ŞENSI WELAÝATYNYŇ HALK HÖKÜMETINIŇ GUBERNATORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň çäklerindäki çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Halk hökümetiniň gubernatory Çžao Gan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ileri tutulýan ugurlar boýunça özara gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmek babatynda pikir alyşdylar. 

R.Meredowyň nygtamagyna görä, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklary köp ugurlar, ilkinji nobatda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlar boýunça okgunly ösdürilýär.

Bellenilişi ýaly, iki döwletiň Baştutanlarynyň arasynda işjeň dialogyň alnyp barylmagy türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň tapawutly aýratynlygy bolup durýar we onuň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça meseleleriň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşylýar. 

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň okgunly ösýändigini hem bellediler. Şunuň bilen birlikde, ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk hem dowam etmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleri nygtaldy.

Taraplar energetika pudagynda, ulag, aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar, oba hojalygy, söwda ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ilerletmek babatynda pikir alyşdylar. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde bilim, ylym, sport, syýahatçylyk we medeni gatnaşyklaryň giňeldilmegi we berkidilmegi kesgitlenildi.