Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda brifing geçirildi

2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleriniň, “Merkezi Aziýa-Koreýa” hyzmatdaşlyk forumynyň, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, kompaniýalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda brifing geçirildi.

Brifingiň barşynda Ilçi M.Mämmetalyýew Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary, bitarap döwletiň dünýä jemgyýeti üçin ähmiýetli meselelerini çözmek, Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek, döwletleriň arasynda energetika, ulag, daşky gurşaw, sport we başga ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça tagallalary bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyrynyň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijileriniň düýbüniň tutulmagy, Serhetabat-Turgundy täze demir ýolunyň açylmagy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşyjylaryň aýratyn ünsi çekildi. Bellenilip geçilişi ýaly, bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, durmuş-ykdysady ähmiýetden daşary, sebitde durnuklylygyň we abadançylygyň wajyp görkezijisi hökmünde çykyş eder.

Brifingiň barşynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Maslahatda çykyş eden gatnaşyjylar Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnuklydygy we onuň ýokary görkezijileri, ýurduň alyp barýan parahatsöýüjilik daşary syýasaty barada belläp geçdiler. Çykyş edenler, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyryň düýbüniň tutulmagyna ýokary baha berip, bu taslamanyň amala aşyrylmagynda Türkmenistanyň Hökümetiniň uly ornuny belläp geçdiler.

Brifingiň çäginde Ilçi M.Mämmedalyýew oňa gatnaşanlaryň soraglaryna jogap berdi.