RSS

SOŇKY HABARLAR

1 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ WISE-PREZIDENTINI KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 1-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýy kabul etdi. Ol öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Myhman ikiçäk duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gutlag hatyny hem-de hormatly Prezidentimize özi...

DOWAMY
1 Iýul

TÜRKMENISTAN — TÜRKIÝE: ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

2022-nji ýylyň 1-nji iýulynda paýtagtymyzda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen wekilçilikli toparyň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ulgam boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini we sazlaşykly ösdürilýändigini aýratyn nyg...

DOWAMY
29 Iýun

AŞGABATDA ALTYNJY HAZAR SAMMITI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda altynjy Hazar sammiti geçirildi. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabat duşuşygy kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynda guraldy. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de iri halkara çäreleri guramak üçin ähli şertler döredildi. Sammite gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystan Res...

DOWAMY
29 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ DUŞUŞYGY

Şu gün, 29-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI Sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine daýanýan döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilige kanagatlanma, şeýle hem netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berk...

DOWAMY
29 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Altynjy Hazar Sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Dostlukly döwletiň Baştutany türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gazagystanyň ählumumy bähbitlere sebit gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýän goňşy Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegin...

DOWAMY
29 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY

Şu gün, 29-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI Sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşykl...

DOWAMY
29 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY

Şu gün, 29-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Arkadag” myhmanhanasynda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Alyýew bilen duşuşdy. Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, ýüzbe-ýüz duşuşykda döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler, bu gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna şu ýyl 30 ýyl dolýar. B...

DOWAMY