RSS

SOŇKY HABARLAR

2 Okt

BMG-NIŇ BOSGUNLARYŇ IŞLERI BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ 69-NJY MASLAHATYNA TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ GATNAŞMAGY

2018-nji ýylyň 1-5-nji oktýabrynda Şwesariýanyň Ženewa şäherinde BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň (UNHCR) 69-njy maslahatyna Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary S.B.Ymamberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar. Ýerine ýetiriji komitet maksatnamalara göz aýlamak we berkitmek, agentligiň býujetini, halkara goraglylygy we beýleki meseleriň hataryny UNHCR we hökümetara hem-de hökümete dahyly bo...

DOWAMY
2 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI NÝU-ÝORKDA “TÜRKMENISTAN – ABŞ” IŞEWÜRLER GEŇEŞINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI

Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan – ABŞ” işewürler geňeşiniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Ilki bilen “Türkmenistan – ABŞ” işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen gepleşikler geçirildi.     Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, türkmen liderini BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda üstünlikli çykyş etmegi bilen gutlady....

DOWAMY
2 Okt

TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLYGYNA KABUL EDILEN ADAMLARA PASPORTLAR GOWŞURYLDY

2018-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, 24-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti  735 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana gol çekdi. Dabara ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, harby ýokary okuw me...

DOWAMY
2 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE KOREÝA-MERKEZI AZIÝA DOSTLUK ASSOSIASIÝASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen Koreýa-Merkezi Aziýa Dostluk Assosiasiýasynyň prezidenti hanym Li Ok Rýonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Assosiasiýanyň prezidenti türkmen tarapyna myhmansöýer garşylandygy üçin öz minnetdarlygyny we amala aşyrylýan hyzmatdaşlyk üçin hoşallygyny bildirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmat...

DOWAMY
1 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI NÝU-ÝORK ŞÄHERINE IŞ SAPARY BILEN GELDI

2018-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Nýu-Ýorka tarap ugrady. Prezidentiň uçary birnäçe sagat uçandan soň, Jon Kennedi adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar garşyladylar. Howa menzilinden milli Liderimiz sapar wagtynda “Mandarin Oriental” diýen ajaýyp myhmanhanada ýerleşen özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady. Bu kabulhana Manhetteniň merkezinde ýerleşýär. Bu ýerde döwlet...

DOWAMY
1 Okt

AŞGABATDA ABU-NYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 55-NJI MEJLISI GEÇIRILÝÄR

2018-nji ýylyň 30-njy sentýabry – 5-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanda Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji Mejlisi we onuň çäklerinde geçirilýän çäreler öz işine başlady. Bu foruma bagyşlanyp “Ýyldyz” myhmanhanasynda ýöriteleşdirilen sergi gurnaldy. Serginiň açylyş dabarasynda Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Sekretary Dr. Javad Mottagi çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowy...

DOWAMY
30 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ NÝU-ÝORK ŞÄHERINE IŞ SAPARY BAŞLADY

2018-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen ugrady. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Birşelen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde çykyş etmegine, hem-de Türkmen-Amerikan işewür maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar.

DOWAMY