RSS

SOŇKY HABARLAR

13 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI AZIÝADA ÖZARA HYZMATDAŞLYK WE YNAMY BERKITMEK ÇÄRELERI BOÝUNÇA GEŇEŞINIŇ (CICA) VI SAMMITINE GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Astana şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) VI Sammiti geçirildi. Onda Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi. Ýokary derejeli halkara sammitiň işine döwlet we hökümet baştutanlary, gatnaşyjy-ýurtlaryň ýokary wezipeli wekilleri, ýolbaşçylary hem-de synçy döwletleriň, synçy halkara guramalaryň we hyzmatdaşlaryn...

DOWAMY
13 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE EÝRANYŇ GOLESTAN WELAÝATYNYŇ HÄKIMINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK

2022-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Eýran Yslam Respublikasynyň Golestan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Seýed Mohammad Dahnawy bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryny özara deň hukuklyk, birek-birege hormat goýmak we hoşniýetlilik goňşyçylyk hyzmatdaşlygy esasynda işjeň ösdürilýändigini bellediler. Iki ýurduň serhetýaka welaýatlarynyň – Balkan welaýatynyň we Goles...

DOWAMY
12 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETINIŇ BERLIN ŞÄHERINDE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI WE HOWPSUZLYK BOÝUNÇA MASLAHATYNA GATNAŞMAGY

2022-nji ýylyň 11-12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Rejepow howanyň üýtgemegi we howpsuzlyk boýunça 4-nji Berlin maslahatyna gatnaşdy. Maslahatyň işine daşary işler ministrleri, dürli ýurtlaryň degişli ministrlikleriň we edaralarynyň döwlet sekretarlary, halkara we sebitleýin guramalarynyň wekilleri, ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri, şeýle hem daşky gurşawy goramak, suw gorlary we betbagtçylyklaryň töwekgelçi...

DOWAMY
12 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI SINGAPURYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ EDARASYNYŇ MINISTRI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Daşary işler Ministriniň Gazagystan Respublikasyna halkara we döwlet ähmiýetli birnäçe çärelerine gatnaşmak maksady amala aşyrýan resmi saparynyň çäklerinde, 2022-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Singapuryň Premýer-ministriň edarasynyň Ministri Mohamad Maliki bin Osmanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklary ösdürmekde iň ýokary we ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ähmiýeti, şeýle hem ozal amala aşyrylan saparlaryň netijeliligi belleni...

DOWAMY
12 Okt

GDA-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI

2022-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Astana şäherinde geçirilen GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky Mejlisine gatnaşdy. Mejlise Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary gatnaşdy. Daşary işler ministrler 2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Astana şäherinde...

DOWAMY
12 Okt

“MERKEZI AZIÝA – KOREÝA RESPUBLIKASY” HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda ýakyn wagtda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde gatnaşyjy-ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň derejesinde geçirilmegi meýilleşdirilýän 15-nji «Merkezi Aziýa–Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumyna (MA-KR) taýýarlyk görmegiň çäklerinde wideoaragatnaşyk görnüşinde duşuşyga gatnaşdy. Duşuşyga şeýle hem Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda meýilleşdirilýän...

DOWAMY
11 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKSOÝ-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK

2022-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny maslahatlaşdylar hem-de onuň ileri tutulýan ugurlaryna seredip geçdiler. Şol bir wagtda, taraplar türki dilli halklaryň baý medeni mirasynyň goranyp saklanylmagyna, öwrenilmegine we dünýäde ýaýbaňlandyrylmagyna gönükdirilen Türkmenistanyň TÜR...

DOWAMY