TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-HYTAÝ GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Hytaý Halk Respublikasynyň Energetika boýunça döwlet müdirliginiň başlygy Nuer Baýkeliniň ýolbaşçylygyndaky Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýetini kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan we ikitaraplaýyn bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň ençeme esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem taraplar iki döwlet üçin hem ähmiýetli bolan energetika ulgamynda ýetilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdiler we milli bähbitleriň talabyna we iki sany dostlukly döwletiň ösüşiniň ähmiýetine laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary geljekde hem ösdürmäge meýillerini tassykladylar.

Taraplar şeýle hem iki döwletiň arasynda kärhanalar derejesinde hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmegiň zerurdygy, energetika ulgamynda bilelikdäki hereketleriň täze görnüşlerini gözlemek, bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmak, şeýle hem iki döwletiň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin olary ulanmak barada aýdyp geçdiler.