Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi.

2016-njy ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda bu ýurtda okaýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllygy we 2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanda geçirilýän dabaraly çäreler barada talyplara beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Ilçihana tarapyndan hem Koreýa Respublikasynda geçirilýän dürli çärelere işjeň gatnaşmaklary türkmen talyplaryna aýdyldy. Türkmen talyplaryna okuwlarynda üstünlikler arzuw edilip, Berkarar Watanymyza dolanyp baranlaryndan soň, Türkmenistany ösdürmäge we özgertmäge, döwletimiziň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmaga mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna uly ynam bildirildi.