SOŇKY HABARLAR
Yslam ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Yslam ösüş bankynyň (YÖB) prezidenti Muhammad Suleýman Al-Jasser bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň bu bankyň agzasy bolan 30 ýylynyň dowamynda YÖB-niň ýurdumyzda saglygy goraýyş, aragatnaşyk, energetika ýaly ugurlary öz içine alýan 20-den gowrak ta...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy geçirildi
2024-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasseri kabul etdi. Muhammad Al Jasseri wagt tapyp kabul edendigi we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentini we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33...
Türkmenistanyň Ilçisi Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy
2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Sofia şäherindäki Prezident köşgünde Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky Ilçisi E.Aýdogdyýewiň (oturýan ýeri Moskwa şäheri) bu ýurduň Prezidenti Rumen Georgiýew Radewe ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentine mähirli salamlaryny we iň go...
Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň sebitleýin utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Gajiýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşyldy we özara gatnaşyklary giňeltmek babatynda öňde duran bilelikdäki wezipeler kesgitlenildi. Taraplar migrasiýa dolandyryşy boýunça halkara...
Merkezi Aziýany öwreniş halkara institutynyň direktory bilen duşuşyk hakynda
2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Merkezi Aziýany öwreniş halkara institutynyň direktory (IICAS) Ewren Rutbil bilen duşuşygy geçirildi. Mejlisiň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ýakyn geljek üçin özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Gepleşik...
Обсуждено взаимодействие Туркменистана с Региональным центром ООН по превентивной дипломатии для Центральной Азии
18 сентября 2024 года Министр иностранных дел Туркменистана Рашид Мередов провел встречу со Специальным представителем Генерального секретаря Организации Объединённых Наций, главой Регионального центра ООН по превентивной дипломатии для Центральной Азии (РЦПДЦА) Кахой Имнадзе. В ходе встречи стороны обсудили актуальные вопросы взаимодействия, в частности реализацию проектов и программ РЦПДЦА с участием Туркменистана. Также отмечена значимость многопланового партнёрства Туркменистана с ООН...
Türkmen-mongol gün tertibiniň wajyp meselelerine garaldy
2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Mongoliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Dorji Baýarhuu bilen duşuşdy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary syýasy edaralarynyň üsti bilen ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýl...