Türkmenistanyň hökümet wekiliýeti Koreýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 16-19-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyna iş sapary amala aşyrylyp, onuň dowamynda bu ýurduň hökümet wekilleri, koreý kompaniýalarynyň hem-de maliýe institutlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi we önümçilik bilen meşgullanýan zawodlara we jemgyýetçilik desgalaryna barlyp görüldi.

Koreýa Respublikasynyň “K-Exim” bankynda geçirilen duşuşyk barada

2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde Koreýa Respublikasynyň Eksport-import bankynyň (K-Exim) binasynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bu bankyň başlygy Ýun Hi-soň, şeýle hem bankyň birnäçe düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerine, şol sanda, Arkadag şäheriniň Lukmançylyk klasteriniň taslamasyny amala aşyrmak, gaz-himiýa pudagynda hyzmatdaşlyk bilen bagly möhüm ähmiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy, şeýle hem geljekki özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna seredildi.

Bank-maliýe ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek nukdaýnazaryndan, taraplar 2024-nji ýylyň iýunynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň we Koreýa Respublikasynyň Eksport-import bankynyň arasynda gol çekilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň ähmiýetiniň wajyp bolup durýandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň nygtaýşyna görä, Türkmenistanyň Hökümeti Koreýa Respublikasynyň degişli düzümleri, şol sanda, maliýe edaralary bilen oňyn we netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge isleg bildirýär.

 

Koreýa Respublikasynyň “Kookmin” bankynda geçirilen duşuşyk barada

 

2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy R.Jepbarowyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we “Türkmenhimiýa” döwlet konserniň başlygy D.Sapbaýewiň Koreýa Respublikasynyň abraýly hususy banklarynyň biri bolan «Kookmin” bankynyň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň maliýe edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellemek bilen, türkmen tarapy bu ugurda gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirdi hem-de geljekde iki ýurduň banklarynyň arasynda çarçuwaly ylalaşyga gol çekmek mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. “Kookmin” bankyň wekilleri hem, öz gezeginde, özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine seretmäge gyzyklanma we taýýarlyk bildirdiler. 

Duşuşygyň barşynda taraplar Arkadag şäherinde döredilmegi meýilleşdirilýän Lukmançylyk klasteriniň çäklerinde amala aşyrylmagy taslamalarda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Korporatiw hyzmatdaşlyk boýunça Koreýa komissiýasynyň başlygy jenap Li Dal Gon bilen bolan duşuşyk barada

2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiň Korporatiw hyzmatdaşlyk boýunça Koreýa komissiýasynyň başlygy jenap Li Dal Gon (ozalky Koreýa Respublikasy-Türkmenistan parlamentara dostluk toparynyň başlygy) bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda jenap Li Dal Gon türkmen wekiliýetine duşuşmaga wagt tapandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran saparyny mähirli ýatlap, ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin berilýän uly üns üçin türkmen tarapyna sag bolsun aýtdy.

Türkmen wekiliýetiniň häzirki saparynyň dowamynda gol çekilmegi meýilleşdirilýän “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Daewoo E&C” kompaniýasynyň arasynda Türkmenabatdaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň taslamasyny düzmek we doly gurup tabşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly Ylalaşygyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen “Korea Meditech Co., Ltd.” kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran saparyndan gözbaş alyp gaýdýandygy bellenip geçildi.

Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministriniň birinji orunbasary bilen geçirilen duşuşyk barada

2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministriniň birinji orunbasary jenap Hýun Hwan Jin bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda taraplar mähirli salamlaşyp, duşuşyk üçin döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdiler. Koreý tarapy soňky ýyllarda akylly şäherler babatda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ýygjamlaşýandygyny bellemek bilen, akylly Arkadag şäheriniň 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda bu ýurduň Goýang şäherinde geçirilen bütindünýä akylly şäherleriň sergisinde 3 sany baýraga mynasyp bolmagyny buýsanç bilen nygtady. Munuň özi Türkmenistanyň döwrebap şähergurluşygyna, adamlaryň ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün etmeklige berýän ünsüniň netijesi bolup durýandygy barada aýdylyp geçildi. Duşuşygyň dowamynda D.Orazow häzirki wagtda ikinji tapgyr gurluşygy alnyp barylýan bu şäheriň çäginde dörediljek Lukmançylyk klasteri barada koreý tarapyna maglumat berdi.

Jenap Hýun Hwan Jin Koreýa Respublikasynyň akylly şäherleri gurmakda, hususan-da akylly ulag, aragatnaşyk, ýaşaýyş ulgamyny ornaşdyrmak babatda giň tejribesiniň bardygy bellenip, koreý kompaniýalaryny Arkadag şäheriniň gurluşygynyň beýleki ulgamlaryna hem çekmek teklip etdi.

Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Demirgazyk-Gündogar we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça býurosynyň baş direktory jenap Kang Ýongşin bilen geçirilen duşuşyk barada

2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň bu ministrligiň Demirgazyk-Gündogar we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça býurosynyň baş direktory jenap Kang Ýongşin bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň esasy mowzugy hökmünde taraplar Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän lukmançylyk enjamlaryny öndürmek boýunça zawoduň taslamasyny päsgelçiliksiz durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen “Korea Meditech Co., Ltd.” kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişmek dabarasy barada

2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde “Lotte” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen “Korea Meditech Co., Ltd.” kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişmek dabarasy geçirildi. Bu dabara koreý tarapyndan Koreýa Respublikasynyň Saglygy goraýyş we abadançylyk ministrliginiň Lukmançylyk senagaty býurosynyň baş direktory hanym Joň Ynýoň we ministrligiň beýleki wekilleri hem-de bu ministrlige degişli bolan Koreýa Respublikasynyň lukmançylyk senagatyny ösdürmek boýunça institutyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylar bu gol çekilýän resminamanyň saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taraplaryň ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklaýandygy barada nygtadylar. Arkadag şäherinde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bu taslamanyň Türkmenistanyň lukmançylyk senagatynyň öňe gitmegine täsir etjekdigini bellemek bilen D.Orazow onuň bökdençsiz amala aşyrylmagy Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bildirilýän ynamyň birkemsiz berjaý edilmegini gazanylmalydyny belledi.

Gol çekişlik dabarasy tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň Koreýa Respublikasynyň Saglygy goraýyş we abadançylyk ministrliginiň Lukmançylyk senagaty býurosynyň baş direktory hanym Joň Ynýoň we beýleki koreý tarapynyň wekilleri bilen aýratyn duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Arkadag şäherinde dörediljek lukmançylyk klasterine degişli taslamalarda Koreýa Respublikasynyň döwlet edaralary we kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşdy.

Koreýa Respublikasynyň Söwda, senagat we energetika ministri jenap An Dokgyn bilen geçirilen duşuşyk we “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Daewoo E&C” kompaniýasynyň arasynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekmek dabarasy barada

2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde Seul şäheriniň “Four Seasons” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýeti bilen Koreýa Respublikasynyň Söwda, senagat we energetika ministri jenap An Dokgynyň arasynda ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Koreý tarapyndan geçirilen duşuşyga “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasynyň prezidenti we ýerine ýetiriji direktory jenap Kim Bo Hýon hem gatnaşdy.

Duşuşygyň başynda taraplar özara mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda soňky ýyllarda yzygiderli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berdiler. Soňra “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasynyň arasynda Türkmenabat şäherinde guruljak täze himiýa zawodynyň düzüminde mineral dökünleri öndürýän döwrebap önümçilik toplumyny taslamalaşdyrmak we doly taýýar edip tabşyrmak boýunça Çarçuwaly Ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy. Gol çekişlik dabarasynyň türkmen-koreý ykdysady gatnaşyklarynyň täze tapgyrynyň başlamagyna ýol açýandygy barada taraplar aýratyn nygtadylar.

Gol çekişlikden soň geçirilen gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklere jikme-jik seredip geçildi. Türkmen tarapy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti tarapyndan öňe sürülýän milli ykdysadyýetimiziň önümçilik we eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, şeýle hem dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan ýokary hilli mineral dökünleri öndürmek boýunça giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasaty barada giňişleýin maglumat berdi.

Şeýle-de türkmen tarapy himiýa pudagynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň ähmiýetini aýratyn belläp, bu taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen Türkmenistanyň mineral dökünlerini öndürmek boýunça halkara derejesindäki eksport mümkinçilikleriniň has-da giňeljekdigine ynam bildirdi.

Jenap An Dokgyn öz gezeginde bu taslama babatda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyny ykdysady hyzmatdaş hökmünde saýlap almagyna ýokary baha berip, täze himiýa toplumynyň gurluşygynyň diňe bir Türkmenistanyň ykdysadyýetine däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň himiýa senagatynyň ösüşine möhüm goşant goşjakdygyny aýratyn nygtady.

“Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasynyň prezidenti we ýerine ýetiriji direktory jenap Kim Bo Hýon hem türkmen tarapynyň kompaniýa bildirýän ynamyna aýratyn minnetdarlygyny bildirip, täze taslamanyň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün ediljekdigini we ähli tehniki hem guramaçylyk meseleleriniň ýokary derejede amala aşyryljakdygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň özara gatnaşyklary ösdürmekdäki möhüm ornuny aýratyn belläp geçdiler. Şeýle-de, taraplar toparyň nobatdaky mejlisiniň Türkmenistanda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi boýunça görülýän taýýarlyklar bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy Kim Jin-Pýo (Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň ozalky spikeri) bilen geçirilen duşuşyk barada

2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde “Fairmont Ambassador” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy Kim Jin-Pýo bilen duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga koreý tarapyndan Koreýa Respublikasynyň Milli assambleýasynyň deputaty, Ýer, infrastruktura we ulag komitetiniň başlygy, Demokratik partiýanyň wekili jenap Maeng Sungkýu, “Shindong Enercom Inc” söwda kompaniýasynyň ýolbaşçysy Kim Ýunşik, we “DYNPF” kompaniýasynyň ýolbaşçysy gatnaşdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annamämmedow Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy Kim Jin-Pýo duşuşyk üçin hoşallygyny bildirmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňa iberen mähirli salamlaryny ýetirdi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara forumyna gatnaşmak üçin Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy Kim Jin-Pýo çakylyk hatyny gowşurdy.

Kim Jin-Pýo, öz gezeginde, bu möhüm halkara forumyna çagyrylýandygy üçin özüniň hoşallygyny bildirdi hem-de oňa hökman gatnaşjakdygyny tassyklady.

Soňra taraplar türkmen-koreý gatnaşyklarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem geljegi uly bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny bellediler.

Hususan-da türkmen tarapy ýurdumyzda amala aşyrylýan möçberli taslamalar, şol sanda, “akylly” Arkadag şäheri barada habar berdiler. Bu ugurlarda Koreýa Respublikasynyň abraýly kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirilýändigi bellendi.

Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň (KITA) başlygy jenap Ýun Jinsik bilen bolan duşuşyk barada

2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň (KITA) başlygy jenap Ýun Jinsik bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda koreý tarapy türkmen tarapyny Koreýa Respublikasynda hoş görendigini belläp, bu gezekki amala aşyrylýan saparyň iňňän üstünlikli bolýandygyny nygtady. Çünki bu saparyň dowamynda geçirilen duşuşyklaryň we gol çekilen resminamalaryň şübhesiz ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary täze derejä çykarjakdygy aýdyldy. Galyberse-de iki ýurduň arasynda hereket edýän işewürler geňeşiniň işine oňyn baha berlip, bu geňeşiň mümkinçiliklerini doly güýjünde peýdalanmak babatda özara pikir alşyldy.

Türkmen tarapy öz gezeginde ýurdumyzda senagat desgalarynyň gurluşygy boýunça koreý tarapy bilen alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Mundan başga-da Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň başda durmagy bilen bina edilýän akylly Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça hem durlup geçildi we onuň çäginde dürli görnüşli desgalar üçin yglan edilýän bäsleşiklere koreý kompaniýalarynyň gatnaşmaga çagyrylýandygy barada nygtaldy. Koreý tarapy Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasy (KITA) öz tarapyndan zerur bolan ugurlar boýunça koreý kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy jenap Ýun Jinsiki 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçiriljek ýokary derejeli Foruma gatnaşmaga çagyrdy.

“Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklar barada

 

2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasynyň başlygy jenap Joň Won Ju-nuň çakylygy esasynda bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň bu kompaniýanyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasy senagat desgalaryň gurluşygy boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we geljekde taraplaryň bu hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga taýýardygy tassyklanyldy.

“EMKorea”, “ABIMAN Engineering” we “Shinsung E&G” kompaniýalarynyň önümçilik zawodlaryna sapar barada

2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň bir topary Koreýa Respublikasynyň EMKorea kompaniýasynyň bir gezek ulanylýan lukmançylyk önümleriniň we degişli tehnologiýalaryň öndürilýän zawodyna sapary amala aşyryldy.

Türkmen wekiliýetini EMKorea kompaniýasynyň ýolbaşçylary mähirli garşy alyp, olara sanjymlar, iňňe, infuziýa toplumlaryny öndürmek üçin zerur bolan enjamlaryň taslamalaşdyrylmagy, gurluşygy we ornaşdyrylmagy boýunça kompaniýa tarapyndan edilýän işler bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem doly awtomatlaşdyrylan infuziýa toplumyny ýygnaýjy enjamlar, insulin şprisleri, filtrli iňňeler, howpsuzlyk şprisleri, howpsuzlyk ruçka iňňeleri, doly awtomatlaşdyrylan usulda ýygnama we gaplama enjamlary, bölekler üçin üpjünçilik ulgamlary iş ýüzünde görkezildi.

2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde türkmen wekiliýetiniň Koreýa Respublikasynyň “ABIMAN Engineering” we “Shinsung E&G” kompaniýalarynyň önümçilik zawodlaryna tanyşlyk saparyny amala aşyrdylar. Bu saparyň dowamynda koreý kompaniýalary türkmen tarapyny lukmançylyk enjamlaryny öndürmek boýunça robot tehnikalary we enjamlary, arassalaýyş ulgamlary bilen tanyş etdiler. Hususan-da, “ABIMAN Engineering” kompaniýasy enjamlaryň awtomatlaşdyrylyşy, robot tehnologiýasy we "akylly fabrika" çözgütleri boýunça mümkinçiliklerini görkezip, çykaryjy robotlaryň, köp bogunly robotlaryň we ýardamçy robotlaryň (cobots) işleýşini türkmen wekiliýetine iş ýüzünde görkezdi.

2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde türkmen wekiliýetiniň “Shinsung E&G” kompaniýasynyň önümçilik zawodyna sapary boldy. Bu ýerde türkmen tarapyna ýokary we takyk tehnologiýaly arassalaýyş otaglarynyň (Clean room) gurnalşy we işleýşi bilen tanyş edildi. Bu otaglar lukmançylyk enjamlaryny öndürýän zawodlarda iň bir zerur gurnamalaryň biri bolup, olar lukmançylyk enjamlarynyň sterilizasiýasyny üpjün etmekde hökmany şert bolup durýar. Bu babatda, koreý kompaniýasynyň öndürýän tehnologiýalarynyň işleýiş kuwwaty mümkinçiligi türkmen tarapyna iş ýüzünde görkezildi. Şeýle hem “Shinsung E&G” kompaniýasynyň öndürýän gün şöhlesinden energiýa toplaýan panelleri we batareýalary bilen türkmen tarapy jikme-jik tanyş edildi.

Zibilleri ýerlemek boýunça taslamasyna we Ulsan şäherinde ýerleşýän energetiki taslamalara amala aşyrylan
tanyşlyk sapary barada

2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygynda wekiliýetiň bir böleginiň Koreýa Respublikasynyň “Daewoo E&C” kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurlan zibilleri ýerlemek boýunça taslamasyna tanyşlyk sapary amala aşyryldy. Bu taslama ekologiýa taýdan arassa, gaýtadan dikeldilýän we häzirki wagtda galyndylary dolandyrmak boýunça dünýäde iň üstünlikli we innowasion tejribe hökmünde tanalýandygy barada bu taslamanyň ýolbaşçylary tarapyndan gürrüň berildi.

 

2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annamämmedowyň, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy R.Jepbarowyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy D.Sapbaýewiň “Daewoo E&C” kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurlan Koreýa Respublikasynyň Ulsan şäheriniň demirgazyk portunda ýerleşýän uly möçberli energetiki taslama bolan Suwuklandyrylan tebigy gaz (LNG) terminalyna tanyşlyk sapary amala aşyryldy.

Taslamanyň aýratynlyklarynyň biri hökmünde onuň ýokary sygymlylykly ýerüsti iki sany LNG ammar tankynyň gurulmagynyň, suwuklandyrylan tebigy gazy sagatda 180 tonna buglandyrmak üçin kuwwatly enjamlaryň we nebiti saklamak üçin uly möçberli 270,000 m³ nebit tankynyň bolmagynyň bu toplumyň bellärlikli aýratynlygy hökmünde gürrüň berildi.

Soňra wekiliýet, Ulsan şäheriniň Onsan senagat toplumynda ýerleşýän başga bir taslama bilen tanyş edildi. Bu desganyň gurluşygy "Daewoo E&C" bilen "Daelim" kompaniýalary bilelikde alnyp barlyp, bu desgada etilen gazyny gaýtadan işlemäge gönükdirlen ýokary tehnologiýaly we innowasion taslamadygy barada gürrüň berildi.