykmaga razylyk:
- Çaganyň dogluş şahadatnamasy — asyl nusgasy we göçürmesi;
- Çaganyň Zagran pasporty — asyl nusgasy we göçürmesi.
Gozgalmaýan emläk bilen bagly geleşikleri amala aşyrmaga ygtyýarnama:
- Emlägiň degişli hukuk eýeçiligi baradaky we beýleki hasaba alyş resminamalary.
Ulag serişdesini satmaga ygtyýarnama:
- Türkmenistanyň IIM-niň polisiýanyň ýol gözegçilik gullugyndan (PÝGG) ulag serişdesiniň tussagda durmaýandygy ýa-da beýleki çäklendirmeleriň ýokdugy baradaky kepilnamasy.
Ynanç hatyny berýäniň adyndan beýleki resminamalary tassyklamak üçin:
- Ynanç haty esasynda tassyklanmaga degişli resminamanyň asyl nusgasy we göçürmesi.
* Zerur bolan halatynda goşmaça resminamalar talap edilip bilner.
Hökmany öňünden hasaba durmak
Ilçihana gelmezden ozal her bir ýüz tutýan Türkmenistanyň raýaty - Onlaýn konsullyk hasaba alyş ulgamynda hasaba durmalydyr: https://consular.tmembassy.gov.tm/tk
Ozal durlan bolsa gaýtadan durmak zerur däl.
Resminamalary tabşyrmagyň tertibi:
Resminamalar diňe öňünden ýazylmak esasynda kabul edilýär. Ýazylmak telefon arkaly amala aşyrylýar: +82-2-796-9975.
Her bir aýratyn konsulluk meselesi boýunça - aýratyn tabşyrmak
Egerde ýüz tutýan raýat bir günde birnäçe konsullyk meselesi boýunça resminama tabşyrmak üçin ýazylan bolsa, onda her bir aýratyn mesele boýunça aýratyn resminamalaryň (şol sanda olaryň nusgalarynyň) toplumy tabşyrylmalydyr.
Serediliş möhleti: 3–10 iş güni