RSS

SOŇKY HABARLAR

15 Ýan

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy tegelek stoly geçirdi

2019-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Koreýanyň fotoelektrik senagaty assosiasiýanyň ýolbaşçysynyň we beýleki kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda tegelek stoly geçirdi. Duşuşygyň barşynda, gatnaşyjylar Türkmenistanda alnyp barylýan maksatnamalry we maýa goýum hem-de ykdysady kuwwaty bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem, gelejekde gaýtadan dikeldilýän energiýanyň we bu ugurda gelejekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada meseleleri ara al...

DOWAMY
14 Ýan

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Günorta Koreýanyň “KT Corporation” korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirdi

2019-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Günorta Koreýanyň telekommunikasiýa ugrunda öňdebaryjy “KT Corporation” korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen bilelikde taslamalary amala aşyrmak  we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

DOWAMY
14 Ýan

TÜRKMEN WEKILIÝETI “MERKEZI AZIÝA – HINDISTAN” ATLY DIALOGYNYŇ BIRINJI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 12-13-nji ýanwarynda Samarkand şäherinde (Özbegistan Respublikasy) “Merkezi Aziýa – Hindistan” atly Dialogynyň daşary işler ministrleriniň derejesindäki birinji duşuşygy geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Hindistanyň, Owganystanyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda özarabähbitli hyzm...

DOWAMY
14 Ýan

TÜRKMEN WEKILIÝETI WENA ŞÄHERINDÄKI «FERIEN-MESSE WIEN» ATLY SYÝAHATÇYLYK SERGISINE GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 10–13-nji ýanwary aralygynda Awstriýanyň Wena şäherinde her ýylda geçirilýän «Ferien-Messe Wien» atly syýahatçylyk sergisi boldy. Bu çäre Awstriýanyň möhüm halkara forumy bolup, onda dünýä syýahatçylygynyň häzirki zaman ösüşi görkezilýär. Sergä dünýäniň 80 döwletinden 850 töweregi syýahatçylyk ulgamynyň wekilleri gatnaşdy. Bu sergä Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň wekilleri hem gatnaşdy. Sergä gatnaşyjylar Türkmenistanyň pawilýonynda ýurdumyzyň dürli e...

DOWAMY
12 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BRIFING GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary esasynda Aşgabat şäherinde 2019-njy ýylyň 9–10-njy aprelinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly ikinji halkara maslahatyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen brifing geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň...

DOWAMY
11 Ýan

Ýubileý medalyň gowşurylyş dabarasy

2019-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda Koreýa – Merkezi Aziýa Dostluk Assosiasiýasynyň prezidenti hanym Li Ok Rýona “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan” ýubileý medalyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabara, resmi wekiller hem-de Koreýa Respublikasynyň çäklerinde bilim alýan Türkmenistanyň raýatlary gatnaşdylar. Dabaraň çäklerinde türkmen-koreý gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin hanym Li Ok Rýonyň alyp barýan işleri barada bellenilip geçildi...

DOWAMY
9 Ýan

MILLI DOKMA ÖNÜMLERIMIZ HALKARA SERGISINDE GÖRKEZILÝÄR

2019-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde “Heimtextil 2019” atly halkara sergisi öz işine başlady. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň dokma ulgamynda gazanan ösüşlerini dünýä ýaýýan bu halkara sergä dünýäniň 60 döwletinden 3000-den gowrak daşary ýurt kompaniýalar we edaralar gatnaşýar. Bu serginiň işine Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň we Söwda senagat edarasynyň wekilçilikli topary gatnaşdylar, şeýle hem bu ýerde Türkmenistan...

DOWAMY