TÜRKMENISTAN WE TATARSTAN RESPUBLIKASY HYZMATDAŞLYGYŇ GIŇ GERIMI BOÝUNÇA MESELELERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2018-njy ýylyň 7-nji martynda Aşgabat şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň öňdenbaryjy ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we kärhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Mejlise türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow, tatar tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Tatarstan Respublikasynyň Senagat we söwda ministri A.Karimow ýolbaşçylyk etdiler. 

Mejlise gatnaşyjylar onuň başynda iş toparynyň dördünji mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişine baha berdiler we olaryň esasy böleginiň durmuşa geçirilendigini belläp geçdiler.

Mejlisiň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek we çuňlaşdyrmak üçin geljegi uly ugurlar kesgitlendi. Hususan-da Türkmenistan bilen Tatarstan Respublikasynyň arasyndaky eksport-import amallaryny artdyrmagyň we türkmen bazarlaryna getirilýän önümleriň we hyzmatlaryň sanawyny giňeltmegiň, şeýle-hem Tatarstan Respublikasynyň bazarlaryny Türkmenistanyň önümleri bilen üpjün edilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar nebitgaz, senagat, oba hojalygy, saglygy goraýyş we derman senagat ulgamlarynda, daşky gurşawy goramak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň zerurdygyny belläp geçdiler.        

Medeni-ynsanperwer ugry barada aýdylanda taraplar bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça iki ýurduň hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň tarapdarydyklaryny aýtdylar. Hususan hem iki ýurduň Medeniýet günlerini, bilelikde medeni çäreleri, halkara festiwallary geçirmegiň meselelerine seredildi.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar hökümetara toparynyň bäşinji mejlisiniň jemleri boýunça Teswirnama gol çekildi we bu toparyň nobatdaky altynjy mejlisini 2019-njy ýylda Kazan şäherinde geçirmek karar edildi.