ŞRI-LANKA DEMOKRATIK SOSIALISTIK RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2018-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tähran şäheri) j-p Mohamed Şariff Anis bilen duşuşyk geçirildi.

Ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul edip, türkmen tarapy geljekde netijeli hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ynam bildirdi we bu ugurda Ilçä ählitaraplaýyn ýardamlary hem-de goldawlary amala aşyrmakda taýýarlygyny bildirdi.

Duşuşygyň çarçuwasynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikirleri alyşdylar we özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslhatlaşdylar. Syýasy-diplomatik özaragatnaşyklaryň oňyn ösüşini belläp, taraplar ýakyn wagtda Aşgabatda geçiriljek syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyrynyň meselelerine garadylar.

Mundan başga-da, taraplaryň esasy ünsi söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmeklige we giňeltmeklige çekildi. Taraplar iki ýurduň eksport-import mümkinçiliklerini bellediler we nebitgaz, himiýa ulgamlarynda, oba hojalyk we dokma senagaty pudaklarynda geljekde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça teklipleri beýan etdiler.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň mümkinçilikleri barada aýdyp, taraplar syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyny bellediler.