KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTIRLIGINDE GEÇIRILEN DUŞUŞYK BARADA

photo

2023-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary departamentiniň Baş direktory Çoý Teho bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň 31-nji oktýabry - 1-nji noýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Park Çžiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana resmi saparynyň, şeýle hem Aşgabatda geçiriljek «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisiniň we onuň çäklerinde gurnaljak çäreleriň guramaçylyk, mazmuny taýdan, hem-de forumyň gün tertibinden gelip çykýan meselelere garaldy.

Şunuň bilen birlikde, söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň, hususan-da syýasy, söwda-ykdysady, energetika we medeni-gumanitar ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmekligiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.