RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Mar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 28-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan bilen duşuşdy. Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli Liderine Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň hem-de Eýranyň Beýik Ruhy Lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň salamyny ýetirip, goňşy ýurduň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary...

DOWAMY
pic
30 Mar

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrini kabul etdi

2024-nji ýylyň 28-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýany kabul etdi. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň hem-de Eýranyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň salamyny we arzuwlaryny ýetirdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şu...

DOWAMY
pic
29 Mar

Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi

2024-nji ýylyň 28-nji martynda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly halkara metbugat maslahaty geçirildi.  Oňa ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Beýik Britaniýanyň, Wengriýanyň, Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom-çäk düzüminiň, Gruziýanyň, Yragyň, Gazagystanyň,...

DOWAMY
pic
29 Mar

About the meeting with the Iranian delegation led by the Minister of Foreign Affairs of Iran

On March 28, 2024, in the MFA of Turkmenistan, the Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan Rashid Meredov met with a delegation led by the Minister of Foreign Affairs of the Islamic Republic of Iran Hossein Amir-Abdollahian, who arrived on a working visit to Ashgabat. A wide range of issues of bilateral cooperation in the political, diplomatic, trade, economic, cultural and humanitarian spheres were discussed at the meeting. The parties noted the importance of summit and high-level mee...

DOWAMY
pic
29 Mar

«TASS» habarlar gullugy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň gadymy türkmen şäheri Änewiň - türk dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan edilmegine bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýanyň «TASS» habarlar gullugynyň Baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar maglumat pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy u...

DOWAMY
pic
29 Mar

The Ambassador Extraordinary and Plenipotentiary of the Bolivarian Republic of Venezuela is accredited in Turkmenistan

On March 27, 2024, Chairman of the Mejlis D.Gulmanova accepted credentials from the Ambassador Extraordinary and Plenipotentiary of the Bolivarian Republic of Venezuela to Turkmenistan Christopher Alberto Martinez Berroteran. The Executive of the National Parliament, on behalf of the Head of the State, congratulated the diplomat on his appointment to a responsible post, wishing him success in fulfilling the important mission entrusted to him, to strengthen relations of friendship and cooperat...

DOWAMY
pic
29 Mar

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

2024-nji ýylyň 27-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow YHG-nyň Baş sekretarynyň “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada amala aşyrýan şu gezekki saparynyň ähmiýetini belledi. Bu forum Diýarymyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge ý...

DOWAMY