“BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY” KÖPÇÜLIKLEÝIN SPORT ÝARYŞLARYNA BADALGA BERILDI

2018-nji ýylyň 26-njy fewralynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde welaýatyň dolandyryş merkezi bolan Türkmenabat şäherinde “Beýik Ýüpek ýoly” köpçülikleýin sport ýaryşlaryna badalga berdi.

Ir bilen türkmenistanlylaryň müňlerçesi baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdança ýygnandylar, bu ýerden – Türkmenabat şäheriniň baş köçesi Bitarap Türkmenistan şaýolundan ýeňil atletika ylgaw ýaryşy badalga aldy. Ýygnananlaryň arasynda hökümet agzalary, ýaşlar we daşary ýurtly myhmanlar bar.

Döwlet Baştutanymyz ylgaw ýaryşyna badalga berdi. Ylgaw ýaryşynyň yzysüre welosipedli ýaryş başlandy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli ýaryşyň hem öňüni çekdi. Owadan sport lybasyna beslenen welosipedçileriň bir ýarym müňüsi, edaralaryň we kärhanalaryň wekilleri, Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň talyplary, Türkmenabadyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary “Amul-Hazar 2018” ýaryşyny kabul etdiler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenabat şäheriniň merkezi köçeleriniň çatrygyndaky welosiped ýaryşynyň pellehanasyna ýetdi. Soňra hormatly Prezidentimiz awtoulagda şu ýylyň sentýabrynda halkara awtorallisiniň badalga beriljek ýerine bardy.

2018-nji ýylyň 9-14-nji sentýabr aralygynda geçiriljek “Amul-Hazar 2018” awtorallisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde häzirki wgtda iri möçberli awtoralli ýaryşlaryny geçirmekde baý tejribeleri bolan “Amaury Sport Organisation” we “Eсo Raсe” fransuz kompaniýalary bilen deslapky gepleşikler geçirilýär. Konsalting, utgaşdyrmak, daşary ýurtlardan dürli sport toparlaryny çagyrmak boýunça hyzmatlaryň edilmegine, şeýle hem dünýä belli teleýaýlymlarynda we beýleki habar beriş serişdelerinde çäreleri beýan etmek we mahabat etmek işlerine üns berilýär. Ýaryşyň geçiriljek ugrunyň deslapky çyzgysy taýýarlanyp, ol bäş tapgyra bölündi. Olar Amul-Mary, Mary-Derweze, Derweze-Türkmen köli, Türkmen köli-Ýaňgala, Ýaňgala-Awaza ugurlarydyr.

“Afrika Eko reýs” awtoralliniň baş direktory we guramaçysy, şeýle hem sport awtomobillerinde ýaryşlar boýunça dünýäniň iki gezek çempiony hem-de Pariž-Dakar rallisiniň iki gezek ýeňijisi hökmünde Žan-Lui Şlesser Türkmenistana gelip görmäge hem-de “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine badalga bermek dabarasyna gatnaşmak mümkinçiligi üçin hoşallygyny beýan edip, geçirilmegine taýýarlyk görülýän “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisiniň we şu günki sport çäreleriniň bir maksada jemlenendigini aýtdy.

Žan-Lui Şlesser ýurdumyzda sportuň, şol sanda awtomobil sportunyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde uly üstünlikler arzuw edip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa sowgat berilýän ýaryş ulagynyň açaryny gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz ýaryş awtoulagynda “Badalga” arkasyndan geçip, “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisiniň ugry boýunça synag aýlawyny geçirýär. Milli Liderimiz synag aýlawyny geçirip, meýdança gaýdyp geldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirip, “Amul-Hazar 2018” halkara rallisine taýýarlyk görmek boýunça görkezmeleri berdi hem-de bu ýerden ugrady.

 Şondan soňra Içeri işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasy tarapyndan hödürlenen ýaryş awtoulaglarynyň 6 toparynyň arasynda wagt we tizlik babatynda görkezme ýaryşlar geçirildi.