KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ ALYMLARY NUSGAWY ŞAHYR MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ÖMRI WE DÖREDIJILIGI BILEN GYZYKLANÝAR
2023-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň gurnamagynda nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny mynasybetli «Magtymguly Pyragy we dünýä gymmatlyklary» atly bilelikdäki türkmen-koreý halkara onlaýn ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi.
Sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatyň işine Koreýanyň Hanýang uniwersitetiniň professorlary Eom Gu Ho we Sejin Juň, Ýewraziýa syýasat institutynyň ýolbaşçysy professor Jaý Nam Ko, Paý Çaý uniwersitetiniň professory Soňwuň Kwak, Çonnam milli uniwersitetiniň mugallymy Kwaň Taý Li, Seul milli uniwersitetiniň mugallymy A Ýouň Çoý, Inha uniwersitetiniň professory Dongki Suň, Hankuk uniwersitetiniň professorlary Ýoňsam Hwaň hem-de Jieun Li, Kukmin uniwersitetiniň professory Jaewon Jeoň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary, şeýle-de iki ýurduň ylmy jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň başynda, öz döwürinde beýik şahyr hökmünde we şol bir wagtda türkmen edebiýatyny dünýä tanatmagy başaran filosof Magtymguly Pyragynyň ömri-döredijiligini diňe bir koreý alymlary däl eýsem, bütindünýä gyzyklanýar diýip, Hanýang uniwersitetiniň Aziýa-Ýuwaş umman gözleg merkeziniň Direktory Eom Gu Ho aýratyn nygtap geçdi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýew çykyş etmek bilen, nusgawy şahyr Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ynsanperwer gatnaşyklaryny ýola goýmakda hoşniýetli wekili bolmak bilen, türkmeniň milli edebiýatyny esaslandyryjysydyr diýip belledi.
Konfrensiýada çykyş edenler Gündogaryň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy, hususan-da, özünden öňki şahyrlaryň we alymlaryň pikirlerini bir ýere jemläp, oňa täze häsiýet beripdir diýip, belläp geçdiler. Şeýle-de nusgawy şahyryň goşgular ýygyndysynyň dünýäniň dürli dilleri bilen birlikde, koreý diline terjime edilmegi türkmeniň taryhyny we edebiýatyny öwrenmekde halkara ylmy jemgyýet üçin uly goldanma bolar diýip, maslahata gatnaşyjylar aýratyn belläp geçdiler.