Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Seul şäherinde çagalaryň arasynda surat çekme bäsleşigi geçirildi.

2016-njy ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllygy we 2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Ilçihanamyz tarapyndan Koreýa Respublikasynyň «World Multiculture Museum» atly muzeýiň binasynda «Turkmenistan Through Children’s Eyes Drawing Competition” atly çagalaryň surat çekme bäsleşigi geçirildi.

 Surat çekme bäsleşigiň başynda Türkmenistanyň medeniýeti, taryhy we Türkmenistanly çagalaryň bilim hem-de terbiýe alyşy bilen bu bäsleşige gatnaşan koreý mekdep okuwçylar tanyşdyryldy.

  Bäsleşigiň dowamynda, ussat suratkeşleriň surat çekmeklik boýunça ukyplary hem görkezildi. Soňra dürli ýaş ölçegleri boýunça 1,2 we 3-nji orunlary gazanan bäsleşigiň ýeňijilerine Ilçihanamyz tarapyndan sowgatlar, ýeňijiniň we gatnaşyjynyň  Şahadatnamalary, türkmen amaly-haşam sungatynyň ýädigärlik sowgatlary berildi.