MARYDA TOPH GAZ GEÇIRIJISINIŇ TASLAMASY BOÝUNÇA ÝOLBAŞÇY KOMITETIŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 22-nji fewralynda Mary şäherinde  Türkmenistan- Owganystan-Pakistan-Hindistan  gaz geçirirjisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň 25-nji mejlisi geçirildi, oňa taslama gatnaşyjy ýurtlaryň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem Aziýa Ösüş Bankynyň ýokary wezipeli ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşygyň gün tertibine bu ägirt uly taslamanyň iş ýüzünde mundan beýläk-de amala aşyrylmagy boýunça möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi. Hususan-da, taslamany tapgyrlara bölmek barada çözgüt kabul edildi hem-de olary durmuşa geçirmegiň möhletleri tassyklanyldy. Mundan başga-da, mejlise gatnaşyjylar maliýe geňeşçisini saýlamak, daşyndan maýa goýumlaryny çekmek meselelerine aýratyn üns berdiler, şeýle hem kabul edýän ýurtlaryň ( Owganystan we Pakistan) hökümetleri bilen gol çekilmegine meýilleşdirilen ylalaşyklaryň hukuk derejesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň barşynda “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän “TAPI  Pipeline Company Limitediň” ýerine ýetiren işleri barada hasabat diňlenildi. Ýygnananlar şeýle hem taslamanyň hukuk we tehniki taraplary bilen baglanyşykly möhüm meseleler boýunça ylalaşyklary we çözgütleri kabul etdiler.

Ýygnanlar, bu gaz geçirijisiniň gurluşygynyň tizden-tiz amala aşyrylmagyna hem-de türkmen tebigy gazynyň iberilmegine ýokary gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, bilelikdäki işleriň giňeldilmegine gönükdirilen ozal gazanylan ylalaşyklar boýunça beýleki meseleleriň hem birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýolbaşçy komitetiň mejlisine gatnaşyjylar TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny ilerletmekde ýetilen ösüşleriň möhümdigini belläp, şunuň bilen baglylykda, bu ägirt uly başlangyjyň durmuşa geçirilmeginiň çaltlandyrylmagyna gönükdirilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn tagallalaryny nygtadylar hem-de BMG-niň howandarlygynda energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmegiň howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam berýän täsirli guraly kemala getirmekde türkmen Lideriniň halkara başlangyçlaryny goldaýandyklaryny beýan etdiler.