RSS

SOŇKY HABARLAR

15 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ŞANHAÝ HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY

2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkanda gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu halkara düzümiň Baş sekretary Çžan Min bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz ŞHG-niň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşyp, şeýle möhüm we wekilçilikli duşuşyga hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy üçin ŞHG-niň sammitiniň guramaçylaryna minnetdarlyk bildirip, muňa Türkm...

DOWAMY
15 Sen

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BAE-NE IŞ SAPARYNYŇ SOŇKY DUŞUŞYKLARY

2022-nji ýylyň 14-16-njy sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň resmi wekilleriniň arasynda birnäçe duşuşyklar geçirildi. Hususan-da, saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň BAE-niň Baş Raýat Awiasiýa edarasynyň Baş direktorynyň orunbasary Omar bin Galebi, BAE-niň “Etihad Rail” demir ýol edarasynyň ýolbaşçylary, Dubaýyň Hökümetiniň Ykdysady ösüş we syýahatçylyk boýunça müdirý...

DOWAMY
15 Sen

AŞGABATDA DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ YNSANPERWER BIRLEŞIGINIŇ ХХIII MASLAHATY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХIII maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilýän ählihalk baýramçylygy mynasybetli guralýan foruma dünýäniň dürli döwletlerinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, birleşigiň daşary ýurtly agz...

DOWAMY
15 Sen

TÜRKMENISTAN WE HALKARA ZÄHMET GURAMASY ÖZARA GATNAŞYKLARY GÜÝÇLENDIRMEK BOÝUNÇA MESELELERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Daşary işler ministrliginiň binasynda Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew bilen Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Halkara zähmet standartlary departamentiniň wekili hanym Dipa Rişikeşiň ýolbaşçylygyndaky wekilýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistan bilen Halkara zähmet guramasynyň arasyndaky ýokary derejeli köpýyllyk hyzmatdaşlygy barada belläp geçdiler. Türkmenistanyň Halkara zähmet guramasynyň konwensiýalary...

DOWAMY
15 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ŞHG-NYŇ SAMMITINE HORMATLY MYHMAN HÖKMÜNDE GATNAŞMAK ÜÇIN SAMARKANDA BARDY

2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde ŞHG sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Samarkant şäherine bardy. Samarkant Halkara howa menzilinde Döwlet Baştutanymyzy Özbegistanyň resmi wekilleri we Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşy aldylar.  Esasy çäre - ŞHG-nyň sammiti 16-njy sentýabrda Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda Samarkandyň täze syýahatçylyk merkeziniň "Beýik Ýüpek ýoly" maslahatlar zalynda geç...

DOWAMY
14 Sen

TÜRKMENISTANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI TÜRKIÝÄNIŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2022-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Ankara şäherinde Türkiýäniň Prezidentiniň köşgünde Ilçi M.Işangulyýewiň Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogana Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasynyň barşynda Ilçi Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogana Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk...

DOWAMY
14 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DIM-INDE BMG-NIŇ ÖSÜŞI UTGAŞDYRMAK BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MERKEZINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşi utgaşdyrmak boýunça sebitleýin merkeziniň (UNDCO) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça başlygy hanym Gwi-Ýop Son bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyny ýokary derejede häsiýetlendirdiler. 2030-njy ýyla çenli meýilnamany we Türkmenistanda milli durnukly...

DOWAMY