MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ OBA HOJALYK MINISTRLERINIŇ WE FAO-NYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 19-njy maýynda BMG-nyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) wekilleriniň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň oba hojalyk ministrleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.

Wideoşekilli maslahatyň barşynda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň oba hojalygy boýunça ygtyýarly edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýurtlarda oba hojalygynyň ösüşi we azyk önümleriniň üznüksiz öndürilmegini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan  çäreler dogrusyndaky çykyşlary diňlenildi, şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň oba hojalyk ministrlikleri tarapyndan koronawirus pandemiýasynyň (COVID-19) azyk howpsuzlygyna edýän ýaramaz täsirini azaltmak boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda pikir alyşmalar geçirildi.

Maslahatyň barşynda FAO-nyň baş direktorynyň orunbasary, FAO-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Wladimir Rahmanin we FAO-nyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gutsu Merkezi Aziýada oba hojalygynyň ösüşi we azyk howpsuzlygy barada FAO-nyň hasabaty bilen tanyşdyrdylar. Hasabatda Merkezi Aziýa sebitindäki ýurtlarynyň oba hojalyk we azyk pudaklarynyň arasynda durnukly hyzmatdaşlygyň gurallaryny saklamagyň we ulanmagyň zerurlygy bellenip geçildi.

Türkmen wekiliýeti öz çykyşynda oba hojalyk we azyk howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Şonuň ýaly-da ýurduň döwlet serhetlerinde fitosanitar we weterinariýa gözegçiligini güýçlendirmek boýunça görülýän öňüni alyş çäreleri arkaly koronawirus ýokanjyynyň ýurduň çägine ýaýramagynyň öňüni almakda Türkmenistanyň oňyn tejribesi hem bellenip geçildi.