Seul şäherinde sport çäreleri geçirildi

photo

2018-nji ýylyň 28-nji aprelinde Seul şäherinde sportuň stol üstünde tennis, küşt we şaşka görnüşleri boýunça çäreler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary netijesinde “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň biraýlygy mynasybetli Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan sport çäreleri gurnaldy.

Bu çärelere Koreýa Respublikasynda bilim alýan Türkmenistandan we başga döwletlerden talyplar gatnaşdylar.

Sport çäreleri tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylara ýadygärlik şahadatnamalar gowşuryldy, ýeňijiler bolsa gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Dabaraly çäreler tamamlanandan soňra gatnaşyjylara türkmen milli tagamlar hödür edildi.