Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyndaky çykyşy

Hormatly wekiliýetleriň baştutanlary we agzalary!

Hanymlar we jenaplar!

Ilki bilen, şu foruma çagyrandygy üçin, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti, gadyrly doganym Rejep Taýyp Erdogana minnetdarlyk bildirýärin.

Şeýle hem, bu çäräniň guramaçylaryna şu abraýly forumda çykyş etmäge mümkinçilik döredendikleri üçin hoşallyk bildirýärin. Forumyň ýokary derejede guralandygyny, türk doganlarymyzyň myhmansöýerligini bellemek isleýärin.

Halkara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy biziň öňümizde birnäçe düýpli soraglary goýýar. Özi-de, diňe bir syýasy, ykdysady, hukuk babatda däl-de, eýsem ahlak, adalatlylyk we abraý-mertebe gatnaşyklaryna degişli soraglary hem goýýar.

Häzirki döwürde bu düşünjeler bitewüdir diýip hasap edýärin. Şoňa görä-de, saýlanyp alnan syýasy howpsuzlygy, durnuklylygy hem-de ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin taryhy ornuna, ilatynyň sanyna, jemi içerki önüminiň möçberine, harby mümkinçiligine ýa-da tehnologik derejesine garamazdan, ähli halklary we döwletleri bu işe doly çekmek zerur. 

Häzirki we geljekki dünýä gurluşynyň deňhukukly agzalary hem-de subýektleri bolmaga olaryň kanuny hukuklaryny ykrar etmek gerek. 

Häzirki çylşyrymly döwürde Türkmenistanyň garaýşy berk we aýdyňdyr bu sorag diňe ählumumy tagallalar arkaly, halkara hukugynyň ykrar edilen kadalary we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy esasynda çözülip bilner we çözülmelidir.

Dünýä bileleşiginiň jogapkär agzasy hökmünde Türkmenistan şu maksada ýetmekde öz üstüne borçnamalary alýar. 

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň umumy mejlisinde biziň ýurdumyz bu Guramanyň howandarlygynda ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek hakynda teklip bilen çykyş etdi. Biz muny 21-nji asyrda döwletara we halkara gatnaşyklarynyň gurluşy baradaky garaýyşlaryň hem-de kadalaryň ulgamy we ony gazanmagyň gurallary hökmünde görýäris. 

Eýsem, bu başlangyjy öňe sürmek bilen, Türkmenistan nähili täzelikleri teklip edýär?

Ilki bilen, biz Ählumumy howpsuzlyk strategiýasy diýen düşünjede ösýän ýurtlaryň örän aýdyň täsirli ornuny görýäris. Şol ýurtlaryň syýasy orny we ähmiýeti artýar, bu bolsa, yzygiderli hem-de oňyn ýagdaýdyr. Bu ýagdaý üns berilmegini we Birleşen Milletler Guramasynyň strategik meýilnamalarynda degişli derejede berkidilmegini talap edýär.

Şeýle hem, Türkmenistan ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde sebit guramalarynyň we döwletara birleşikleriniň üsti bilen, özi-de diňe bir syýasy häsiýetli däl-de, eýsem ykdysady, ynsanperwer ugurlar boýunça hem işleri güýçlendirmegi zerur we maksadalaýyk hasaplaýar. 

Bu soragda beýleki ýöriteleşdirilen düzümleriň we institutlaryň hem
pikirlerini diňläp, olary dünýä syýasatynyň esasy soraglaryny çözmäge çekmeli.

Birleşen Milletler Guramasyna ony esaslandyryjylar tarapyndan
goýlan baş wezipesini – ählumumy parahatçylygy, deňhukukly hyzmatdaşlygy we ösüşi üpjün etmekde kömek bermeli. Bu biziň diňe ahlak borjumyz bolman, eýsem jogapkärçiligimiz bilen berk baglydyr.

Häzirki döwürde dünýäde ýüze çykýan töwekgelçiliklere we howplara hakyky we dogry baha bermekdir.

Şonuň ýaly-da, beýleki halkara düzümleriniň we birleşikleriniň
Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny güýçlendirmeli!,
diýip hasaplaýaryn. Ýer ýüzünde parahatçylygy üpjün etmek we dünýä gurluşynyň soraglarynda onuň sebit wekilhanalarynyň hem-de guramalarynyň ornuny we wezipesini ýokarlandyrmaly diýip pikir edýärin.

Bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini peýdalanmak bu wezipeleri ýerine ýetirmegiň esasy guralydyr. 

Ähli gatnaşyjylaryň bähbitlerini göz öňünde tutýan, howpsuz we durnukly ählumumy gurluşy döretmäge gönükdirilen bitewi dialogy ýola goýmak üçin şertleri üpjün etmegiň aýrylmaz bölegidir.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň biragyzdan çözgüdi we sebitiň ähli döwletleriniň goldamagy bilen döredilen ştab-kwartirasy, Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ýerleşýän Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işi muňa aýdyň mysal bolup durýar. Biziň pikirimizçe, bu Merkez bar bolan we bolup biljek gapma-garşylyklary hem-de çylşyrymly ýagdaýlary çözmäge ulgamlaýyn çemeleşmegiň mysaly bolup biler.

Biz bitaraplygyň we onuň kadalarynyň, iş ýüzündäki usullarynyň halkara bileleşiginiň häzirki döwürde ulanýan mümkinçiliklerinden has işjeň hem-de giň bolmalydygyna ynanýarys. 

Bitarap, toparlanyşyklara gatnaşmazlyk hukuk ýagdaýy harby güýji ulanmazlygy we dawalara gatnaşmazlygy göz öňünde tutýar. Şu garaýyşlara näçe köp döwlet eýerse, şeýle çemeleşmäniň tarapdarlary näçe köp bolsa, güýç ulanmak bilen gapma-garşylyklaryň döremek ähtimallygy şonça-da az bolýar. 

Şu soragda bitaraplyk sagdyn we jogapkärli güýçler, döwletler ýa-da ýurtlaryň topary üçin garaýyşlaryň binýady bolup biler. Bu garaýyşlar gapma-garşylykly ýagdaýlary aradan aýyrýar. Ýüze çykýan dawalar nähili kyn hem-de dowamly bolsa-da, olary parahatçylykly usullar bilen, gepleşikler arkaly çözüp boljakdygyny görkezýär.

Şu garaýşa eýermek bilen, Türkmenistan ýakynda Birleşen Milletler Guramasynda Bitaraplygyň dostlary toparyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi. Bu pikire eýýäm onlarça döwlet goşuldy. Munuň oýlanyşykly çözgütdigine ynanýaryn! Bu garaýyş bitaraplygyň giň manyly häsiýetine, parahatçylykly we howpsuz geljegi gurmak üçin mümkinçiliklere düşünmäge esaslanýar. 

Hormatly halkara maslahatyna gatnaşyjylar!

Häzirki dünýä mundan birnäçe onýyllyklardan öňki dünýä meňzemeýär. Ol örän çylşyrymly, köp ölçegli dünýä öwrüldi, onda ençeme ugurdaş meýiller ýüze çykdy. 

Şolaryň biri-de geçiş döwrüniň ykdysadyýeti bolan ýurtlaryň ähmiýetiniň artýandygydyr.

Bu ýurtlar düýpli demografik, ylmy, önümçilik we serişde mümkinçiligine, köplenç bolsa, geografik taýdan kesgitleýji mümkinçilige eýedir. Şu we beýleki şertler sebäpli, olara dünýä ykdysadyýetiniň öňdebaryjylarynyň, syýasy, durmuş, ynsanperwer ösüşi üpjün edijileriň biri hökmünde uly orun degişlidir. Geçiş ykdysadyýetli ýurtlar köp babatda durnukly, ýöne gaýtadan gurmagy talap edýän dünýä gurluşyna itergi bermelidir, täze garaýyşlary we wezipeleri girizmelidir diýip, pikir edýärin!

Gürrüň, ilkinji nobatda, durnukly ösüş maksatlary hakynda barýar. Biziň pikirimizçe, diňe häzirki zaman dünýä gurluşynyň esasy işlerine
geçiş ykdysadyýetiniň doly görnüşde gatnaşmak şertleri üpjün edilende, şu maksada ýetmek mümkindir. Geljegiň ykdysadyýetiniň nusgasy hökmünde bu işlerde gymmatlyklary paýlamaga, olary eltmegiň serişdelerini we ugurlaryny peýdalanmaga uly üns berilmelidir. Täze çemeleşmeleri tapawutlandyrmazdan, syýasylaşdyrma we kemsitmelere ýol berilmeli däldir.

Şunda esasy orun ileri tutulýan iki ugra, ýagny energetikany
utgaşdyrmaga we ulaglaryň baglanyşygyna degişlidir.

Türkmenistan pes uglewodly energetika geçmek arkaly energetiki utgaşmany amala aşyrmaga tarap strategik ugur aldy. Biz bu işde hem şeýle çemeleşmeler gerek diýip hasap edýäris. Munuň özi şu ýol bilen gitmäge çalyşýan döwletler üçin deň we birmeňzeş amatly şertleri kepillendirer. Bu döwletleriň energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary edinmegine şert döreder. Dikeldilýän energiýa çeşmelerini doly ulanmak maksady bilen, öz howa we
geografiýa taýdan artykmaç taraplaryny peýdalanmaga olara mümkinçilik berer.

Häzirki döwür adaty energiýa çeşmeleriniň «ýaşyl» gün tertibine esaslanan täze çeşmeler bilen utgaşdyrylmagyny we sazlaşykly
bolmagyny talap edýär. Bu ugurda biz «ýaşyl diplomatiýa» we dünýäde hyzmatdaşlyk etmegiň şeýle nusgasyny ileri tutmaga aýratyn orun berýäris. Bu nusgalar bilelikdäki jogapkärçilige, korporatiw we toparlaýyn bähbitleri ýeňip geçmäge, umumy bähbitlere we geljege hyzmat etmäge esaslanmalydyr;

Ulag gatnaşyklary bilen bagly mesele boýunça hem Türkmenistan düşnükli we adalatly garaýşy döretmegiň zerurdygyndan ugur alýar.

Bu pudakda hyzmatdaşlyk çalşyp bolmaýan, bar bolanlarynyň üstüni ýetirýän täze ugurlary girizmäge gönükdirilip bilnerdi.

Şunuň bilen baglanyşykly, Türkmenistan Hazar we Gara deňzi sebitleriniň üstünden geçýän, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Aziýa-ýuwaş umman sebitlerini bir bitewi ulag ulgamyna birleşdirýän, ylalaşylan kadalarda we ölçeglerde işleýän Ýewraziýa multimodal ulag we üstaşyr taslamalaryny durmuşa geçirmegiň üstünde işleýär. Elbetde, bu tagallalar düýpli syýasy-diplomatik goldawy, Birleşen Milletler Guramasy derejesinde goldanylmagyny we çözgütleriň kabul edilmegini talap edýär. 

Ine, şu hem ulag durnuklylygy we özara gatnaşyklaryň soraglary boýunça Türkmenistanyň başlangyçlarynda görkezilendir. Bu başlangyçlar bilen biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynda çykyş edýär we biragyzdan goldaw tapýar. Biz agza döwletleri diňe bir goldaw bermek bilen çäklenmän, bu rezolýusiýalaryň düzgünlerini kanunlaşdyrmagy gazanmaga, onda görkezilen täzeçe pikirleri we hyzmatdaşlygyň ugurlaryny iş ýüzünde ulanmakda öňe gitmäge çagyrýarys.

Inklýuziw ulag ulgamynyň döredilmegi halkara söwdanyň, maýa goýum işjeňliginiň artmagyna düýpli ýardam etjekdigi aýdyň görünýär.

Şunuň bilen baglylykda, biz Bütindünýä Söwda Guramasy,
Bütindünýä banky, Halkara Pul Gaznasy, Yslam ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň dikleldiş we ösüş banky, sebit guramalary ýaly halkara maliýe we ykdysady edaralaryna halkara ulag taslamalaryna degerli goldaw bermegi, strategik çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagy teklip edýäris. Türkmenistan bu ugurlar boýunça gepleşikleri geçirmäge açykdyr, milli we halkara taslamalaryny amala aşyrmaga bu guramalaryň gatnaşmagy üçin ähli amatly şertleri döretmäge taýýardyr.

Ynsanperwerlik ölçegi – bu ulag hyzmatdaşlygynda ähmiýeti barha artýan ýene-de bir möhüm ýagdaýdyr. Häzirki zaman dünýäsinde täze desgalaryň, gysga ulag ýollarynyň üstünden adamlaryň ykjam, çalt hereketini artdyrmak mümkin bolýar. Täze ýurtlara baryp görmek ýaly isleglerini kanagatlandyrmak, olara beýleki halklaryň wekilleri bilen gatnaşyk saklamak üçin goşmaça mümkinçilikler açylýar. Bu bolsa, öz gezeginde, ýer ýüzüniň halklarynyň ýakynlaşmagyna we özara düşünişmegine ýardam berýän ynsanperwer gatnaşyklary döretmek üçin gowy itergi berýär.

Umuman, ykdysadyýetiň we durnukly ösüşiň düýpli nusgasyny döretmek boýunça bilelikdäki işlerimiz barada aýdylanda, Türkmenistan ony şu esaslary hökman öz içine alýan geçiş döwri diýip kesgitleýär: 

– döwletleriň ylmy-tehniki ösüşiniň, sanlylaşdyrmagyň we innowasion standartlaryň derejesini deňleşdirmeli;

– ykdysadyýetde, söwdada, ulagda, senagatda, çig maly çykarmakda we gaýtadan işlemekde we beýleki ugurlarda ekologik ölçegler hökman ileri tutulmaly; ilatyň ekologiýa babatda sowatlylygyny, bilimini we aň-düşünjesini artdyrmaly;

– adamlara, aýratyn-da, ýaşlara ykdysady işjeňlige we durmuşa höwesli bolmaga, köpçülikleýin başlangyçlara, döredijilige, täzeçil garaýyşlara şert döretmäge ýardam bermeli;

– dürli pudaklarda halkara derejesinde bilim we tejribe
alşylmagyna ulgamlaýyn, hemişe üns bermeli, ylmy we ýaşlar
diplomatiýasyny höweslendirmeli.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan halkara guramalarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň wezipelerini işjeň alyp barmak zerur hasaplaýar. Hökümetler bilen göni gepleşikleri geçirmekde, halkara hyzmatdaşlyk maksatnamalaryny ornaşdyrmak we öňe sürmek ýaly ugurlarda araçyllyk wezipelerini ýerine ýetirmekde
olaryň mümkinçiliklerini ulanmagyň wajypdygyny belleýär.

Howa gün tertibi barada hem birnäçe söz aýdasym gelýär. Onuň ileri tutulýan ugur bolup galýandygy, häzirki ýüzýyllykda adamzadyň ähli geçiş ýoluny kesgitleýändigi aýdyňdyr. Bu möhüm şertdir. Howa ölçegi arassa tebigy ýagdaýlaryň çäginden daşyna çykýar we döwletleriň ösüşine, halklaryň abadançylygyna, azyk howpsuzlygyna, suwa we arassa howa, durmuş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine, tutuş sebitleriň we kontinentleriň dünýäni duýşuna täsir edýär. 

Şeýle hem, olaryň arzan çig malyň we işçi güýjüniň çeşmesi hökmünde ýa-da deňhukukly we ähmiýetli hyzmatdaş, ylmy-tehniki ösüşlere gatnaşyjy, häzirki dünýäniň ýagşylyklaryny we miwelerini adalatly paýlaýjy hökmünde öz borjuna düşünmegine uly täsiri bar.

Şunuň bilen birlikde, howa gün tertibi häzirki döwürde ählumumy howpsuzlygyň we bilelikde parahat ýaşamagyň aýgytlaýjy nyşany hökmünde öňe sürülýär. Türkmenistan howpsuzlygy üpjün etmäge düýpli çemeleşmegiň düzüm böleginiň bir binýady hökmünde howa soragyna ulgamlaýyn seretmegiň, köptaraplaýyn gözegçilik usulyny döretmegiň hem-de howa, ekologik we tehnogen weýrançylyklaryň täsirini azaltmagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Şol sanda, ýer ýüzüniň dürli sebitlerinde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen merkezlerini döretmek arkaly bu soraglaryň çözülmegi möhümdir. 

Biziň ýurdumyzyň Merkezi Aziýada howa ölçegleri bilen bagly Birleşen Milletler Guramasynyň tehnologiýa boýunça Sebit merkeziniň döredilmegi barada indi birnäçe ýyl bäri çykyş edýändigini aýtmak isleýärin. Bu başlangyjymyzyň bütindünýä guramasynda, halkara hyzmatdaşlarymyzda goldaw tapjakdygyna ynam bildirýärin.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Öz çykyşymyň başynda men ahlaklylyk, adalatlylyk we mertebe hakynda aýdypdym. Bu kadalar, meniň pikirimçe, halkara gatnaşyklaryny ynsanperwerlik esasda ösdürmek adamlar hakda gündelik aladanyň zerurlygy bolup durýar.

Häzirki zaman diplomatiýasy şu manyda uly ynsanperwerlik ugruna eýe bolmalydyr. Öz üstüne şahsyýetara gatnaşyklary, ýaşlaryň, çagalaryň hyzmatdaşlygyny, zenanlar guramalarynyň ugry boýunça özara gatnaşyklary, parlamentara, medeni, sport hyzmatdaşlygyny sazlaýjynyň wezipesini almalydyr. 

Häzirki wagtda bu ugurlar aýratyn ähmiýete eýedir. Olar syýasy düşünişmezligiň, halkara işlerinde özara ynanyşmazlygyň derejesini peseltmäge ýardam edýär. 

Diplomatiýanyň wezipesi, onuň manysy gepleşikleri geçirmekdir,
ylalaşygy gözlemekdir, özara hyzmatdaşlygyň berk köprüsini gurmakdyr. Türkmenistanyň tagallalaryşu ugurlara gönükdirilendir.

Hormatly adamlar!

Biz Bitaraplygymyzy, toplan ylalaşdyryjylyk tejribämizi parahatçylygyň we adamzadyň sazlaşykly ösüşiniň bähbidine öz goşandymyzy goşmaga gönükdirmek üçin hemişe taýýardyrys.