Seulda Koreýa Respublikasynyň Işgärleri dolandyrmak boýunça ministriniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri bilen duşuşygy geçirildi

img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi Begenç Durdiýew Koreýa Respublikasynyň Işgärleri dolandyrmak boýunça Ministri Kim Seong Ho bilen bu ýurtda akkreditlenen Merkezi Aziýa döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyga gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda işgärleri dolandyrmak we adam resurslaryny ösdürmek babatynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda özara gatnaşyklary ösdürmek hem-de tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.