KONSULLYK HYZMATLARY
Ölüm hakynda şahadatnamany konsullyk taýdan tassyklamak
Zerur resminamalaryň sanawy:
- Arza (Ilçihanada doldurylýar);
- Ýüz tutujynyň Zagran pasporty — asyl nusgasy we göçürmesi;
- Ýüz tutujynyň içerki pasporty — asyl nusgasy we ähli sahypalarynyn göçürmesi;
- Ýüz tutujynyň Koreýa Respublikasynyň rezidentlik karty (ID) — asyl nusgasy we göçürmesi;
- Ölüm şahadatnamasy — asyl nusgasy we göçürmesi;
- Ýüz tutujynyň aradan çykan bilen garyndaşlyk baglanyşygyny tassyklaýan resminamalar (ýüz tutujynyň dogluş şahadatnamasy ýa-da garyndaşlyk baglanyşygyny kesgitleýän beýleki resminamalar) — asyl nusgasy we göçürmesi.
* Zerur bolan halatynda goşmaça resminamalar talap edilip bilner.
Hökmany öňünden hasaba durmak
Ilçihana gelmezden ozal her bir ýüz tutýan Türkmenistanyň raýaty - Onlaýn konsullyk hasaba alyş ulgamynda hasaba durmalydyr: https://consular.tmembassy.gov.tm/tk
Ozal durlan bolsa gaýtadan durmak zerur däl.
Resminamalary tabşyrmagyň tertibi:
Resminamalar diňe öňünden ýazylmak esasynda kabul edilýär. Ýazylmak telefon arkaly amala aşyrylýar: +82-2-796-9975.
Her bir aýratyn konsulluk meselesi boýunça - aýratyn tabşyrmak
Egerde ýüz tutýan raýat bir günde birnäçe konsullyk meselesi boýunça resminama tabşyrmak üçin ýazylan bolsa, onda her bir aýratyn mesele boýunça aýratyn resminamalaryň (şol sanda olaryň nusgalarynyň) toplumy tabşyrylmalydyr.
Serediliş möhleti: 1–1,5 aý