Seulda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna 25 ýyl” atly tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2016-njy ýylyň 25-nji martynda Seul şäheriniň Halkara Hanýang uniwersitetinde Koreýa Respublikasy bilen Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň senagat ulgamynda hyzmatdaşlygyna bagyşlanyp maslahat geçirildi. Bu maslahatyň işine Merkezi Aziýa döwletleriniň, Russiýa Federasiýasynyň we Ukrainanyň Ilçihanalarynyň wekilleri, Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň professorlary we mugallymlary, Koreýanyň iri kompaniýalarynyň we maliýe-ykdysady edaralarynyň wekilleri, alymlar we bilermenler gatnaşdy.

Maslahatyň çarçuwasynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasynyň Ilçihanasy “Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna 25 ýyl – ýetilen sepgitler we geljekki ösüşiň mümkinçilikleri” atly tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Bu dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň ykdysadyýetde we senagatda ýeten sepgitleri barada gürrüň edildi we Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekligiň mümkinçilikleri ara alny maslahatlaşyldy. Çykyşlarda biziň ýurdumyzda daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin oňyn maýa goýum şertleriniň döredilendigi barada aýdyldy.

 

Maslahata gatnaşyjylarda gyzyklanma döreden tanyşdyrylyş dabarasy Ilçihana tarapyndan 2016-njy ýyly “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýilip yglan edilmegi, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllygyna bagyşlanyp geçirilmeli çäreleriň Maksatnamasyna we Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmek hakyndaky tabşyryklara laýyklykda geçirildi.