Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi

2015-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda
2015-nji ýyly Bitaraplyk we Parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine
bagyşlanan “Türkmenistanyň Bitaraplygy: parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň
we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly ylmy maslahat geçirildi.
Oňa ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň
işgärleri, daşary ýurtlaryň biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalarynyň
we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly
žurnalistler, milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýurduň ýokary
okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Maslahatdaky çykyşlarda nygtalyşy
ýaly, ýurdumyzyň “açyk gapylar” syýasaty, özara bähbitli hyzmatdaşlyga
taýýarlyk, oňyn dünýä tejribesini kabul etmeklik we sebit hem-de dünýä
meselelerini çözmekde işjeň parahatçylyk söýüjilikli çemeleşmegi Türkmenistanyň
içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň möhüm şertleri bolup
çykyş edýär.
Çyklyş edenleriň pikirine görä,
Türkmenistan döwletiniň Bitaraplygy sebit hem-de dünýä derejesinde durnukly
ösüşiň üpjün edilmeginiň möhüm şertleriniň biri bolup çykyş edýär. Ýurdumyzyň
bitaraplygynyň hukuk esaslary döwletara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda,
ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegiň hem-de oňyn goňşuçylyk gatnaşyklaryny
ösdürmegiň möhüm guraly hökmünde iňňän ýokary baha mynasyp boldy.
Bu maslahat Türkmenistanda we daşary
ýurtlarda bütin ýylyň dowamynda geçiriljek 2015-nji ýyly Bitaraplyk we
Parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan syýasy we durmuş-maglumat
ähmiýetli çäreler toplumynyň başlangyjy bolup durýar.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar
türkmen halkynyň bagtly ýaşamagy üçin, Garaşsyz Türkmenistana ýokary abraýa we
dünýä jemgyýetçiliginiň hormat-sarpasyna mynasyp eden oňyn başlangyçlar we
teklipler üçin, hormatly Prezidentimize alkyşlaryny beýan etdiler we mähriban
Arkadagymyzyň Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan ägirt uly işlerinde
täze üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw etdiler.