TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTLIGINE DALAŞGÄRLERIŇ MAKSATNAMALARY

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTLIGINE DALAŞGÄR GURBANGULY MÄLIKGULYÝEWIÇ BERDIMUHAMEDOWYŇ MAKSATNAMASY

Üçünji müňýyllykda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň has-da gülläp ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen ulgamlaýyn işleri durmuşa geçirmegi öz öňümde baş maksat edip goýdum.

Mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşy ugrunda ähli tagallalary edip, il-ýurt bähbitli beýik işleri amala aşyrmak abraý-mertebedir.

Bu Maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Türkmenistan Watanymyzyň bagtyýarlyk mekanyna öwrülmegini, kämil jemgyýetimiziň dürli gatlaklarynyň has-da jebisleşmegini hem-de mähriban halkymyzyň öňküden-de bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün eder.

Pederlerimizden miras galan iň beýik demokratik gymmatlyklaryň biri-de il-günümiz, parasatly ýaşulularymyz bilen geňeşip, ýurdumyzy ösdürmegiň anyk çözgütlerini tapmakdyr. Öz alyp barýan syýasatymda ata-babalarymyzdan galan bu ýörelgä hemişe eýerip geldim we oňa geljekde-de pugta eýermegi maksat edindim!

Şan-şöhrata beslenen ýyllaryň dowamynda biz dilleri senaly ýaşulularymyz bilen geňeşip-maslahatlaşyp, il bähbitli işleri amala aşyrdyk. Döwletimiziň abraýyny has-da belende galdyrjak, zähmetsöýer halkymyzy beýik maksatlara ýetirjek tutumly işleri biz geljekde-de merdana raýatlarymyz bilen el-ele berip amala aşyrarys.

Biz pederlerimizden miras galan şöhratly ýolumyz bilen bagtyýar geljege tarap ynamly hereket ederis. Beýik döwletleri guran türkmen ilimiziň bu günki nesilleri üçin ösen dünýäniň derwezelerini giňden açyp, gözel Diýarymyzy dünýäde nusgalyk döwletleriň derejesine götereris. Onuň üçin ähli mümkinçilikler bar.

Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň «Ykballynyň ugran işi oň görner» diýip jaýdar aýdyşy ýaly, biziň bagtyýar döwletimizde il-ýurt bähbitli ähli işleriň rowaç aljakdygyna berk ynanýaryn!

Gözel Diýarymyzy asudalygyň, bagtyýarlygyň, abadançylygyň mekanyna öwürmek, eziz Watanymyzda obadyr ak şäherleri bina etmek, ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetmek, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini iň ýokary dünýä ölçeglerine ýetirmek biziň maksatnamamyzyň asyl mazmunyny düzýär.

Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň: «Döwlet gonsa goç ýigidiň başyna, hemaýatly ili gerek daşynda» diýip, örän jaýdar belleýşi ýaly, biz ähli raýatlarymyz bilen jebisleşip, bir jan-bir ten bolup, bagtly geljegi gurmaga galkynmalydyrys.

Kabul eden Maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmak üçin meniň öňde goýan baş wezipelerim şulardan ybaratdyr:

— türkmeniň baky sarsmaz döwletiniň binýatlyk esaslaryny öňküden-de has berkideris, onuň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrarys. Bagtyýar raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrarys, milletimiziň ruhy kämilligini, galkynyşyny öňküden-de ýokary derejelere götereris;

— ýurdumyzda senagatda we oba hojalygynda, telekeçilikde ýokary zähmet öndürijiligini gazanyp, bäsleşige ukyply türkmen harytlaryny halkara bazarlaryna öňküden-de has köp çykarmagyň ykdysady usullaryny durmuşa ornaşdyrarys we ilatymyzyň jan başyna düşýän girdejisiniň öňdebaryjy döwletleriň görkezijileriniň derejesine ýetirilmegini gazanarys;

— ylmyň we bilimiň, medeniýetiň, ynsanperwer ulgamyň ösüşine giň ýol açjak ähli şertleri döretmek, şeýle hem milletimiziň baý ruhy we medeni mirasyna esaslanmak arkaly, türkmen halkynyň dünýäde dörediji we gurujy, oýlap tapyjy halk hökmünde giňden tanalmagyny gazanarys;

— halkymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny has-da berkideris, bu ugurda kanunçylygy döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdireris. Şeýle hem, «Saglyk» döwlet maksatnamamyza laýyklykda raýatlarymyz üçin lukmançylyk hyzmatlarynyň ösen dünýäniň talaplaryna laýyk derejede bolmagyny üpjün ederis. Saglyk öýlerini, saglygy goraýyş merkezlerini, hassahanalary, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini gurmak boýunça alyp barýan işlerimizi mundan beýläk-de dowam etdireris;

— Oba Milli maksatnamamyzy üstünlikli we yzygiderli durmuşa geçireris. Ekerançylyk ýerlerimiziň melioratiw ýagdaýyny has-da gowulandyrarys. «Suw damjasy — altyn dänesi» diýip, suwa belent sarpa goýýan pederlerimiziň ýörelgelerinden ugur alyp, ýurdumyzyň suw gorlarynyň tygşytly ulanylmagyny gazanarys we suwuň netijeli ulanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen gidroirrigasion desgalary gurarys. Ýurdumyzyň ekerançylyk ýerlerini suw bilen doly üpjün etmek boýunça ähli zerur işleri durmuşa geçireris. Ýurdumyzyň suw hojalygy pudagyna iň öňdebaryjy usullary ornaşdyrarys;

— «Altyn asyr» Türkmen kölüne barýan akabalaryň boýunda ýaşamak üçin ähli şertleri bolan ilatly ýerleri dörederis hem-de özboluşly tebigy we ösümlik dünýäsi emele gelen bu suw akabalarynyň ýakalarynda şor suwda bol, süýji önümleri berýän ösümlikleriň — galofitleriň giň ekerançylyk meýdanlaryny dörederis;

— ýurdumyzyň senagat pudaklaryny ösdürmäge, bu ugurda kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda, elektron senagaty döretmäge, döwletimizi senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge aýratyn üns bereris;

— şäherlerde, etraplarda ýaşaýan raýatlarymyz üçin ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini dörederis hem-de ýerlerdäki ähli köçeleriň asfaltlanyp, yşyklandyrylyp, obalarymyzda şäherlerden pes bolmadyk şertleriň döredilmegi üçin ähli tagallalary ederis;

— şäherara we obara ýollarynyň, köprüleriň durkuny täzeläris hem-de ilatly nokatlaryň arasynda ýolagçy awtobuslaryň yzygiderli gatnawyny ýola goýarys;

— ilatly nokatlaryň ählisinde halka durmuş taýdan hyzmat edýän kiçi merkezleri döredip, olarda häzirki zaman hammamlarynyň, ýaşlar we çagalar üçin sport meýdançalarynyň, saglygy goraýyş, şeýle hem kino-konsert merkezleriniň, halk senetçilik önümçiliginiň, şeýle hem ulaglara tehniki hyzmat ediş nokatlaryň işlerini ýola goýarys;

— ilatymyzyň girdejileriniň yzygiderli artmagyny gazanarys;

— zähmet haklaryny, pensiýalary, talyp haklaryny, döwlet kömek pullaryny köpeltmegi, raýatlarymyza niýetlenen ýaşaýyş-durmuş ýeňilliklerini üns merkezinde saklarys;

— ýurdumyzyň raýatlaryny, aýratyn hem, ýaşlarymyzy iş bilen üpjün etmek, olaryň döwrebap bilim almaklary üçin ähli zerur çäreleri durmuşa geçireris;

— ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, bilim, sport, şypahana-bejeriş, sagaldyş we saglyk merkezlerini, medeni-durmuş maksatly desgalary gurmagy dowam etdireris;

— maşgalany maddy taýdan goldamagy dowam etdireris, her bir maşgalanyň ýaşaýyş-durmuş meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen serişdeleriň zerur möçberlerde goýberilmegini gazanyp, jemgyýetimiziň binýady hasaplanýan maşgalanyň, şeýle hem eneligi we çagalygy goramagyň düýpli meselelerini mundan beýläk-de üstünlikli çözmäge ýardam bereris.

— syýahatçylygy dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürmegi göz öňünde tutýarys, sagaldyş-şypahana ulgamyny hem düýpli özgertmegi döwletimizde alnyp barylýan işleriň möhüm ugurlarynyň birine öwreris;

— jemgyýetimiziň syýasy ulgamynyň işini has-da kämilleşdireris. Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýeti pugtalandyrarys, jemgyýetçilik durmuşyny hem mundan beýläk-de çuň demokratiýalaşdyrarys;

— senagatda we oba hojalygynda telekeçiligiň has-da ösdürilmegi üçin oňyn, amatly şertleri dörederis;

— azyk önümleriniň arzan bahadan, elýeterli bolmagyny ygtybarly üpjün etmek üçin, dowarlaryň we iri şahly mallaryň, guşlaryň baş sanyny artdyrmaga, oba hojalyk önümlerini köp möçberde öndürmäge gönükdirilen zerur çäreleri durmuşa geçireris;

— saýlawly ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň — welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň işiniň netijeliligini artdyrarys, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň — Geňeşleriň jemgyýetçilik-syýasy ulgamdaky ornuny has-da ýokarlandyrarys;

— täze döredilen partiýalaryň işiniň kämilleşdirilmegi üçin zerur şertleri mundan beýläk-de üpjün ederis;

— halkara terrorçylygyna, ekstremizme, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga, neşeleriň bikanun dolanyşygyna, parahorluga garşy alnyp barylýan göreşi halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek arkaly dowam etdireris;

— Milli goşunymyzyň, Harby-deňiz güýçlerimiziň, daşymyza mizemez gala bolup duran serhet birikmelerimiziň kuwwatyny artdyrarys, hukuk goraýjy edaralaryň işini has-da kämilleşdireris, şeýle hem Ýaragly Güýçlerimiziň häzirki zaman ýaraglary bilen yzygiderli üpjün edilmegini, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyny gazanarys;

— häzirki zamanyň ähli kommunikasiýa we multimedia tehnologiýalaryny kämil derejede ele alan işgärleriň we hünärmenleriň täze nesliniň kemala getirilmegine aýratyn üns bereris;

— ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň raýatlarymyzyň abadan, bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilmegi üçin, nebitgaz önümleriniň gaýtadan işlenilmeginiň kämilleşdirilmegini, hususan-da, uglewodorod serişdelerini iň häzirki zaman tehnologiýalary esasynda düýpli gaýtadan işlemegi, benzin, polipropilen, suwuklandyrylan gaz, nebit önümleri ýaly dünýäde köp isleg bildirilýän ýokary hilli dürli önümleri öndürmegi ýola goýmagy gazanarys;

— Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Türkmenistanyň halkara sport äleminde uly abraýa eýe bolan döwletdigini Ýer ýüzüne subut etmegi ugrunda ähli tagallalary ederis;

— geljekde aragatnaşyk hem-de teleradio ulgamlarymyzyň işini kämilleşdirmegi, şeýle hem tutuş halk hojalygymyzyň zerurlyklary üçin hyzmat etjek täze hemralary älem giňişligine çykarmagy dowam etdireris;

— Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny has-da ösdürip, ony dünýäniň iň meşhur dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň birine öwreris;

— energiýa çeşmeleriniň adaty däl görnüşlerini, ýagny gün we ýel energiýasyny öndürmek we ondan netijeli peýdalanmak maksady bilen, bu ulgamyň ösüşine uly goldaw bereris;

— Türkmenistanyň älem giňişligini öwrenmek üçin ajaýyp howa we tebigy şertlerini nazarda tutup, türkmen we daşary ýurtly älemşynaslaryň älemi synlap bilmekleri üçin dürli ululykdaky teleskoplardan ybarat bolan hem-de zerur ýaşaýyş jaýlary we iş otaglary bilen üpjün edilen kämil obserwatoriýalar merkezini dörederis;

— ajaýyp kenarly türkmen derýalarynyň ýakalarynda maşgala bolup dynç almagy söýýänler, suwda gaýykda syýahat etmegi halaýanlar üçin dynç alyş merkezlerini, ýagny her 40–50 kilometr aralykdan ähli şertleri bolan giň meýdançaly ýaşyl zolaklary döretmek işini ýaýbaňlandyrarys;

— Köpetdagyň, Köýtendagyň, Sumbaryň şypaly jülgelerinde, Bathyzyň täsin ýaýlalarynda, Amyderýanyň we Murgap hem-de Garagum derýalarynyň kenarlarynda türkmen gurluşykçylarynyň bina etmeginde köp sanly dynç alyş merkezlerini gurup, olarda türkmen we daşary ýurtly jahankeşdeleriň dynç alyp bilmekleri üçin ähli şertleri dörederis;

— welaýat merkezlerine barýan ýollaryň ugrunda her 40–50 kilometr aralykda ähli şertleri bolan dynç alyş merkezlerini — gür baglyga bürenen, töweregi abadanlaşdyrylan giň meýdançaly çaýhanalary, özboluşly kempingleri – çaklaň myhmanhanalary, şeýle hem awtoulag serişdelerine hyzmat edýän häzirki zaman hyzmat merkezlerini gurmak işini ýaýbaňlandyrarys;

— oguzlaryň döreden şöhratly döwletlerinden bize — bu günki nesillere miras galan baý däp-dessurlary şu günki azananlarymyz bilen utgaşdyryp, beýik ruhy galkynyşy gazanarys we ösüşiň belentliklerine tarap öňe, diňe öňe ynamly gideris.

Ata-babalarymyzdan bize miras galan bu mukaddes Diýary jenneti mekana öwürmekde mähriban halkymyzyň aň-bilim, ruhy kuwwatyna bil baglarys.

Bu haýyrly işleri amala aşyrmakda, bize, goý, Beýik Biribar güýç-kuwwat bersin, işlerimizi rowaç etsin!

 

 

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň terjimehal

 

1957-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Aşgabat oblastynyň Gökdepe raýonynyň Babarap obasynda doguldy.

1979-njy ýylda Aşgabatdaky Türkmen döwlet lukmançylyk institutyny tamamlady.

1979-njy ýyldan 1997-nji ýyllary aralygynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ulgamynda dürli wezipelerde zähmet çekdi. Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň mugallymy, terapewtiki stomatologiýa kafedrasynyň dosenti, stomatologiýa fakultetiniň dekany, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Stomatologiýa merkeziniň direktory wezipelerinde işledi. Doktorlyk dissertasiýasyny gorady. Lukmançylyk ylymlarynyň doktory, ykdysady ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi diýen alymlyk derejeleri we atlary bar.

1997-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesine bellendi. Bu wezipe bilen birlikde, Türkmenistanyň Saglygy goraýşy ösdürmek gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory we Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň rektorynyň wezipesini ýerine ýetiriji wezipelerinde işledi.

Şeýle hem, 2001-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary wezipesine bellendi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň çözgüdi bilen 2006-njy ýylyň 21-nji dekabryndan Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň wezipelerini wagtlaýyn ýerine ýetirdi.

2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda ählihalk saýlawlarynda alty dalaşgäriň arasyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlandy.

2007-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanda iň ýokary häkimiýet edarasy bolan Halk Maslahatynyň XIX mejlisiniň barşynda Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine resmi girişdi.

2011-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen at dakyldy.

2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşan dalaşgärleriň 8-sinden bu wezipä Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine gaýtadan saýlanyldy.

Ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köp sanly ýokary ordenleri we medallary bilen sylaglandy.

Dünýäniň birnäçe uniwersitetleriniň we akademiýalarynyň hormatly doktory we akademigi.

Boş wagtlary sport bilen we atçylyk sporty bilen meşgullanýar. Rus we nemes dillerini bilýär.

Maşgalaly, bir ogly we iki gyzy bar.

______________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALAŞGÄR MARY WELAÝATYNYŇ HÄKIMINIŇ ORUNBASARY JUMANAZAR ANNAÝEWIŇ MAKSATNAMASY

Meni Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgärlige hödürlän raýatlaryň teklipçi toparyna hoşallygymy bildirýärin we olara işlerinde uly üstünlikler arzuw edýärin.

Türkmenistan Garaşsyzlygymyzyň ýigrimi bäş ýylynyň dowamynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde haýran galdyryjy üstünliklere eýe bolup, öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Munuň özi, jemgyýetimizde jebis sazlaşygyň emele gelmegine, raýatlarymyzyň aňyýetiniň ýokarlanmagyna, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň hil taýdan täze derejelere göterilmegine getirdi. Milli däp-dessurlarymyzyň, medeni gymmatlyklarymyzyň dikeldilmegine we artdyrylmagyna giň ýol açyldy.

Ýurdumyzyň halkara abraýy has-da artyp, onuň sebitiň we dünýäniň beýleki döwletleri bilen hoşmeýilli gatnaşyklary ýola goýulmagyna mümkinçilik berdi.

Ata Watanymyzyň pajarlap ösmegi, türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan giň möçberli tutumly işler, gurlan we gurulýan häzirki zaman zawodlardyr fabrikler, orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, ylmy we lukmançylyk merkezleri, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, awtomobil we demir ýollary, täze döwrebap şäherçelerdir obalaryň döremegi Türkmenistanyň dünýäniň gülläp ösen döwletleriniň birine öwrülendiginiň nyşanydyr.

Gözel ýurdumyzyň üçünji müňýyllykda hem has-da rowaçlanyp ösmegi, halkymyzyň   bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin geljekde hem ýadawsyz zähmet çekmegimiz gerekdir.

Munuň üçin men geljekde ulgamlaýyn işleriň ençemesini durmuşa geçirmegi we öz öňümde şulary maksat edip goýdum:

Milli demokratiýamyzy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, jemgyýetimiziň jebisligi, medeni-mirasymyzyň, halkymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna ruhy gymmatlyklara daýanmak bilen, ähli bellenilen meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin güýç-gaýratymy aýamajakdygyma saýlawçylary ynandyrýaryn.

Daşary syýasatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesinden ugur almak bilen, döwletimiziň parahatçylygy, dost-doganlygy, ähli ýurtlar bilen oňyn hyzmatdaşlygy öňe sürýän ýurt hökmünde halkara abraýynyň has-da ýokarlanmagyna gönükdirilen işleri amala aşyrarys.

Hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy has-da giňelderis, däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrarys, gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen özara bähbitli köpýyllyk tejribäni hil taýdan täze derejä çykarmak bilen parahatçylyk söýüji ýurt hökmünde mähriban Watanymyzyň halkara derejesindäki at-abraýyny mundan beýläk-de ýokary götereris.

Oba hojalygyny ösdürmek ýaly möhüm meselä aýratyn ähmiýet bereris. Ekin meýdanlarynyň şorlaşmagynyň öňüni almak, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, suwy tygşytly peýdalanmak, ekin dolanyşygyny girizmek bilen bagly amala aşyryljak işleri dünýä we ýerli tejribeleri ornaşdyrmak arkaly ýerine ýetireris.

Ekin meýdanlarynyň suwarymly ýerlerdigini nazarda tutup, suw howdanlarynyň, derýalaryň, ýaplaryň suwlarynyň ýitgisiz ulanylmagyny üpjün etjek gidroirrigasion desgalaryny bina etmek işlerine uly ähmiýet bereris.

Obasenagat ulgamynda önümçilik-ykdysady gatnaşyklarynyň täze görnüşleriniň emele gelmegini gazanarys. Munuň özi, oba hojalyk önümlerini öndürijilere ykdysady ýeňillikleriň berilmegi, öňdebaryjy kärendeçileriň we ýer eýeleriniň, ussat mülkdarlaryň zähmetine ýokary baha berilmegi, döwlet bilen daýhanyň arasyndaky ykdysady gatnaşygyň sazlaşykly ýola goýulmagy oba hojalyk pudagyny ösdürmäge kuwwatly itergi berer.

Topragyň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna, azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, senagatyň çig mal bilen üpjün edilmegine, şeýle hem önümleriň gaýtadan işlenilmegine, obalarda telekeçiligiň mundan beýläk hem ösdürilmegine yzygiderli goldaw bereris.

Gowaçanyň we bugdaýyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy bilen meşgul bolýan ylmy-barlag institutlarymyzyň işiniň ösen dünýäniň talaplaryna laýyk derejede bolmagyny gazanarys. Bu bolsa, ekin meýdanlaryndan bol hasyl almaga mümkinçilik berer. Olaryň hili we düşewüntliligi ýokary derejä çykarylar.

Ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan oba hojalyk hem azyk syýasaty ilatyň esasy azyk önümlerine bolan isleglerini öz önümçiligimiziň hasabyna doly kanagatlandyrmagy göz öňünde tutmak bilen, döwletimiziň azyk garaşsyzlygyny üpjün etmeklige gönükdirilendir. Oba hojalyk toplumyny ösdürmek üçin gönükdirilýän maýa goýumlary bu wezipäniň çözülmegine doly mümkinçilik berýär. Maýa goýumlary bu pudagyň toplumlaýyn özgerdilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdiriler.

Ýurtda dowarlaryň we gara mallaryň baş sanyny köpeltmek göz öňünde tutulýar. Şunda, maldarçylykda hususyýetçilige-kärendeçilige uly orun berler. Bu bolsa ýurdumyzyň bazarlarynyň we dükanlarynyň elýeterli bahadan et we et önümleri bilen mundan beýläk-de doly üpjün edilmegine ýardam berer.

Türkmenistan iri energetika döwletidir. Biziň ýurdumyzyň nebit we gaz gorlarynyň möçberi örän uludyr. Türkmen gazynyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça işler dowam etdiriler.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň çäklerinde geljegi uly nebitgaz ýataklarynyň köp sanlysy ýüze çykaryldy. Olaryň özleşdirilmegi üçin maýa goýumlary zerurdyr. Hereket edýän gaz geçirijileriniň abat we netijeli işlemegini üpjün edip, türkmen energiýa serişdelerini daşarky bazarlara çykarmak boýunça işleri dowam ederis.

Daşky gurşawy goramak işlerini üns merkezimizde saklarys. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek bilen bagly alnyp barylýan işleri dowam etdireris. Zawod-fabrikleriň atmosferany hapalamazlygy üçin zerur bolan ekologiýa tehnologiýaly enjamlaryň ornaşdyrylmagyny üns merkezimizde saklarys.

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýaşaýyş jaýlaryny, şol sanda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy dowam etdireris. Gurluşyk toplumynyň güýçli depginler bilen ösdürilmegini gazanarys. Ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine uly orun bereris.

Dokma toplumynyň gurluşygyna hem aýratyn ähmiýet bereris. Şeýle hem bu pudagyň hereket edýän kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün ederis. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze fabrikleri gurarys we öň bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrarys.

Daşary ýurtlarda gazanylan ýokary halkara tejribesini ýurdumyzyň dokma kärhanalaryna ornaşdyryp, dokma önümleriniň hiliniň has-da ýokary bolmagyny we geçginliligini gazanmak ugrunda işleri ýaýbaňlandyrarys. Bu pudagy ösdürmek biziň esasy wezipelerimiziň biri bolar. Türkmenistanyň dokma senagaty ösen pudaklaryň biri hökmünde bellidir we bu pudagy dünýä ülňülerine çykarmak üçin zerur işler geçiriler.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň dokma senagaty pudagy milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda hereket edýän dokma kärhanalarynda öňdebaryjy kompaniýalaryň iň täze, ýokary öndürijilikli tilsimat enjamlary ornaşdyrylyp, daşary ýurt bazarlarynda ýokary isleg bilen alynýan dürli görnüşli harytlaryň önümçiligi ýola goýuldy. Birnäçe täze fabrikler gurlup ulanmaga berildi we milli ykdysadyýetimiziň ösdürmegine mynasyp goşant goşuldy.

Önümçilik desgalaryndan başga-da, pudakda zähmet çekýän işgärleriň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, döwrebap ýaşaýyş jaýlary we söwda merkezleri gurlup ulanmaga berilýär. Pagtaçylyk bilen meşgullanýan her bir etrabyň ilaty üçin goşmaça iş ýerlerini döretmek maksady bilen, kuwwatlylygy şol etrapda öndürilýän pagta süýüminiň möçberine laýyklykda kesgitlenen, pagta egriji fabriklerini gurmaklygy häzirki döwürde maksadalaýyk hasaplanýar. Pudagy mundan beýläk hem ösdürmegiň Maksatnamada dokma önümleriniň önümçiligini artdyrmak we şonuň bilen birlikde içerki hem-de daşarky bazarlara taýýar dokma önümlerini ýerlemegiň möçberlerini artdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu işleriň amala aşyrylmagy pudagyň ykdysady ýagdaýyny has-da berkitmäge ýardam berer.

Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenaryndaky "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek boýunça işleri dowam etdireris.

Ýurdumyzyň içindäki awtomobil ýollarynyň gurluşygynyň çalt depginler bilen alnyp barylmagyny, şol sanda halkara ülňülerine laýyk derejede bolmagyny gazanarys.

Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk ulgamy milli ykdysadyýetiň çalt depginler bilen ösýän we geljegi uly bolan pudaklarynyň biridir. Bu ulgama goýlan maýa goýumlary geljegi uly bolan halkara ulag geçelgelerini döretmäge gönükdirilendir. Içerki hem daşarky gatnawlara hyzmat edýän awtomobil, demir hem-de howaýollarynyň parklarynyň häzirkizaman ulag serişdeleri bilen üsti ýetiriler.

Halkymyzyň durmuş üpjünçiligi, pensiýa, kömek pullarynyň, zähmet we talyp haklarynyň ýyl-ýyldan ýokarlandyrylmagy, "Döwlet adam üçindir!" diýen baş şygara ýugrulan, oýlanyşykly alnyp barylýan döwlet syýasatymyz mähriban halkymyzyň jana-jan bähbitlerine gönükdiriler.

Ýaş nesil baradaky alada hem elmydama ýurdumyzyň baş aladasy bolmagynda galar. Ýaşlaryň ylymly-bilimli, sagdyn ruhly, berk bedenli bolmaklary barada kabul edilen kararlardyr kanunlary, maksatnamalary, amala aşyrylýan uly özgertmeleri mynasyp ýerine ýetirmek we mundan beýläk hem dowam etdirmek biziň baş maksadymyz bolar.

Beýik özgertmeler eýýamynda ýurduň sport, saglyk we syýahatçylyk ulgamlary düýpgöter täze keşbe girýär. Welaýatlaryň ählisinde täze stadionlar, hassahanalar, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, şypahanalar, etrapdyr şäherlerde sport mekdepleri we sport desgalary, oba saglyk merkezleri gurlup ulanmaga berildi. Aşgabat şäherinde bina edilen halkara lukmançylyk merkezlerinde diňe bir ýurdumyzyň raýatlary däl-de, beýleki döwletleriň raýatlary hem gelip saglyklaryny bejerdýärler.

Mähriban Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanylyp alynmagy, ýurdumyzyň sport babatda abraýynyň has-da ýokarydygyny subut edýär. Bu iri möçberli halkara çärä şu wagtdan giňden taýýarlyk görülýär.

Ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän şypahanalar, dynç alyş we sagaldyş merkezleri, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy halkymyzyň saglygyny goramak babatda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň miweleridir. Bu ugurlarda alnyp barylýan işleri mynasyp dowam etdirmekden uly bagt ýokdur.

Güneşli ýurdumyzy mundan beýläk hem has-da ösdürmek, türkmen halkynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, Türkmenistanyň abraýyny artdyrmak üçin ähli zähmetimi gaýgyrman, tutanýerli zähmet çekjekdigime sizi ynandyrasym gelýär.

Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, işleriňiziň elmydama rowaçlanmagyny arzuw edýärin!

Hormatly Prezidentimizi, beýleki dalaşgärleri we türkmen halkyny Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, Täze, 2017-nji ýyl bagt we abadançylyk getirsin!

 

 

Jumanazar Annaýewyň terjimehaly

 

1966-njy ýylyň 26-njy awgustynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň “Sakarçäge” geňeşliginde doguldy.

1995-nji ýyllarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini inžener-mehanik hünäri boýunça tamamlady.

1983-nji ýylda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň “Sakarçäge” daýhan birleşiginde işçi bolup zähmet ýoluna başlady we ol ýerde 1992-nji ýyla çenli işledi. 1985-1987-nji ýyllarda harby gullukda boldy.

1992-1993-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň “Sakarçäge” daýhan birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi.

1993-1998-nji ýyllarda “Sakarçäge” geňeşliginiň arçynynyň orunbasary wezipesinde işledi. 1998-1999-njy ýyllarda Sakarçäge etrabynyň “Obahyzmat” önümçilik birleşiginiň hil barlaýjy inženeri boldy.

1999-2000-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap häkimliginiň oba hojalyk bölüminiň müdiri wezipesinde işledi.

2000-2001-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň “Obahyzmat” önümçilik birleşiginiň başlygy, 2001-2005-nji ýyllarda Sakarçäge etrabynyň “Sakarçäge” daýhan birleşiginiň kärendeçisi bolup zähmet çekdi.

2005-2007-nji ýyllarda Mary welaýatynyň “Gallahyzmat” gullugynyň inženeri, 2007-2009-njy ýyllarda Sakarçäge etrabynyň “Obahyzmat” önümçilik birleşiginiň baş hünärmeni, soňra baş inženeri wezipelerinde işledi.

2009-2013-nji ýyllarda Sakarçäge etrap häkimliginiň oba hojalyk toplumy bölüminiň müdiri, häkimiň orunbasary, soňra Sakarçäge etrabynyň häkimi wezipelerinde işledi.

2013-nji ýylyň dekabrynda Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

Maşgalaly, üç çagasy bar.

______________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WEZIPESINE DALAŞGÄR – AZYK SENAGATY DÖWLET BIRLEŞIGINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARY MAKSAT KOWUSOWIÇ ANNANEPESOWYŇ MAKSATNAMASY

Meni Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hödürlän raýatlaryň teklipçi toparyna köp sagbolsun aýdýaryn we olara işlerinde abraý hem-de uly üstünlikler gazanmaklaryny arzuw edýärin.

Nobatdaky Prezident saýlawlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda milli demokratiýanyň, adam hukuklarynyň doly berjaý edilýändigine şaýatlyk edýär.

Döwletimizde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, ykdysadyýetde, syýasatda we medeniýetde gazanylýan görlüp-eşidilmedik öňegidişlikler berkarar ýurdumyzyň ykdysady, syýasy we durmuş binýadyny has-da berkidýär.

Ýurdumyzyň halk hojalygy tutuş täzelenip, düýpgöter özgerdi, täze önümçilik kuwwatlyklary ornaşdyrylyp, ägirt uly desgalar, göreni haýran edýän binalar guruldy.

Bagtyýar halkymyzyň her bir güni şanly wakalara hem-de ajaýyp üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzyň her bir maşgalasynyň, her bir raýatynyň asuda, abadan hem-de bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty, sebitde we dünýäde parahatçylygy berkitmekde öňe sürýän başlangyçlary, Türkmenistany dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmak boýunça amala aşyrylýan düýpli özgertmeler öz ajaýyp miwelerini berýär.

Bu gün türkmen halky asuda durmuşy pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ösen döwletleriň derejesine ýetirmek ugrunda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleri bütinleý we dolulygyna makullaýar, ýurtda gazanylýan ajaýyp ösüşlere we zähmet ýeňişlerine çäksiz buýsanýar, bu ajaýyp ýeňişlere özüniň mynasyp goşandyny goşmaga çalyşýar.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, milli ideologiýa, şonuň ýaly hem jemgyýetiň durmuş şertlerini kämilleşdirmek, halk hojalygyny ösdürmek, obadyr şäherlerimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek barada kabul edilýän çözgütler ýurdumyzyň saýlap alan ýolunyň dogrudygyna şaýatlyk edýär.

Eger-de, Türkmenistanyň ýokary döwlet wezipesine saýlanylsam, men türkmen halky üçin il-ýurt bähbitli şu işleriň amala aşyrylmagyny gazanaryn:

Ýurdumyzyň durmuş üpjünçiligi, ulag we aragatnaşyk, nebit-gaz hem-de beýleki ulgamlarynda geçirilýän özgertmeleri has-da çuňlaşdyrarys, gurulýan zawoddyr-fabrikleriň we önümçilik desgalarynyň, geçirilýän halkara forumlarydyr sergileriň we ylmy maslahatlaryň netijeliligini artdyrarys.

Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda iş alnyp barlar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlan stadionlaryň we atçylyk sport toplumlarynyň, Merkezi Aziýada iň iri desgalaryň biri bolan Amyderýanyň üstünden geçirilen demir ýol köprüsiniň, Balkan sement zawodynyň gurulmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň batly gadamlar bilen ösmeginiň berk binýady boldy we geljekde biz olaryň halk hojalygyna getirýän peýdasynyň has-da ýokary bolmagyny üns merkezimizde saklarys. Munuň özi Türkmenistan döwletimizi gerimi we okgunlylygy boýunça görlüp-eşidilmedik ösüşlere we öňegidişliklere iterer.

Oba hojalyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmegi dowam ederis, täze önümçilik gatnaşyklarynyň emele gelmegi üçin zerur şertler dörediler, ýeriň hakyky eýesine --- daýhanlara gowuşmagyna gönükdirilen çäreler kabul ediler.

Ylmyň gazananlaryny we öňdebaryjy tejribäni önümçilige has giňden ornaşdyrarys we daýhanyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyny durmuşa geçireris. Pagtanyň, bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagyny gazanarys.

Oba hojalyk pudagynda çuň özgerişleriň geçirilmegini üpjün ederis. Suwy tygşytly peýdalanmak meselesine hem uly ähmiýet bereris.

Döwletimiziň suw hojalyk ulgamyny ýokary öndürijilikli, kuwwatly tehnikalar, suw sorujy enjamlar bilen yzygiderli üpjün etmek, ýeterlik möçberlerde maliýe serişdelerini goýbermek bilen bagly tagallalary döwletimiziň üns merkezinde saklarys.

Oba hojalyk pudagyny mineral dökünler bilen üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda gurulýan täze zawodlaryň önümçilik kuwwatynyň has-da artdyrylmagyny gazanarys. Dökün öndürýän zawodlaryň gurulmagy bu pudagyň düşewüntliliginiň artdyrylmagyna ýardam eder. Ýurdumyzyň oba we suw hojalyk ulgamlaryny ösdürmekde häzirki zaman ylmynyň we tehnikanyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmaklyga uly üns berler.

Ilatly ýerleri arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça ulgamlaýyn işleri amala aşyrarys. Şäher ilaty bilen bir hatarda oba ilatynyň hem ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpgöter ýokarlanmagyna mümkinçilik dörediler. Bu wajyp işler geljekde biziň öňde goýan baş wezipelerimiziň biri bolar.

Her bir ýurduň ösüş derejesi onuň raýatlarynyň we maşgalalarynyň durmuş taýdan üpjünçiligi bilen kesgitlenilýär. Biziň döwletimizde bu ugurda uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda yglan edilen “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelge her bir raýatyň durmuş üpjünçiligine gönükdirilendir. Raýatlarymyzyň iş orunlary bilen üpjün edilmegini, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylyp durulmagyny üpjün ederis.

Ýeňillikli karz pullaryň hasabyna ähli amatlyklary bolan öýleri satyn almak, ýaş çatynjalara öý goşlaryny edinmek üçin berilýän durmuş ýeňillikleri hem yzygiderli artdyrylar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, onuň düzüminde täze institutlaryň açylmagy ýaş alymlara döredijilikli işlemäge, täze açyşlary etmäge, türkmen ylmyny has-da kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döretdi. Ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek biziň baş wezipelerimiziň biri bolar.

Ýurdumyzda täze orta mekdepleri gurarys, ýokary okuw mekdeplerini açarys. Bu bilim ojaklarynyň gurluşy, olaryň enjamlaşdyrylyşy hil taýdan dünýä talaplaryna doly gabat geler.

Okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň döwlet tarapyndan üpjün edilmegine yzygiderli goldaw berler. Talyplar diňe zerur bolan okuw esbaplary bilen däl-de, eýsem mynasyp ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen üpjün ediler.

Durmuşa geçirilýän bu işler, raýatlarymyz üçin döredilýän amatlyklar ýaş neslimiziň sagdyn bedenli, bilimli, sowatly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri döreder.

Milli medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy gorap saklamak, olary dowam etdirmek üçin hem döwletimiz uly işleri durmuşa geçirer. Her bir welaýatda Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň, kitaphanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi, gadymy ýadygärliklerimiziň ylmy taýdan öwrenilip, täze açyşlaryň edilmegi, gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyzyň gaýtadan dikeldilmegi ýaly meseleler üns merkezinde bolar.

Milli medeniýetimiz we däp-dessurlarymyz biziň geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi kesgitleýär. Şonuň üçin hem milli medeniýetimizi mundan beýläk-de ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna öwreris.

Şeýle hem Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet bereris. Sebäbi, bu pudak ýurduň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolmak bilen, oňa döwletimiziň eksport mümkinçiliklerini üpjün etmekde kesgitleýji orun degişlidir. Bu ulgamda işleýän kärhanalar döwrebaplaşdyrylar, olaryň önümçiligine täze tehnologiýalar ornaşdyrylar.

Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz özüniň içerki ösüşlerine laýyk gelýän mynasyp daşary syýasatyny üstünlikli dowam etdirer. Dünýäniň dürli döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyklar ýoly bilen öňe gidip, ýurdumyzyň halkara abraýyny geljekde hem artdyrarys.

Ýurdumyzyň üçünji müňýyllykda has-da gülläp ösmegini üpjün etmek üçin şu aşakdakylary üstünlikli durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýarys:

- oba hojalyk önümçiliginiň pudaklaýyn düzümini kämilleşdirmek, obahojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak;

- azyk önümleriniň üpjünçiliginiň ýokary depginler bilen alnyp barylmagynda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny we mallaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak;

- oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekligi we azyk önümlerini öndürmekligi ekologiki taýdan howpsuz şertlerde alyp barmak;

- azyk önümleriniň özüne düşýän gymmatyny peseltmek we ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň içerki bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak;

- azyk önümlerini, ilkinji nobatda ter görnüşindäki gök önümleri we miweleri uzak möhletleýin saklamak, döwrebap gaplara gaplamak, daşamak we ýerlemek ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek;

- azyk önümlerini öndürmekde iri möçberli haryt öndürijileri, daýhan hojalyklaryny döretmekligi döwlet tarapyndan goldamak;

- gök önümleri, azyklyk bakjany, kartoşkany ösdürip ýetişdirýän, ýylda 2-3 hasyl alýan, daşary ýurtlardan getirilýän gök önümler bilen bäsleşige ukyply önümleri öndürýän daýhan hojalyklaryny giňişleýin döretmekligi ýola goýmak we olara döwlet tarapyndan goldaw bermek;

- gök önümleriň möçberlerini artdyrmak üçin hususy eýeçilikde dürli kysymly ýyladyşhanalary döretmek;

- ýurdumyzda miweçiligiň we üzümçiligiň tutýan meýdanlaryny giňeltmekligi ýola goýmak;

- gök-bakja önümleriniň, üzümiň eksport edilmeginiň hojalyk gurluşygyny işläp taýýarlamak;

- Türkmenistanyň subtropik ýerlerinde çigitli we şänikli miweleri, zeýtuny, nary, injiri, üzümi ösdürip ýetişdirýän daýhan hojalyklaryny döretmek;

- ýurdumyzyň welaýatlarynyň senagat taýdan ösüşini düýpli ýokarlandyrmak, olaryň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak;

- ýurdumyzyň sebitleriniň öndüriji güýçlerini ýokary netijeli ulanmak, senagaty diwersifikasiýalaşdyrmak, täze döwrebap enjamlaşdyrylan iş orunlaryny döretmek.

Häzirki döwürde dünýäniň gülläp ösen döwletleriniň biri bolan Türkmenistanda asyrlara barabar ägirt uly işleri amala aşyrmak üçin örän kämil, sazlaşykly işleýän ykdysady özgertmeleri durmuşa ornaşdyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Şol sebäpli-de bize bu işleri amala aşyrmak üçin işe ukyply, aýgytly çözgütleri hödürläp bilýän hünärmenleri ýetişdirmek ýaly möhüm wezipe garaşýar. Munuň özi Watanymyzyň gülläp ösmegini üpjün etjek möhüm çözgütdir.

Döwürdeşlerimiziň we geljek nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen beýik Maksatnamalary amala aşyrmakda biziň her birimiziň öňümizde örän uly jogapkärçilikli wezipeler durýar. Bu wajyp wezipeleri agzybirlik bilen ýerine ýetirmekde mähriban halkymyza uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Ähli dalaşgärlere üstünlik arzuw edýärin.

Pursatdan pýdalanyp, hormatly Prezidentimizi, dalaşgärleri we türkmen halkyny 2017-nji Täze ýyl bilen gutlaýaryn. Türkmen halkyna rowaçlyk, maşgala ojaklarynda abadançylyk, Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösmegini arzuw edýärin.

Annanepesow Maksat Kowusowiç terjimehaly

1974-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde doguldy.

1996-njy ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini tamamlady we alym-agronom hünärine eýe boldy.

1996-njy ýylda Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasyndaky ýyladyşhana hojalygynda zähmet ýoluna başlady we bu ýerde 2005-nji ýyla çenli agronom, soňra hojalygyň müdiri wezipelerinde işledi.

2005-2006-njy ýyllarda Ruhabat dokma toplumynyň tehniki howpsuzlyk boýunça inženeri bolup işledi.

2006-2008-nji ýyllarda Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň Baş inžener gullugynyň baş hünärmeni bolup işledi. 2008-2011-nji ýyllarda Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň Ösümlikleri goramak gullugynyň baş hünärmeni, ýolbaşçynyň orunbasary wezipelerinde zähmet çekdi.

2011-2012-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Oba hojalyk pudaklary bölüminiň oba hojalyk bölümçesiniň müdiri, 2012-2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Oba hojalyk pudaklary bölüminiň oba hojalyk önümçiligi we suw serişdeleri bölümçesiniň esasy hünärmeni wezipelerinde işledi.

2013-nji ýylyň Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

Maşgalaly, dört çagasy bar.