img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
KOREÝA RESPUBLIKASY - SEUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ KOREÝA RESPUBLIKASYNDA MEDENIÝET GÜNLERI GEÇIRILER

photo

2023-nji ýylyň 29–31-nji marty aralygynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul hem-de bu ýurduň Yýjoň-bu şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Medeniýet günleriniň çäklerinde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Halkara maslahaty, şeýle hem sergiler we türkmen-koreý medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki dostluk konserti gurnalar. Şeýle-de türkmen filmleri görkeziler.