img
EMBASSY OF TURKMENISTAN
REPUBLIC OF KOREA - SEOUL
Year 2026 - "Independent, Permanently Neutral Turkmenistan
— Homeland of Purposeful Heavenly Horses"
img

Seul şäherinde “Türkmenistanyň Syýahatçylyk kuwwaty” atly seminar maslahaty geçirildi

photo

Şu ýylyň 1-nji awgustynda Koreýa Respublikasynyň Söwda Senagat palatasynyň edara binasynda “Türkmenistanyň Syýahatçylyk kuwwaty” atly seminar geçirildi.  Bu seminara Koreýa Respublikasynyň Syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan agentlikleriň we kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar. Seminarda  Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Mämmetalyýew, Koreýa we Merkezi Aziýa Hyzmatdaşlyk forumyň  sekretariatynyň  ýolbaşçysy Gwang-keun Kim şeýle-de,  “Aýan” (HJ) syýahatçylyk kärhanasynyň wekili çykyş etdiler. Seminaryň dowamynda edilen çykyşlarda häzirki wagta Türkmenistanyň Syýahatçylyk kuwwaty we mümkinçilikleri barada giňişleýin aýdylyp geçildi hem-de geljekki hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň meseleleri boýunça gyzykly pikir alyşmalar boldy.