Türkmen önümleri Seul şäherinde geçirilen Import harytlaryň sergisinde görkezildi

2023-nji ýylyň 29-njy iýuny – 1-nji iýuly aralygynda Koreýa Respublikasynda geçirilen Import harytlaryň XX serginiň işine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.

Bu abraýly halkara sergi dünýäniň 50 döwletinden 150 iri kompaniýalaryň gatnaşmagynda geçirilen Import harytlaryň sergisinde ýokary hilli türkmen önümleri bilen bilelikde beýleki daşary ýurtlaryň önümleri görkezildi.

Türkmenistanyň milli powilýonynda dünýäniň dürli künjeginden gelen sergä gatnaşyjylar üçin türkmen zenanlarynyň zehininden, yhlasyndan döreýän, gözelligi we kämilligi boýunça deňi-taýy bolmadyk halyçylyk sungaty, ekologiýa taýdan arassa dokma önümleri, nah we ýüpek matalaryň dürli görnüşleri hem-de ýokary hilli egin-eşikler görkezildi.

Dünýä we içerki bazarlarda alyjylaryň uly islegine mynasyp bolan milli önümlerimiz halkara Import harytlaryň sergisine gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.