TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE RUMYNIÝANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Rumyniýanyň Işewürlik gurşawy, söwda we telekeçilik ministri Ştefan Radu Opreanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk boldy. 

Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we energetiki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekde olary giňeltmegiň mümkinçilikleriň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda dolanşygynyň işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine we eksport-import dolanşygyny artdyrmagyň zerurdygyny belläp geçdiler. Şunlukda ulag geçelgeleriniň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Iki ýurduň ösen ulag infrastrukturasyny belläp, taraplar Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň miltimodal gatnawlary amala aşyrmakdaky ornuny ara alyp maslahatalaşdylar.

Taraplar rumyn kompaniýalarynyň Türkmenistandaky işi babatda gürrüňi açyp, bilelikdäki ykdysady taslamalary döretmekde gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Mundan başga-da, hyzmatdaşlygy geljekde ösdürmegiň ugurlarynyň hatarynda taraplar energetika we nebit tehnologiýalary ulgamlaryny bellediler. Ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegi berkitmekde ynsanperwer gatnaşyklarynyň ähmiýeti babatda aýdyp, taraplar bilim ulgamyndaky işewür gatnaşyklaryny bellediler.